Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda benzin her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy


Türkmenistanyň iri ýangyç desgalaryna we baý energetika ätiýaçlyklaryna garamazdan, ýurt raýatlary soňky wagtlarda benzin gytçylygyny başdan geçirýär.
Türkmenistanyň iri ýangyç desgalaryna we baý energetika ätiýaçlyklaryna garamazdan, ýurt raýatlary soňky wagtlarda benzin gytçylygyny başdan geçirýär.

Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Hojambaz we Dänew etraplarynda awtoulag benzini adam başyna 10 litr möçberde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy diýip, birnäçe sebit ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy 24-nji iýulda sebitiň birnäçe etrabynda we şäherlerinde benzin gytçylygynyň ýitileşendigini habar berdi. Ýangyjyň çäklendirilen görnüşde satylyp başlanmagy baradaky habarlar sebitde benzin gytçylygynyň ýitileşmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

“Türkmenabat şäherinde A95 we A92 görnüşli benzin ýok, etraplarda bolsa adam başyna 10 litr benzin berilýär. Bu ýagdaý bir hepde bäri dowam edýär. Şäherliler Çärjewe we Dänewe benzin satyn almak üçin gelýärler. Bu hili gytçylygy öň görmändim” diýip, bir çärjewli ýaşaýjy aýdýar.

Ýangyç gytçylygy sebitiň käbir etraplarynda, şeýle-de Türkmenabat, Kerki, Seýdi we Farap şäherlerinde ýitileşipdi. Tebigy serişdelere baý Türkmenistanda benziniň paýok ýaly çäklendirilen görnüşde satylyp başlanmagy ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

“Ekin meýdanyna adatça motorda gatnardym, indi eşek arabasyna geçmeli boldum” diýip, saýatly bir daýhan aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we şaýatlar sebitden Özbegistana we Owganystana ýangyç daşaýan ýük ulaglarynyň gümrük geçelgelerinden ýeňilleşdirilen formada geçirilýändigini aýdýarlar.

Biraz öň, “Ymamnazar” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadyndan Owganystana ýangyç alyp barýan ýük ulaglarynyň gümrük barlaglaryndan nobatsyz we ýeňilleşdirilen formada geçirilýändigi mälim bolupdy.

Özbegistana ýangyç daşaýan ýük ulaglary hem birmeňzeş ýeňilliklerden peýdalanýarlar diýip, çeşmeler aýtdy.

Gündogar sebitde benzin gytçylygy dowam edýän mahaly, Türkmenistan nebit önümleriniň eksportyny artdyrýar.

Türkmenistanyň birža maglumatlaryna görä, daşary ýurtly, şol sanda owganystanly işewürler nebithimiýa önümlerini, awtoulag ýangyjyny has köp satyn alýarlar.

Türkmenistan geçen ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça hem nebit önümleriniň eksportyny artdyrdy.

Bileleşigiň “Eurostat” statistika edarasyndaky bir çeşmäniň Azerbaýjanyň “Trend” neşirine aýtmagyna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylda bahasy 1 milliard 50 million ýewro möçberinde nebit önümlerini Ýewropa Bileleşigine eksport etdi.

Nebit önümleriniň göwrümi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende üç esse ýokary boldy. Bäş ýyl ozal Türkmenistan Bileleşige 334 million ýewro çemesi nebit önümlerini eksport edipdir.

Şu ýylyň ýanwar-mart aralygynda Türkmenistan bu ugur boýunça bahasy 107,2 million ýewro möçberinde ýangyç önümlerini eksport edipdir.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky ýyllarda benzin gytçylygy has köp duýulýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde ýüze çykýan gytçylyk barada habar berýärler.

Soňky sapar iýulyň birinji hepdesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, iýunyň aýynyň ahyrlarynda bolsa, Mary hem-de Lebap welaýatlarynda awtoulag benzininiň gytçylygy emele geldi.

Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde hem ýurduň iri energetika desgalarynyň biri bolan nebiti gaýtadan işleýän zawod ýerleşýär. Bu kärhanalarda beýleki käbir nebit önümleri bilen bir hatarda awtoulag benzininiň A80, A92 we A95 görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän we 2019-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berlen tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda EKO93 görnüşli sintetiki benzin öndürilýär.

Türkmenistanyň iri ýangyç desgalaryna we baý energetika ätiýaçlyklaryna garamazdan, ýurt raýatlary soňky wagtlarda benzin gytçylygyny mahal-mahal başdan geçirip başladylar.

Türkmenistan öz ilatyna iň arzan bahadan awtoulag ýangyjyny hödürlemekde hem dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda galýar. Bu ýurtda benziniň A95 görnüşiniň bir litri içerki sarp edijilere 1,5 manatdan satylýar. GlobalPetrolPrices.com neşirine görä, benziniň bu görnüşiniň dünýädäki ortaça bahasy 4 manat 63 teňňe. Türkmenistan benziniň bahasynyň arzançylygy boýunça dünýäde sekizinji orunda gelýär. Bu sanawda iň öňdäki ýurtlar Eýran, Liwiýa we Wenesuella hökmünde hasaba alnypdyr. Degişli ýurtlarda benziniň bir litri orta hasap bilen 10 teňňeden satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG