Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy


Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Baýramçylyklardan soňky hepde Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary ýakymsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Täze ýylyň ilkinji hepdesinde şäherde hususy awtoulaglaryň bölekleriniň we içindäki zatlaryň talanmagy, şeýle-de dükanlarda harytlaryň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň ençemesi boldy.

Türkmenabadyň merkezi etraplarynyň biriniň ýaşaýjylary bolan awtoulag eýeleri öz ulaglarynyň käbir bölekleriniň sökülip, alnyp gidilendigini, ulaglaryň içindäki elektronika we aýdym-saz enjamlarynyň ýokdugyny bilip galdylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäher merkezinde bolup geçen birnäçe hadysanyň jikme-jiklerini anyklady: “Merkezi köçeleriň ugrunda ýerleşýän köpgatly jaýlarda ýaşaýan azyndan üç adam öz öýleriniň gapysynda goýlan awtoulaglarynyň içiniň talanandygyny bilip galdy. Ulaglaryň akumulýatorlary sökülipdir, magnitofonlar we ähli elektronika enjamlary awtoulagyň içinden alynypdyr.”

Ýerli ýaşaýjylar köplenç awtoulaglaryny öýleriniň ýanynda goýýarlar, ýaşaýyş ýerlerinde ýörite awtoulag duralgasy ýok.

"Ozal köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda demir garažlar gurulýardy. Ýöne 2015-nji ýylda olar gadagan edildi. Emma Türkmenabatda, Aşgabatdan tapawutlylykda awtoulaglar üçin garawully ýörite duralgalar gurulmady" -diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şäherde awtoulag duralgalary diňe bazarlaryň we uly dükanlaryň golaýynda bar.

Soňky günlerde şäherdäki ogurlyklar diňe awtoulaglar bilen çäklenmedi.

S.Nyýazow köçesi bilen Ruhnama köçesiniň çatrygynda ýerleşýän azyk dükanynda ogurlyk boldy. Alkogolly içgiler, çilimler we kassadan nagt pul ogurlandy.

Habarçynyň sözlerine görä, bu hususy dükanda wideo gözegçilik kameralary goýlupdyr, ýöne garakçylar başyny örtüp, ýüzüne maska dakynypdyr. Bu olary anyklamak işini kynlaşdyrýar.

"Dükan eýeleri polisiýa ýüz tutdular. Emma şu wagta çenli netije bolmady" - diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, şäherde ogurlyklar adaty bir zat, ýöne awtoulaglaryň içiniň talanmagy we dükan talaňçylygy seýrek bolýar: "2023-nji ýylda birnäçe hadysa bolupdy, ýöne bular hususy öýleri talamak bilen baglydy. Köplenç öý goş-golamlary ogurlanýardy."

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky birnäçe ýylda köp sanly ogurlyk we köçe talaňçylygy bilen bagly hadysalar barada habar beripdi. Geçen tomus aýlarynda Türkmenbaşyda we Aşgabatda köp sanly ogurlyk hadysalary ýüze çykypdy.

Türkmenbaşyda diňe tomsuň ilkinji aýynda 23 sany talaňçylyk we ogurlyk hadysasy hasaba alnypdy. Şonda Balkan welaýatynyň polisiýasyndaky bir çeşmäniň aýtmagyna görä, ogrular esasan hususy jaýlary, supermarketleri we hususy öýleri talaýarlar. Esasan jübi telefonlaryny, elektrik enjamlaryny, hojalyk enjamlaryny, halylary we seýfleri alyp gidýärler. Dynç alyş möwsüminde ogurlyk we talaňçylyk hadysalary has köpelýär.

Döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň ýaramazlaşýan sosial-ykdysady ýagdaýynyň fonunda bolup geçýän jenaýat wakalary barada maglumat bermeýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda dürli ogurlyklar ýüze çykýar. Ogurlyk wakalary metjitlerde hem bolýar, gonamçylyklarda mazar daşlary we demir diwarlar goparylyp äkidilýär, dükanlardan azyk ogurlanýar. Geçen ýyl dükanlardan iýmit ogurlaýan çagalaryň köpelendigi mälim boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG