Türkmenistanda ilaty pagta ýygmaga mejbur etmegiň täze görnüşleri ýüze çykýar. Ýurduň ýolbaşçylary köp pagta talap edýärkä, ýerli häkimiýetler ekin meýdalaryny mugt iş güýji bilen üpjün etmegiň täze usullaryny oýlap tapýarlar. Balkanabatda bankomatda, dükanda ýa-da migrasiýa gullugynyň öňünde nobata durýan her bir adam indi pagta meýdanlaryna düşmek howpuna sezewar bolup biler.
Balkanabatda bankomatdan pul çekmek ýa-da pasport almak üçin migrasiýa gullugyna barmak synanyşygy ýaşaýjyny pagta ýygmak mejburlygyna sezewar bolmak töwekgeçilik astyna salýar.
Pasport almak üçin Migrasiýa gullugyna ýüz tutmak hiç bir düzgüni bozmaýar, emma polisiýa baran adamlary esassyz tussag edip, pagta meýdanlaryna äkidýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy şeýle gürrüň berýär: "Balkanabatda polisiýa migrasiýa gullugynda pasport almak üçin duran adamlary saklaýar we pagta meýdanlaryna äkidýär. Her gün 200 töweregi adam Bereket etrabyna alnyp barylýar".
Wakalaryň biri 5-nji oktýabrda boldy. 230 töweregi adam Migrasiýa gullugynyň ofisine ýygnandy, adamlar nobata durmak üçin sanawa ýazylmak maksady bilen bu ýere irden üýşdiler.
Bolan ýagdaýyň şaýady şeýle gürrüň berdi: “Migrasiýa gullugynyň işgäri çykyp, sagat 9: 30-a çenli garaşmalydygyny aýtdy, ulgam işlemeýär diýdi. 9: 15-de bolsa polisiýa geldi, forma geýnen 20 töweregi adam, soň bolsa 6 sany 'Mersedes' kysymly awtobuslar gelip, polisiýa işgärleri aljyraňňy adamlary awtobuslara zor bilen ýükläp başladylar".
Şaýatlaryň sözlerine görä, polisiýa dowula düşen adamlara migrasiýa gullugynyň binasyna hüjüm etmek synanyşygy barada özlerine şikaýat edilendigini gysgaça düşündiripdir.
"Ilki bilen adamlar howsala düşdüler, soň köpler dymdy. Awtobus Türkmenbaşy-Aşgabat ýoluna çykyp, paýtagta tarap ugranda, oturan adamlar ümsüm boldular. Köpler özleriniň käbir agyr jenaýatlarda aýyplanmagyndan gorkýardylar. Polisiýa her kimiň telefonyny elinden aldy. Soň awtobus pagta meýdançasynda durdy, polisiýa işgäri: "Indi çykyň, sagat 19:00 çenli 50 kilogramdan pagta ýygnaň, soň sizi goýbereris diýdi we agşam bizi öýe äkitjekdiklerini aýtddylar" - diýip, migrasiýa gullugyna baryp, pagta äkidilen ýaşaýjy gürrüň berdi. Şeýle-de ol, adamlaryň başdan geçiren gorkusyndan soň pagtany “höwes bilen” ýygandygyny aýtdy.
Migrasiýa gullugyna ýüzlenmek we döwlet edarasyna barmak raýatyň kanuny hukugydyr, şeýle-de bankomatdan öz puluňy çekmek hem düzgüni bozmaýar. Şeýle-de bolsa, polisiýanyň reýdleri bankomatlaryň öňünde hem geçirilýär we bu ýerde saklanan adamlar hem pagta meýdanlaryna alnyp barylýar.
Azatlyk Radiosy Balkanabadyň hämliginden, welaýat administrasiýasyndan we ýerli polisiýa bölüminden resmi düşündiriş alyp bilmedi. Bu aralykda, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen polisiýa işgäriniň sözlerine görä, adamlary saklamaga ýolbaşçylardan dilden buýruk bar. Onuň sözlerine görä, tussag edilenleri pagta meýdanlaryna eltmek üçin ýörite awtobuslar bellenilýär we her bir adamdan 50 kilogram pagta ýygmak plany göz öňünde tutulýar.
"Welaýat häkimliginiň dilden buýrugy boýunça kanun goraýjy edaralara nobatda duran adamlary tussag etmäge we pagta eltmäge rugsat berilýär" - diýip, adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürrüňdeş bolan polisiýa işgäri aýtdy.
Azatlygyň habarçysy nobatlarda saklananlara salgylanyp, polisiýa işgärleriniň pagta meýdanlaryna iberilmegine garşy çykmaga synanyşan adamlara "döwlet syýasatyna garşy" çykmak aýyplamasy bilen haýbat atýandygyny belledi.
Bankomatlar, azyk dükanlary we Migrasiýa gullugy şäherde iň köp barylýan ýerlerdir. Bankomatlarda we dükanlarda azyk önümleriniň ýetmezçiligi sebäpli nobatlar ýüze çykýar. Daşary ýurt pasportlaryna bolan islegiň artmagy we zähmet migrasiýasynyň köpelmegi sebäpli Migrasiýa gullugynyň ofislerinde hem nobatlar döreýär.
Nobatda duran adamlaryň ekin meýdanlaryna eltilmegi ýurtda ilatyň pagta ýygyma mejbury çekilmeginiň görlüp-eşidilmedik derejesine ýeten wagtynda ýüze çykdy.
5-nji oktýabrda prezident Serdar Berdimuhamedow pagtany "iň soňky gozasyna çenli ýygnamagy" talap etdi. Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy habar berdi.
Bu aralykda, daýhanlar döwletiň pagtany satyn alyş bahalarynyň pesligini, pagta ýygýanlar bolsa öz zähmeti üçin tölegleriň azlygyny aýdýarlar. Ýygymçylaryň sözlerine görä, ýygylan pagtanyň bir kilogramyna 0,2 manat tölenýär.
Türkmenistanda ilat pagta ýygmaga yzygiderli mejbur bolýar. Býujet guramalarynyň işgärleri, studentler we esgerler pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnamak işlerine gatnaşýarlar. Aliment tölemedikler we beýleki düzgün bozmalar üçin tussag edilenler pagta ýygyma ugradylýar. Pandemiýa döwründe pagta meýdanlaryna maskany nädogry dakynandygy ýa-da maskasynyň gara reňkli bolandygy üçin saklanan adamlar hem ugradylypdy.
Türkmenistan çig pagtasyny Russiýa, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýe, Britaniýa we başga-da birnäçe ýurda eksport edýär. Gulçulygyň ýüze çykmagyna garşy göreşýän halkara guramasynyň habaryna görä, Türkmenistan her ýyl 300 million ABŞ dollaryna barabar pagta we pagta önümlerini Türkiýä eksport edýär.
Halkara adam hukuklary toparlary Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny yzygiderli tankytlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum