Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Altyn Asyr' arkaly iberilýän SMS hatlary 'giç gidýär', telefon jaňlarynyň hili pes, ses kesilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary sebitiniň ýaşaýjylary ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy arkaly iberilýän SMS hatlarynyň giç gidýändigini, telefon jaňlarynyň hiliniň juda peselendigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji noýabrda sebitden habar berdi.

“Altyn Asyr arkaly iberilýän SMS hatlary eýelerine bir-iki gün gijigip barýar, ýa-da düýbünden barmaýar... Adamlar jaň etmek üçin, abonentiň belgisine birnäçe gezek aýlamaly bolýar. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda ses kesilip gelýär” diýip, maryly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hili bilen bagly ýitileşen problemalaryň birnäçe aý bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

Aragatnaşyk kärhanasynyň etraplardaky edaralarynyň hünärmenleri özleriniň ‘emele gelen näsazlyklary düzedip bilmeýändiklerini’ aýdýarlar.

“Altyn Asyryň etrap şahamçalaryna şikaýat bilen baryldy. Olar bu meselelere özleriniň jogap berip bilmeýändiklerini aýdýarlar, ‘merkezden çözülýär’ diýip, jogap berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebit ýaşaýjylarynyň sözlerini getirýär.

“TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, kompaniýa 2004-nji esaslandyryldy. Türkmen metbugaty dürli çeşmelere salgylanyp, kompaniýanyň 3,7 million abonentiniň bardygyny aýdýar. Ýöne kompaniýa özüniň resmi web sahypasynda abonentleriniň sany barada maglumat bermeýär.

Ýerli ulanyjylar öňden bäri öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň pes hilinden şikaýat edip gelýärler, ýöne şeýle şikaýatlar soňky wagtlarda has-da ýygjamlaşdy.

“Müňlerçe adam Altyn Asyr ulgamynyň ýaramaz işinden şikaýat edýär. Ýöne Türkmenistanda başga öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bolmansoň, hiç kimiň saýlamaga hukugy ýok. Diňe Altyn Asyr ulanyp bolýar, ýogsa-da hiç zat ulanyp bolmaýar” diýip, bir ýerli hünärmen ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Mundan ozal, oktýabryň ahyrynda Azatlygyň habarçylary Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli ýaramazlaşandygyny habar berdiler. Oktýabryň ilkinji hepdesinde Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylary mobil operatoryň SIM-kartlaryny almakdaky kynçylyklar barada habar berdiler.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen bagly malgumatlar boýunça “Altyn Asyr” kärhanasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýurt raýatlary Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda monopoliýa eýe bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň pes hilinden we gymmat bahalardan şikaýat edýän mahaly, martyň ahyrlarynda derňew žurnalistleri bu kompaniýa prezidentiň ýakyn töweregi tarapyndan gözegçilik edilýändiginiň üstüni açdylar.

“Turkmen.news” we “Gündogar” garaşsyz habar saýtlarynyň “Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti (OCCRP)” bilen bilelikde 31-nji martda çap eden hasabaty Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň eýeçiligi we gözegçiligi barada anyklanan seýrek maglumatlary köpçülige ýetirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan "Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ozalky ýyllarda "MTS - Türkmenistan" mobil operatory bilen bäsleşýärdi. Ýurduň aragatnaşyk ulgamynda iki sany öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy hereket edýärdi.

Russiýanyň “Mobil TeleSistemalary” (MTS) mobil operatory 2005-2010-njy ýyllar aralygynda we 2012-2017-nji ýyllar aralygynda 10 ýyl töweregi Türkmenistanda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürledi. Ýöne kompaniýa 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistandan çekilmeli boldy.

Rus mobil operatory Türkmenistandan ikinji gezek çekilende özüniň abonentleriniň sanynyň 1 million 700 müň töweregi bolandygyny aýdypdy.

Has soňra, rus kompaniýasy Türkmenistandaky ýitgileriniň umumy bahasynyň 1,5 milliard dollara barabar bolandygyny mälim etdi, munuň bilen baglylykda Bütindünýä bankynyň ýanyndaky Maýa goýum dawalaryna seredýän Halkara merkeze ýüz tutdy.

Bu aralykda, türkmen metbugatyna görä, Hytaýyň “Huawei” tehnologiýa kompaniýasy “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny kämilleşdirmek boýunça soňky sapar 2021-nji ýylda “Türkmenaragatnaşyk” kärhanasy bilen şertnama baglaşdy. Munuň netijesinde, türkmen metbugaty Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem-de Aşgabatda şäherinde “Huawei” kompaniýasynyň enjamlarynyň oturdylandygyny habar berýär.

Galyberse-de, döwlet metbugaty 10-13-nji noýabr aralygynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Türkmentel – 2022” halkara aragatnaşyk sergisi barada habar berip, ýurduň aragatnaşyk pudagynyň ösdürilýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG