Türkmenistanly aktiwistler Türkiýeden deport edilýär
Soňky birnäçe aýyň dowamynda azyndan alty türkmenistanly aktiwist Türkiýeden Aşgabada deportasiýa edildi. Bular Farhat Meýmankuliýew, Röwşen Kylyçow, Umit Kuzybaýew, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdylyýew dagylardyr. Olaryň hemmesi Berdimuhamedowlaryň režimine garşy çykyş edýärdi we türkmen hökümetini işjeň tankytlaýardy. Adam hukuklaryny goraýjylar olaryň jan saglygyndan, ykbalyndan aladalanýarlar. Olar türkmen aktiwistlerini deport etmezligi sorap, türk häkimiýetlerine ençeme gezek ýüz tutdular. Aktiwistleriň jan saglygy, şol sanda gynamalar we beýleki ýowuz çemeleşmeler bilen bagly çynlakaý töwekgelçilikler bar. Wideo: Migrant Media