Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň mollasy dünýädäki uruşlara ünsi çekip, raýatlary çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy


Marynyň mollasy çagalar uruş bilen bagly wakalara goşulsa, onda olaryň “ilki öz aýaklaryna, soňra-da ene-atasynyň aýagyna palta urjakdygyny” aýtdy. (Illýustrasiýa suraty)
Marynyň mollasy çagalar uruş bilen bagly wakalara goşulsa, onda olaryň “ilki öz aýaklaryna, soňra-da ene-atasynyň aýagyna palta urjakdygyny” aýtdy. (Illýustrasiýa suraty)

Marynyň baş metjidiniň mollasy juma namazyny okamaga baran adamlary çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy. Ol dünýäniň dürli künjeginde uruşlaryň dowam edýändigine ünsi çekip, raýatlardan çagalaryna bu konfliktlere goşulmazlygy tabşyrmagy hem ündedi. Bu barada juma namazyny okamaga baran adamlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Waka 27-nji oktýabrda Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde boldy. Onlarça adam juma namazyny okap bolansoň, molla olara aýtmaly zadynyň bardygyny belläp, olardan bir salym garaşmagy sorady.

“Adamlar dünýäniň ýüzünde uruş dowam edýär, gowulyk ýok. Häzir iň asuda asmanly ýurt biziňki. Köpiňiziň çagalary daşary döwletlerde okaýar ýa-da işleýär. Çagalaryňyza gözegçiligi güýçlendiriň. Olara özlerine degişli bolmadyk hiç bir zada baş goşmazlygy aýdyp duruň. Olaryň telefonda Internetde nämeleri görýändiklerine berk gözegçilik ediň” diýip, maryly ýaşaýjy mollanyň aýdan sözlerini sitirledi.

Molla ene-atalaryň daşary döwletlerde okaýan ýa işleýän çagalaryna ýurduň içinden nähili gözegçilik etmelidigi barada hiç zat aýtmady. Ýöne ol çagalar uruş bilen bagly wakalara goşulsa, onda olaryň “ilki öz aýaklaryna, soňra-da ene-atasynyň aýagyna palta urjakdygyny” aýtdy.

“Molla bu aýdanlarynyň nämäni aňladýandygyny aç-açan mälim etmän, aýdanlarynyň çagalary Türkmenistanda bolan raýatlara hem degişlidigini belledi. Ol raýatlara çagalaryny yzarlap durmagy tabşyrdy. Molla olara çagalaryňyza mollalary sylamagy, gulak asmagy we olaryň her aýdanyna ‘bor’ diýmegi buýruň hem diýdi” diýip, maryly başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Juma namazyna baran ýaşaýjylaryň sözlerine görä, adamlar metjitden çykansoň, biz metjide namaz okap, sogap gazanmaga gelýäris diýip, mollanyň eden çagyryşlaryna özaralarynda nägilelik bildirdiler.

“Käbir adamlar çagalarymyz daşary ýurtda işlemese, bizi ekleýän, bize kömek edýän barmy?! Mollalara bolýar diýseň, çagalaryňyzyň gazanan pulundan bize sadaka hem beriň diýjekler diýip, özaralarynda jowrandylar” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan metjitden we sebitiň din işleri boýunça edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu çagyryşlar, bir tarapdan, Russiýanyň Ukraina 2022-nji ýylyň fewralynda başlan sebäpsiz urşy dowam edýärkä, beýleki tarapdan, Ysraýyl-Palestina konfliktiniň başlamagyndan üç hepde çemesi soňa gabat geldi. Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýylyň günortasyndaky şäherlere eden ýykgynçylykly hüjüminden soň, Ysraýyl bu territoriýanyň daşyny gabady we Gazanyň 2,3 million ilaty azyk, suw we derman serişdelerinden mahrum boldy.

Türkmen hökümeti adatça bolşy ýaly Ysraýyl-Palestina konflikti barada häzire çenli kelam agyz söz aýtman gelýär. Ýöne dünýä ýurtlarynda döreýän konfliktleriň ýa-da durnuksyzlyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň ene-atalara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şuňa meňzeş çagyryşlar Russiýa-Ukraina urşunyň başynda hem edilipdi.

Mundan başga-da, türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanyň raýatlaryny, ýurduň daşyna gidende raýat aktiwligini görkezmejekdikleri, Internetde ýerleşdirilen wideolara teswir ýazmajakdyklary we olaryň aşagynda "laýk" goýmajakdyklary barada dilhaty ýazmaga mejbur edýändigi barada hem habar berlipdi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurt mollalaryny raýatlara häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlaryň jan-saglygyna doga-dileg etmegi, sadakalary bermegi ündemek üçin hem ulanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG