Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan Interneti çäklendirip, howpsuzlygy güýçlendirip, G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar


Taýýarlyk çäreleriniň çäginde beýleki welaýatlardan Balkana ýol polisiýasynyň işgärleri getirildi. (Arhiw suraty)
Taýýarlyk çäreleriniň çäginde beýleki welaýatlardan Balkana ýol polisiýasynyň işgärleri getirildi. (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Internet hyzmatlary ýiti çäklendirildi. Şeýle-de, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, edara-kärhanalarda we köçelerde güýçli depginde ýowar geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji oktýabrda Balkandan beren maglumatynda bu çäreleriň prezidentiň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“31-nji oktýabrda öýlän sagat 1-e çenli WiFi Internet hyzmatlary işlemedi. Internetiň tizligi hem örän pes. IP adresler hem petiklenýär. VPN ulgamlarynyň hem tas ähli görnüşleri petiklendi. Satyjylar we hakkerler iki-üç gün garaşyň diýýärler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, “Türkmentelekomyň” we “Altyn Asyryň” ýerli edaralaryna Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işgärleri ýerleşdirildi.

Türkmenistanda öý Internet hyzmatlary “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we mobil Internet hyzmatlary “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilata hödürlenýär.

“Köp TikTok-erleri ýygnap başladylar. VPN ulgamlaryndan peýdalanýan adamlary hem soraga çekýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Mundan başga-da, şäherde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi. Beýleki welaýatlardan ýol polisiýasynyň işgärleri getirildi. Awaza syýahatçylyk zolagyna ulaglary we adamlary diňe barlap geçirýärler.

Şeýle-de, Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçelerde güýçli depginde arassaçylyk işlerini geçirýärler. Ýollardaky çyzyklar täzeden reňklenip, ýol belgileri täzelenýär.

“5-nji noýabra çenli 2010-ýyldan öň zawoddan goýberlen ulaglar şähere goýberilmeýär. Diňe ak we açyk reňk ulaglar hereket edip bilýär” diýip, habarçymyz belledi.

Bu çäreleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne habarçymyz býujet işgärlerine we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine salgylanyp, bu çäreleriň döwlet baştutanynyň kakasy, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen ilteşiklidigini aýdýar.

“Berdimuhamedowyň anyk haçan Balkana geljekdigi barada takyk maglumat ýok” diýip, habarçymyz belledi.

Günbatar welaýatda Internetiň tizliginiň peselendigi barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berip, ol munuň prezident Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

Adatça bolşy ýaly häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri prezidentiň ýa onuň kakasynyň sebite etmegine garaşylýan sapary barada maglumat bermeýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşyp-aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolmagynda galýar.

Ýurtda şeýle taýýarlyk çäreleri prezidentiň ýa onuň kakasynyň, ýa-da ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sebitlere etmegine garaşylýan saparlarynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Bu aralykda, habarçymyz Balkanda Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyklaryň başlanmagy bilen, ilata bäş aý bäri berilmeýän un we ýag paýlarynyň berlip başlanandygyny hem habar berýär.

“Türkmenbaşydaky döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi” diýip, habarçymyz sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG