Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň täze halkara ugurlarynyň birnäçesini açandygyny, munuň syýahatçylygyň ösmegine uly goşant goşjakdygyny aýdýarlar.
Emma türkmen awiakompaniýasynyň hünärmenleri munuň Türkmenistana gelýän ýa-da gidýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga däl-de, daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň serhedinden, ýurduň çägine girizmezden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar.
“Täze açylan halkara ugurlarynyň esasy maksady daşary ýurt syýahatçylaryny Aziýadan Ýewropa we Ýewropadan Aziýa geçirmek üçin niýetlenendir. Mysal üçin, Deli-Aşgabat uçary Aşgabadyň aeroportuna hepdäniň üçünji güni sagat 10:35-de gonýar we şol güni sagat 12:30-da Aşgabat-London uçary Aşgabadyň aeroportundan Londona uçýar. Her hepdäniň üçünji we altynjy günleri Aziýa ýurtlaryndan Aşgabada reýsler gurnaldy we bularda gelýän ýolagçylar üçin Milana, Londona, Frankfurta tranzit reýsler goýuldy” diýip, awiakompaniýanyň hünärmeni anonim şertde aýtdy.
Ol türkmen häkimiýetleriniň bu ugurlary ýola goýmagynyň arkasynda diňe daşary ýurtly raýatlaryň Ýewropa we Aziýa aşmagy üçin tranzit zolagy döretmegiň ýatandygyny hem belleýär.
“Aşgabadyň aeroportyna gelen daşary ýurtly tranzit ýolagçylardan türkmen wizasy talap edilmeýär. Olar türkmen awiakompaniýasynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Emma iş ýüzünde daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistanyň çägine girizilmeýär, ýurduň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynda ösüş duýulmaýar” diýip, başga bir hünärmen belledi.
Soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda türkmen awiakompaniýasy Jidda, Milan, Hoşimin, Kuala-Lumpur ýaly şäherelere täze uçar reýsleriniň ýola goýlandygyny yglan etdi.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bulary “ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde” häsiýetlendirip, täze ugurlaryň ýurda gelýän daşary ýurt syýahatçylarynyň sanyny artdyrjakdygyny tekrarlaýarlar.
Mundan başga-da, häkimiýetler bu ugurlaryň türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahat etmek mümkinçiliklerini hem giňeltjekdigini belleýärler.
Türkmen awiakompaniýasynyň hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, täze halkara ugurlar adaty türkmen raýatlarynyň köpüsi üçin hem elýetersiz bolmagynda galýar. Olar munuň esasy sebäpleriniň birini biletleriň bahalarynyň ýurtdaky ortaça zähmet hakynyň tas iki essesine barabardygy bilen düşündirýärler.
“Biometriki pasportlary almakdaky uly bökdençlikler, raýatlara milli manady daşary ýurt walýutasyna erkin çalyşmaklaryna ýol berilmezligi, türkmen banklary tarapyndan berlen VISA we MasterCard pul kartlarynyň kadaly işlemezligi we ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy adaty türkmen raýatlary üçin bu reýsleriň "arzuw hyýal" bolmagyna getirýär” diýip, ol belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada "Türkmenistan" awiakompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.
Özüni Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyrýan Türkmenistan dünýäde iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hasaplanýar. Hatda, türkmen hökümeti Eýrandan, Owganystandan syýahata gelmek isleýän etniki türkmenleriň, soňky ýyllarda daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň hem türkmen wizasyny almagyny aşa çylşyrymlaşdyrmakda tankyt edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda halka hödürlän saýlaw programmasynda beýlekiler bilen bir hatarda, syýahatçylygy ösdürmek ýaly wadalary öňe sürdi.
Emma ýerli synçylar we syýahatçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri soňky iki ýylyň dowamynda hiç zadyň üýtgemändigini, gaýtam has-da çylşyrymlaşandygyny aýdyp, bu wadalaryň diňe “arzuwlygyna” galýandygyny belleýärler.
“Türkmen režimi üzňelik we ýapyklyk syýasatyndan el çekmese, halkara ugurlary mundan-da köp ýola goýulsa-da, Türkmenistanda syýahatçylyk ösmez” diýip, syýahatçylyk kärhanasynyň hünärmeni anonim şertde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum