Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mobil telefonlary üçin SIM kartalaryň satuwy çäklendirildi


Türkmenistan (illustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illustrasiýa suraty)

Türkmenistanda mobil telefonlary üçin SIM-kartalaryň satuwy ýene-de çäklendirilýär. Indi paýtagtda jübi telefonlary üçin SIM kartalar diňe sanlyja ýerde we örän ujypsyz mukdarda satylýar.

Aşgabatda SIM kartalaryň diňe üç ýerde satuwda bolýandygyny Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy 17-nji oktýabrda habar berdi.

"Görnüşi ýaly, indi diňe öňden bar bolan SIM kartalar üçin tölegleri geçirip bolýar, täzeleri bolsa, Aşgabatda diňe üç ýerde Teke bazarynda, "Paytagt" merkezinde we "Sumbar" dükanynyň golaýynda satylýar. Emma belli bolşuna görä, hatda bu üç ýerde hem günde diňe 10 sany SIM-karta satuwa çykarylýar, olary satyn almak tas mümkin däl diýen ýaly"- diýip habarçy aýtdy.

SIM kartalaryň satuwynyň çäklendirilmegi, olary satýan aragatnaşyk bölümlerinde basa-baslyk we nobat döretdi. SIM kartany satyn almak isleýänler irden sagat 5-den nobata düzülýärler. Söwda nokatlary irden 8-den işläp başlaýar.

Aşgabadyň beýleki aragatnaşyk merkezlerinde, şol sanda poçta bölümlerinde SIM-kartalaryň asla satylmaýandygyny habarçylar aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy paýtagtda SIM-karta satuwynyň häzirki wagtda çäklendirilmeginiň sebäbini aragatnaşyk pudagynyň wekillerinden resmi taýdan anyklap bilmedi.

Habarçylar bilen anonim gürleşen mobil aragatnaşyk bölümleriniň işgärleriniň aýtmagyna görä, soňky wagtda diňe bir SIM karta däl, eýsem bank kartoçkalary hem ýetmezçilik edýär we bu hasaplaşyk hem-de konwertasiýa meselesi bilen baglanyşykly.

"Telekeçileriň pul çalyşygyň ýoklugy sebäpli Hytaýdan gerekli plastik we çip getirmegi bes edendiklerini aýtdylar" diýip, Azatlygyň habarçysy çeşmäniň sözlerine salgylanyp aýtdy.

Ondan öň SIM karta ýetmezçiliginiň ýurduň beýleki ýerlerinde dowam edýändigi barada habarlar berlipdi. Sebit merkezlerinde SIM kartalar köp wagt bäri satylmaýar we welaýatlaryň ýaşaýjylary paýtagta gitmäge mejbur bolýarlar.

Uly şäherlerdäki aragatnaşyk bölümlerinde wagtal-wagtal SIM kartalaryň gysga wagtlyk satuwy ýola goýulýar we uzyn nobatlar emele gelýär. SIM kartalar çalt satylyp, gutarýar we alyjylaryň islegini kanagatlandyrmaýar. Köplenç satylýan SIM kartalar täze bolman, eýsem ulanylan kartalar alyjylara hödürlenýär. Düzgüne görä, iki aýlap ulanylmadyk SIM karta ulanyjydan alynýar we başga bir müşderä satylýar.

Habarçylaryň habar berşi ýaly mobil internetiň bahalary ýokary we hili pes bolmagynda galýar. 4 GB internet paketiniň bahasy 160 manat, bu resmi kurs boýunça 45,7 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolan TMCELL, rouming, çäksiz jaňlar we ýokary tizlikli internet ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bu maglumatlar kompaniýanyň resmi websahypasynda berilýär.

TMCELL Altyn Asyr öýjükli kompaniýasyna degişlidir. Bu kompaniýa hem “tehnologiki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli öýjükli hyzmatlary, halkara rouming, mobil we durnukly internet hyzmatlaryny we telekanallary görmek mümkinçiligini" hödürleýändigini aýdýar.

Türkmenistan dünýäniň iň gymmat we haýal internetli ýurtlaryň biri hasaplanýar. Hökümet internete berk gözegçilik edýär. Ýurtda garaşsyz maglumat çeşmeleri petiklenýär, VPN hyzmatlary gadagan edilýär we ulanyjylar yzarlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG