16-njy sentýabrda Lebap welaýatynda we Aşgabat şäheriniň käbir etraplarynda 4 sagatlap internet bökdençsiz işledi. Bu ýagdaý VPN-leri ulanmazdan ýurduň çäginde petiklenen sosial ulgamlary, mesenjerleri ulanmak we petiklenen alternatiw habar beriş serişdeleriniň web sahypalaryna girmek mümkinçiligini döretdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň habaryna görä, duşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 21:00 töweregi, "Türkmentelekom" aragatnaşyk kärhanasynyň prowaýder hyzmatlaryndan peýdalanýan internet ulanyjylary internete bökdençsiz girip bolýandygyny, öň petikli duran saýtlaryň we sosial ulgamlaryň päsgelçiliksiz açylýandygyny bilip galypdyr. Bu duýdansyz mümkinçilik 4 sagatlap dowam edipdir.
“Telegram we WhatsApp vpn-siz işläp dur. Hatda daşary ýurtdaky garyndaşyma WhatsApp-dan wideo kamera arkaly jaň edip gürleşip bildim” diýip, aşgabatly çeşme 16-njy sentýabrda gürrüň berdi.
Lebaply çeşmeleriň habar bermegine görä, bökdençsiz internet diňe Türkmenabat we oňa ýakyn etrap ýaşaýjylaryna elýeterli bolupdyr, welaýatyň Köýtendag, Darganata, Seýdi ýaly etraplarynda internet öňküsi ýaly petikli galypdyr ýa-da açylan hem bolsa örän haýal işläpdir.
“Öňküsi, ýaly, ähli zat üçin vpn gerek. Käbir goňşylarymyzda bökdençsiz internet işläp dur. Emma tizligi pes” diýip, etrap ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Emma gysga wagtlyk internet elýeterliliginiň diňe "Türkmentelekomyň" internetine degişli bolandygyny çeşmeler belleýärler. Aşgabatly VPN guraýjy ussalaryň sözlerine görä, paýtagtda AGTS, ýagny Aşgabadyň telefon ulgamynyň internet hyzmatlaryndan peýdalanýan ulanyjylar bökdençsiz internetden ulanmak mümkinçiligini duýmandyr.
“Biz Aşgabadyň telefon ulgamynyň internetinden peýdalanýarys. Bizde ähli zat öňküsi ýaly diňe anonimaýzerleriň kömegi bilen işläp dur” diýip, aşgabatly ussa gürrüň berdi.
Hökümetiň berk gözegçiligindäki ýurtda internetiň gysga wagtlyk bolsa-da, birden böwetsiz işlemeginiň resmi sebäplerini anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň "Türkmentelekomyň" wekillerinden teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.
Ýurtda internetiň ulanyjylara birden päsgelçiliksiz elýeterli bolmagy bilen bagly ýagdaý soňky aýlarda ýüze çykypdy. Awgustda Mary welaýatynda internet birden böwetsiz işläp başlapdy. Habarçylaryň awgustyň başynda beren maglumatyna görä, birnäçe sagatlap petiksiz işlän internet soň birden ýene böwetlenipdir.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde we onuň golaýyndaky etraplarda duşenbe güni gysga wagt aralygynda internet torundan bökdençsiz ulanmak mümkinçiliginiň birden döremegi ýerli ýaşaýjylaryň arasynda dürli pikirleri döretdi.
Azatlyk bilen gürleşen türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri: “Biziň hökümetimiz, aklyna geldimikä? VPN gözlemek azabyndan dyndykmyka?” diýip, pikirini paýlaşan bolsa, çärjewli ýaşaýjy “Internetiň tizligi haýal bolsa-da, bökdenç bolmasyn. Özbegistandada internetiň tizligi pes, ýöne ähli zat bökdençsiz işleýär” diýdi.
Internet bökdençligi duýdansyz aýrylyşy ýaly duýdansyz hem ýapylypdyr.
Lebaply etrap ýaşaýjysy şeýle gürrüň berdi: "Iki sagat ýaly, Youtube girip halaýan serialymy gördüm. Türkmenistanda döredilen 'horjun TV' programmasynda hem ol ýok. Iki sagatdan soň internet haýallap başlady we gije sagat 00:00 töweregi doly ähli zatlar ýene-de petiklendi”.
Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenabatlylaryň habar bermegine görä, internetiň bökdençsiz işlän dört sagadynyň dowamynda ýurduň çäginde petiklenen alternatiw habar beriş serişdeleriň web sahypalary hem wagtlaýyn işläpdir.
VPN guraýjy ussalaryň biri duýdansyz internet petekleriniň ýatyrylmagyna tehniki näsazlyklaryň sebäp bolmagynyň mümkindigini çak edýär, emma ol ýörite maksatlaryň bolmagynyň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar.
“Kiberhopwsuzlyk bölümi interneti açyp, ýurduň çäginde petiklenen messenjerleri, sosial ulgamlary ulanýan we petiklenen oppozision saýtlara girýän adamlaryň sanyny bilmäge çalyşýan bolmagy mümkin. Internet ulanyjy, howpsuz vpn ulanan ýagdaýynda, kiberhowpsuzlyk bölümi we prowaýder ulanyjynyň diňe vpn ulanýanlygyny görüp bilýär, emma, haýsy web sahypalara girýänligini we haýyş sosial ulgamlardan peýdalanýanlygyny görüp bilmeýär" diýip, VPN ussasy aýdýar.
Türkmenistanda IMO-dan başga sosial ulgamlaryň tas ählisine VPN-siz girip bolmaýar, garaşsyz habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary ýyllarboýy petiklenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum