Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durowyň tussag edilmeginden soň, Telegram ÝB-niň kanunçylygyny bozmandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durowyň Fransiýada tussag edilmeginiň yzy bilen, onlaýn habarlaşma hyzmatyny hödürleýän kompaniýa Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygy esasynda iş alyp barandygyny we munuň bilen bagly hiç bir düzgünleri bozmandygyny aýtdy.

Durow 24-nji awgustda Azerbaýjandan Fransiýanyň Le Bourget aeroportyna gonan pursady saklanypdy. Bu Telegramda ýeterlik moderasiýanyň ýola goýulmazlygy, şeýle-de neşe gaçakçylygy we beýleki jenaýatlar bilen baglanyşykly kanun goraýjylar bilen hyzmatdaşlyk etmezligi ýaly deslapky derňewe esaslanýar.

“Platformadan hyýanatçylykly ulanylýandygy boýunça platformanyň ýa-da onuň eýesiniň jogapkärdigini aýtmak absurd bir zatdyr” diýip, Telegram belledi.

25-nji awgustda Fransiýanyň adalat resmileri Durowyň tussaglyk möhletini uzaltdylar.

XS
SM
MD
LG