Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji noýabrda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen gepleşikleri geçirdi.
Jabbarow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabatda gelen delegasiýa ýolbaşçylyk edýär.
Resmi maglumata görä, duşuşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek meselesi maslahat edilipdir.
Türkmenistan onlarça ýyl bäri gürrüňi edilip gelinýän Hazarüsti taslamasy arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry hem, Ýewropa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz eksport etmäge isleg bildirýändigini öňe sürýär.
Ýöne energetika ekspertleri häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturalary bilen, galyberse-de taslamanyň maliýe meseleleri sebäpli munuň mümkin däldigini aýdýarlar.