Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda kafe-barlaryň işi wagtlaýyn çäklendirilýär


Türkmenabadyň kafeleriniň birinde talyp gyzlar nahar iýýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenabadyň kafeleriniň birinde talyp gyzlar nahar iýýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenabat şäherinde polisiýa işgärleri kafe-barlara aýlanyp, olaryň işine wagtlaýyn çäklendirme girizýärler. Olar munuň sebäbini “uçurym şagalaňlarynyň öňüni almak” tagallalary bilen düşündirýärler. Bu barada şäherdäki kafe-barlaryň birnäçesiniň eýesi we ýolbaşçysy Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“24-nji maýda şäher polisiýa bölüminiň işgärleri kafe-barlara ýekeme-ýeke aýlanyp, 24-27-nji maý wagt aralygynda işlemekligiň gadagan edilýändigi barada dil üsti bilen görkezme berýärler” diýip, bir kafeniň ýolbaşçysy anonim şertde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, polisiýa şol günlerde açyk bolan kafedir barlara “pul jerimesiniň salynjakdygyny, olaryň eýeleriniň jogapkärçilik çekjekdigini” hem duýdurýar.

Maglumatlary şäher polisiýa bölümindäki çeşmämiz hem tassyklap, çäreleriň mekdeplerde okuw ýylynyň soňky gününde, ýagny 25-nji maýda we ondan soňky günlerde uçurymlaryň oturyşlyklarynyň öňüni almaga gönükdirilendigini hem aýtdy.

“Merkez islendik meseläni diňe gadaganlyk girizmek bilen çözmäge çalyşýar. Bahanasy -ölüm ýitim bolmasyn, gyzlar zorlanmasyn. Biz diňe buýrugy ýerine ýetirýäris. Sistema garşy gidip bolmaýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Şol bir wagtda, ol bu çäklendirmäniň MHM-de, polisiýada we prokuraturada işleýän "ýokary derejeli howandarlary" bolan kafelere degişli däldigini hem nygtady.

“Bu aýratynlykdan peýdalanýan birnäçe kafe-bar heniz-de işini dowam etdirýär. Jennetde jaýyň bolandan, ýokarda howandaryň bolsun” diýip, polisiýa işgäri belledi.

Ol “soňky jaň” dabaralarynyň bellenilýän günleri geçýänçä, ýetginjeklere alkogol bilen bilelikde içilende, güýçli psihotropik täsiri bolýan dermanlaryň satylmaly däldigi barada şäheriň dermanhanalaryna hem duýduryş berlendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmenabatly ene-atalaryň we okuwçylaryň ençemesi çäklendirmelere garamazdan, uçurymlaryň “soňky jaň” oturyşlyklaryny şagalaňly bellemegiň ýollaryny tapýandygyny aýdýar.

“Obada ýa-da daçada öýi bolan synpdaşlarymyzyň öýünde, ýa-da ‘arkasy güýçli’ bolan kafelerde baýramçylygy bellemekçi. Käbir mekdepler bir eýýäm bellediler, garaz her zat edip gün görýäris. 41, 28 we 39 ýaly mekdeplerde okaýan gurply maşgalalaryň çagalary toý mekanlarynda belleýärler” diýip, şäheriň 3-nji mekdebiniň okuwçysy anonim şertde gürrüň berdi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Turkmen.news” Maryda kafeleriň işgärlerine we taksi sürüjilerine uçurymlara hyzmat etmegiň wagtlaýyn gadagan edilendigini habar berýär.

Neşir gadagançylygyň üç günläp – 24-25-26-njy maý aralygynda – dowam etjekdigini we bu barada kafeleriň ýolbaşçylarynyň ýörite hata gol goýmaly bolandygyny belleýär.

“Polisiýa bu gadaganlygy bozanlara 50 müň manat jerime salynjakdygy we ygtyýarnamalarynyň elinden alynjakdygy bilen haýbat atdy” diýip, neşir 24-nji maýda çap eden habarynda aýdýar.

Azatlyk bu barada Lebabyň we Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim we Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.

17-nji maýda Balkandaky habarçylarymyz häkimiýet wekilleriniň garbanyşhanalara, kafelere we restoranlara aýlanyp, olaryň eýelerine okuwçylaryň bu ýerlerde oturyşlyk gurnamagyna rugsat bermezlik barada duýduryş hatyny paýlaýandygyny habar beripdi.

Soňky ýyllarda häkimiýetler “soňky jaň” dabaralaryny çäkli görnüşde guramalaşdyrmak, oturyşlyklaryň öňüni almak boýunça güýçli depginde çäre görýärler. Olar bu tagallalaryna resmi derejede düşündiriş bermeýärler.

Bilim ýolbaşçylary ene-atalara dilden berýän maglumatlarynda çäreleriň sebäbini “mümkin bidüzgünçilikleriň, jenaýatlaryň öňüni almak tagallalary” bilen düşündirýärler.

Emma ene-atalaryň ençemesi bu gadagançylyklara garamazdan, uçurymlaryň aglabasynyň oturyşlyklary gurnaýandygyny, käte olarda ýaşlaryň özara ýakalaşmagy ýaly wakalaryň bolýandygyny aýdýar.

Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG