Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bereketli kärendeçiler döwlete tabşyran pagta hasyly üçin hasaplaşyklaryň geçirilmezligine protest bildirdi


Bereketli davhanlar döwlet harmanyna tabşyran pagta hasyllary üçin puluň heniz hem bank hasaplaryna geçmeýändiginden şikaýat etdiler. (Arhiw suraty)
Bereketli davhanlar döwlet harmanyna tabşyran pagta hasyllary üçin puluň heniz hem bank hasaplaryna geçmeýändiginden şikaýat etdiler. (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda onlarça kärendeçi daýhan döwlete tabşyran pagta hasyllary üçin hasaplaşyklaryň geçirilmezligine nägilelik bildirip, etrap häkimliginiň öňünde protest geçirdi. Häkimligiň resmisi mundan beýläk kärendeçiler pagta plan borçnamasynyň azyndan 60%-ni tabşyrandan soňra, olar bilen hasaplaşyklaryň geçirilip başlanjakdygyny aýtdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmesi 12-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

Bu waka, Balkanyň häkiminiň pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilýändigi barada prezidente hasabat bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“10-njy oktýabrda Uzyn, Obaý we Kende obalarynyň pagtaçy daýhanlary etrap häkimliginiň öňünde üýşdüler. Olar döwlet harmanyna tabşyran pagta hasyllary üçin puluň heniz hem bank hasaplaryna geçmeýändiginden şikaýat etdiler. Olaryň arasynda pagta plan borçnamasyna görä, pagta hasylynyň 30-50%-ni döwlete tabşyran daýhanlar bar” diýip, waka şaýat bolan ynamdar çeşmämiz 12-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimligiň oba hojalyk bölüminiň wekili daýhanlary diňlemek islemese-de, olaryň şikaýatlaryny ýekän-ýekän diňlemeli boldy.

“Häkimiň täze tabşyrygyna görä, kärendeçi oba hyzmat, dökün-himiýa, suw we daýhan birleşik hyzmatlary üçin bergilerini ýapmasa, döwlet tabşyran hasyly üçin 1 köpükde geçirmeli däl” diýip, çeşmämiz häkimlik resmisiniň daýhanlara aýdan sözlerini sitirledi.

Resmi munuň sebäbini “her ýyl köp pagtaçy we gallaçy daýhanyň döwlete bergili çykýandygy we olardan bergilerini prokurorlaşyp almaly bolýandygy” bilen düşündirýär.

“Biz hem ýadadyk. Şol sebäpli ilki hasylyňyzyň 60%-ni tabşyryň, soňra hasaplaşyga geçeris” diýip, çeşmämiz resminiň sözlerini sitirledi.

Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, pagtaçy kärendeçileriň döwlet bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, mundan ozalky ýyllarda pagta plan borçnamasynyň 20 ýa 30 göterimini harmana tabşyran daýhanlar bilen hem, ýerinde hasaplaşyklar geçirilýärdi.

“Häkimlik wekiliniň sözlerinden soňra kärendeçiler lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar. Daýhanlaryň ençemesi bu täze talabyň öz zähmet şertlerini has-da kynlaşdyrjakdygyny, sebäbi ýygymçylara hak tölemekde kynçylyk çekjekdiklerini aýdýarlar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Bereket etrap häkimligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, Balkanyň häkiminiň pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilýändigi barada prezidente hasabat bereninden sanlyja gün soňa gabat geldi.

Ministrler Kabinetiniň 9-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde Balkanyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow kärendeçileriň problemalary barada kelam agyz söz aýtmady.

Türkmenistanda kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar. Ýöne olardan hasaplaşmak üçin ilki pagta borçnamasynyň 60%-ni harmana tabşyrmagyň talap edilmegi bilen bagly ýagdaýa ilkinji gezek duş gelse bolýar.

Ýurtda pagtaçy kärendeçileriň döwlete bergili çykmagy bilen bagly ýagdaýlar hem her ýyl diýen ýaly ýüze çykýar. Kärendeçiler muňa döwletiň öz üstüne alan borçlaryny doly berjaý etmezliginiň, özlerini suw, dökün we tehnika bilen wagtynda üpjün etmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdyp, munuň hasylyň pes bolmagyna getirýändigini nygtaýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG