Pagta önümçiliginde ýyllarboýy mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri şu günler Lebap welaýatynda aliment üçin bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygymyna çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler bu mejbury çäreleri welaýat kazyýetiniň bir karary bilen esaslandyrýarlar.
Azatlygyň habarçysy aliment tölemeli edilen onlarça müň adamyň aglabasynyň işsizdigini habar berýär.
Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan tankyt edilýär.
Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynda aliment bergisi bolan adamlaryň Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynyň gowaça meýdanlaryna pagta ýygmaga iberilýändigini habar berýär. Bergili raýatlary pagta ýygymyna çekmek işlerine ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri gözegçilik edýär.
Diňe Farap etrabynyň özünde ýüzlerçe raýat aliment sebäpli pagta ýygmaga iberilipdir.
Sebit resmileri bu çäreleri “ýygymy netijeli alyp barmak maksady bilen” diýip düşündirýärler. Ýerli ýaşaýjylar dowam edýän pagta ýygym möwsüminde “mejbury zähmetiň bar bolan ähli ýollarynyň ulanylýandygyny” aýdýarlar.
Azatlygyň habarçysy kazyýetdäki çeşmelerine salgylanyp, Lebap suduna soňky üç ýylda gowşan şikaýatlaryň aglabasynyň aliment we aýrylyşmak meseleleri bilen baglydygyny habar berýär.
Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri, hususan-da soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri, raýatlaryň aliment meseleleri bilen içgin gyzyklanýarlar.
Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aliment töläp bilmedik raýatlaryň “kemsidiji” suratlaryny köpçülik ýerlerinde asdy. Şu ýylyň 31-nji martynda Azatlygyň ýerli habarçylary ýurduň gündogar sebitlerinde aliment töläp bilmeýän adamlaryň sanynyň görnetin köpelendigini habar berdi.
Ýurtda dowam edýän ykdysady we sosial krizisiň fonunda Türkmenistan, synçylara görä, öz ýakyn taryhynda maşgalasyny ekläp bilmeýän ýa-da aýalyndan aýrylyşan erkekleriň iň köpelen we köpelýän döwrüni başdan geçirýär.
Azatlygyň habarçysy dowam edýän pagta ýygym möwsüminiň fonunda Lebapda talyplardan hem öz orunlaryna ýygymçy tutmagyň talap edilýändigini habar berýär. Talyplar her gün harmana 80 kilogram pagta tabşyrmak bilen borçlandyrylýar.
Bu aralykda, şu günler Mary welaýatynda hem pagta ýygym möwsümi güýçli depginde “mejbury zähmet” bilen dowam edýär.
Biziň habarçymyz döwlet edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden öz ornuna ýygymçy tutmak üçin pul ýygnalýandygyny habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri dürli maksatlar üçin, şol sanda “tebigaty goramak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin”, “tigir satyn almak üçin” we beýleki maksatlar bilen ýyllarboýy býujet işgärlerinden pul ýygnap gelýär.
“Pagta ýygymyna hakyna tutma işgärleri alyp gidýärler. Býujet işgärlerinden hakyna tutma ýygymçylar üçin pul ýygnalýar. Her edara azyndan 10 adam ugratmaly edildi. Hakyna tutulýan işçilere 20-30 manat aralygynda pul bermeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
Maglumata görä, hakyna tutulan ýygymçylar şu günler diňe gündizlerine pagta ýygmaga ugradylýar. Ýöne sentýabr aýyndan başlap, her edara-kärhanadan 10-15 töweregi adamyň ýygyma ýatymlyk iberilmegine garaşylýar.
Azatlygyň habarçysy ýygyma 10 gün möhlet bilen ugradylan bir hakyna tutma işçi üçin býujet işgäriniň 400 manat töweregi çykdajy etmeli boljakdygyny habar berýär.
“Pagta ýygymyna býujet işgärleriniň özleri ugradylmaýar, diňe hakyna tutulan ýygymçylar ugradylýar” diýip, býujet işgäri gaýtalady.
Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagy onuň pagtasynyň ABŞ-nyň Gümrük gullugy tarapyndan Birleşen Ştatlaryň çäginde 2018-nji ýylda gadagan edilmegine alyp geldi.
Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň gowaça meýdanlarynda suwsuzlyk sebäpli hasylyň pesdigini habar berýär.
Muňa garamazdan, hökümetçi “Biznes Türkmenistan” neşiri bu ýyl kadaly howa şertleri sebäpli ýurduň dürli sebitlerinde pagtanyň ir ýetişendigini habar berdi.
Türkmenistanda bu ýyl pagta möwsümine ir girişilmegi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň pagta plan borçnamasyny Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna çenli ýerine ýetirmegi welaýat häkimlerine we oba hojalyk resmilerine tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne heniz ýurt boýunça ýygym möwsümine resmi derejede badalga berilmedi.
Resmi maglumatlara görä, bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.