Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär


Balkanly pensionerler bank kartlaryndaky pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilmän kösenýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Balkanly pensionerler bank kartlaryndaky pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilmän kösenýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde tapgyr altynjy gün töleg terminallary işlemeýär. Bankomatlarda nagt pul hem tapdyrmaýan mahaly, ilat, hususan-da, pensionerler bank kartlaryndaky maliýe serişdesinden peýdalanyp, söwda etmekde kynçylyk çekýär. Bu ýagdaý, 100-e golaý pensioneriň banklaryň öňüne baryp, nägilelik bildirmegine sebäp boldy. Ýöne pensionerleriň protesti oňyn netije bermedi.

“Geçen hepdäniň çarşenbe gününden bäri, ýagny 31-nji ýanwardan bäri söwda nokatlarynyň tas ählisinde töleg terminallary işlemeýär. Adamlar plastik bank kartlaryna ne derman, ne-de azyk satyn alyp bilýärler. Hat-da WiFi töleglerini hem diňe nagt kabul edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Häkimiýetler töleg terminallaryndaky bökdençligiň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne “Daýhanbankyň” sebitdäki şahamçasynyň bir işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, bökdençlik merkezden, ýagny paýtagt Aşgabatdan döräpdir.

“Merkezi bank we 'Türkmenaragatnaşyk' bilelikde işeleşip, bu meseläni çözmäge howlukýar” diýip, bank işgäri belledi.

Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Habarçymyz töleg terminallary işlemeýän mahaly, şäheriň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemanyň hem saklanyp galýandygyny aýdýar. Ol bu iki bökdençligiň birleşip, ilatyň gününi has-da kynlaşdyrýandygyny belleýär.

Hususan-da, pensionerler bank kartlaryndaky pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilmeýän mahaly, zerur bolan azyk önümlerini we dermanlary satyn alyp bilmän kösenýärler.

Bu ýagdaý, 2-nji fewralda 100-e golaý pensioneriň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň we “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň öňüne baryp, nägilelik bildirmegine sebäp boldy.

“Pensionerler uly dawa turuzdylar. Olar ‘Biz 40 ýyl mugallym bolup işläp, bize berýän pensiýaňyz 600-900 manatdan geçmeýär. Bu pul bir guty derman almaga hem ýetmeýär. Ýokardaky ýolbaşçylaryň çagalary her gün gijeki klublara 2-3 müň manat pul sowýarlar. Bize bolsa, 1 müň manada ýetmeýän pensiýamyzy hem bermeýärsiňiz’ diýdiler. Her aý bir problema oýlap tapýarsyňyz. Halk näme iýmeli? Nädip ýaşamaly? Ne kartdaky puly nagtlaşdyryp bolýar, ne-de kartdan söwda edip bolýar. Halk nädip ýaşamaly pikir edýäňizmi ýa-da pul ogurlasak boldy diýip, gezip ýörsüňizmi?’ diýip, pensionerleriň ýene biri aýtdy” diýip, waka şaýat bolan balkanly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Bank resmileri ýaşulularyň gozgalaňyndan gorkup, olara agşam sagat 6-dan soňra Balkanabatdan nagt puluň geljekdigini aýtdylar we pensiýa haklaryny şondan soňra nagtlaşdyryp bermegi wada berdiler.

“Bank resmisi pensionerlere ‘haýyş beýtmäň, bizem ertir siz ýaly pensioner bolmaly, sizi kösäp bolmaz, size pul bermän, ýekeje işgär-de öýüne gitmez, size söz berýärin’ diýdi. Ýöne bank resmileriniň wadasy puja çykdy. Banklara sagat 6-dan soňra-da pul gelmedi. Pensionerler pasportlary we plastik kartlary bilen bank howlusynda garaşyp galdylar” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk waka bilen bagly “Daýhanbankdan” we “Türkmenbaşy” bankdan telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, 1-nji fewraldaky ýagdaýlara laýyklykda ýurtda jemi 40 müň 962 sany, şol sanda Balkanyň söwda nokatlarynda 5 müň 451 sany POS terminaly ornaşdyrylypdyr.

Ýöne habarçylarymyz ýurtda töleg terminallarynyň köp ýerde ýetmezçilik edýändigi we olaryň kadaly işlemeýändigi barada yzygiderli habar berip gelýärler. Olar muňa käte bu terminallaryň işledilmezliginiň, käte-de Internet üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu habarlaryň arasynda, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi hem saklanyp galýar we bu problema wagtal-wagtal has-da ýitileşýär.

Soňky sekiz ýyl bäri Türkmenistan zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalary raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Raýatlar kartlaryndaky pullary diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärler ýa-da olardan nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler.

Häkimiýetler munuň sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar. Ýöne türkmen häkimiýetleri we mediasy bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we töleg terminallarynyň kadaly işlemezligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG