27-nji martda Aşgabatda syýahatçylyk barada halkara maslahat geçirilip, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” ara alnyp maslahatlaşyldy, emma ýerli hünärmenler ýurtdaky ulag, aragatnaşyk infrastrukturasynyň gözden salnandygyny, häkimiýetleriň 'üzňelik we ýapyklyk syýasatyndan el çekmeýändigini' aýdyp, bu ýagdaýda syýahatçylygyň diňe arzuw bolup galjakdygyny öňe sürýärler. Mundan öň Azatlygyň habarçylary ýurduň otly, awtobus, taksi gatnawlarynda saklanyp galýan uly meseleler barada hem habar beripdiler.
Ýurduň iň esasy syýahatçylyk merkezleri bolan Awaza, Köneürgenç, Köýtendag, Derwezedäki açyk gaz ýatagyna baryp görjek adamlaryň kösençlikleri paýtagtda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilýän günlerinde hem saklanyp galýar, ýagdaýyň gowulaşmagynyň hiç bir alamaty görünmeýär diýip, Azatlygyň habaçysy habar berýär.
Onuň tassyklamagyna görä, ýurtda syýahatçylyk üçin zerur bolan ulag, aragatnaşyk infrastrukturasy ‘iki aýagy bilen agsaýar’.
Şu günki günde içerki syýahat ugurlary (zyýaratçylyk, kurort-şypahana, deňiz, dag, çöl) boýunça welaýatlar arasynda ulag we aragatnaşyk ugurlary tasdan ýok; Awazadan, Aşgabatdan beýleki syýahatçylyk nokatlarynda myhmanhanalar, dynç alyş ýerleri, ulaglara hyzmat ediş nokatlary we beýleki iň bir gerekli düzümler döredilmeýär diýip, ýerli hünärmen Azatlygyň habarçyna aýtdy.
“Awazada, Aşgabatda gurlan kaşaň myhmanlardan otag almak üçin diňe özün baryp, boş otaglarynyň bardygyny sorap bolýar, emma parasyz hiç bir myhmanada boş ýer tapdyranok. Döwlet propagandasynda sanly ulgamyň ösüşi hakynda edilýän gürrüňler boş, ýurduň hiç bir myhmanhanasy we dynç alyş nokady, bütin dünýäde meşhur bolan “Booking” ýaly, öňünden ýer saýlamak we bron etmek hyzmatlaryny hödürleýän sanly ulgama birikdirilmedi” diýip, hünärmen habarçy bilen eden anonim söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Ýurduň içerki syýahatçylaryny kanagatlandyrjak şertleriň döredilmedik ýerinde daşary ýurtly syýahatçylary kanagatlandyrjak şertler hakynda gürrüň etmek kyn diýip, Azatlygyň aýratynlykda gürleşen başga bir söhbetdeşi türkmen häkimiýetleriniň bu meselede goňşy Özbegistandan hem köp zat öwrenip biljekdigini belledi.
Emma Türkmenistan, görnüşinden, Eýran, Owganystan ýaly, şeýle-de öňki sowet respublikalary ýaly, goňşy ýurtlardan geljek syýahatçylaryň hem köpüsiniň öňüni baglamagyny dowam etdirýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen özbek hünärmeniniň aýtmagyna görä, geçen ýyl Türkmenistana syýahat etjek bolup, olaryň firmasyna ýüz tutan özbek raýatlarynyň 94%-ine wiza berilmändir.
“Biziň firmamyza Türkmenistana syýahat etmek üçin ýüz tutan özbegistanlylaryň 6%-ne wiza berildi. Olaryň köpüsi 10-günlük wiza üçin 80 dollar töledi, 15 dollary bolsa konsullyk ýygymlary üçin bermeli boldy, jemi 95 dollar bolýar. Mundan başga, konsulhanada resminamalary wagtynda taýýarlap bereniň hyzmat hakyny (para), firmanyň öz hyzmat hakyny bermeli. Bular jemi 300 dollara ýakyn pul bolýar. Bu özbek raýatlary üçin gaty uly harajat bolansoň, Türkmenistana syýahat etjek köpelmeýär” diýip, özbegistanly hünärmen aýtdy.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe hünärmeniň pikirine görä, Türkmenistandaky syýahatçylygyň ösmezligi ozaly “türkmen režiminiň üzňelik we ýapyklyk syýasatyndan el çekmezligi” bilen bagly.
“Hut şol üzňelik we ýapyklyk ýurduň ähli pudagyny, ugurlaryny, syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti, syýahatçylygy, bilimi "gara girdaba" saldy. ...Türkmenistanda halkara Viza, MasterCard pul kartlary işlänok, daşary ýurtlar bilen onlaýn banking hyzmatlary ýola goýulmady, "Türkmenistan" awia kompaniýasynyň biletlerini onlaýnda Viza, Mastercard kartlary bilen töläp, satyn alyp bolanok, Internet ulgamy doly diýen ýaly petiklengi, daşary ýurtly syýahatçylar üçin elektron wiza ýa-da gysga möhletli saparlar üçin wizasyz giriş-çykyş režimi döredilmedi, daşary ýurtly syýahatçylary ýönekeýleşdirilen tertipde myhmanada bellige alyş hyzmaty döredilmedi” diýip, ýerli hünärmen Azatlyga aýtdy.
Şu aralykda, lebaply migrasiýa işgäriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, migrasiýa gullugyna 25-nji martdan başlap daşary ýurtlara, hususan-da Russiýa we Türkiýä uçýan raýatlaryň sanyny azaltmak boýunça “ýokardan görkezme” berildi. Bu görkezmäniň daşary ýurtlara gitjek raýatlaryň howpsuzlygy baradaky alada bilen düşündirilýändigini aýdylýar.
Resmi maglumata görä, Serdar Berdimuhamedow 27-nji martda Aşgabatda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul edip, hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň entek doly ulanylmaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan sebitde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri bolup, hatda Eýrandan, Owganystandan syýahata gelmek isleýän etniki türkmenleriň, soňky ýyllarda daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň hem türkmen wizasyny almagyny aşa çylşyrymlaşdyrmakda tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly g
Forum