Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda halkara media forumynyň geçirilendigi aýdylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmen metbugaty Aşgabatda geçirilen halkara media forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini habar berýär.

Hususan-da “Belarus 24”, “Russia Today” halkara teleýaýlymlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.

Medaiforumyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli guralandygy, oňa ýöriteleşdirilen düzümleriň, tele we radio ýaýlymlaryň, türkmen metbugatynyň wekilleriniň we daşary ýurtlaryň 100-e golaý media wekiliýetiniň gatnaşandygy aýdylýar.

O laryň hatarynda habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, daşary ýurtlaryň ýurtda akkreditlenen habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «Bolşaýa Aziýa» teleýaýlymynyň baş direktory Aleksandr Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň metbugat, tele we radio kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, forumyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Bolşaýa Aziýa» teleýaýlymynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga gol çekiljekdigi aýdylýar.

Türkmenistan metbugat azatlygy baradaky halkara hasabatlarynda her ýyl iň yzdaky orunlary alýar we, öz metbugat kanunyny, döwlet senzurasyna girizen gadaganlygyny bozup, metbugaty esasan döwlet ýolbaşçylaryny öwmek, ýalan propaganda üçin ulanýar, jemgyýetçilik ähmiýetli habarlaryň çap edilmegini dowamly we berk çäklendirýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.

XS
SM
MD
LG