Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Arkadag” möhletinden öň Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy


“Arkadag” futbol kluby
“Arkadag” futbol kluby

Şu ýylyň aprelinde täze esaslandyrylan “Arkadag” atly futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynda tapgyr 20-nji utuşyny gazanyp, möhletinden öň ýurduň çempiony boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol boýunça federasiýasynyň saýtynda bellenilýär.

Maglumata görä, geçirilen duşuşyklardan soň 60 utuk toplan “Arkadag” topary bu ada çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda eýe boldy. Ikinji orny eýeleýän “Altyn Asyr” toparynyň häzirki toplan 44 utugy bilen birinji orna bolan mümkinçiligini ýitirendigini hem bellenilýär.

“Arkadag” futbol topary şu ýylyň iýunynda Ahalda açylan täze adybir şähere wekilçilik edýär. Onuň ady ozalky prezident we häzirki halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Akradag” diýlip tutulýan lakamy bilen bagly.

Berdimuhamedow toparyň formasyny we nyşanasyny özi tassyklapdy.

Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gözçykgynç depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG