Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň dükanlarynda ýene-de ýumurtga tapdyrmaýar


"[Köp dükanyň] tekjelerinde diňe ýumurtganyň ozalky bahasyny görkezýän bildirişler dur".
"[Köp dükanyň] tekjelerinde diňe ýumurtganyň ozalky bahasyny görkezýän bildirişler dur".

Aşgabadyň söwda nokatlarynda gysga döwür elýeterli bolan ýumurtga ýene-de dükan tekjelerinden ýitirim boldy. Paýtagtdaky habarçymyz ýumurtganyň bar bolan dükanlarynda hem onuň bahasynyň birdenkä tas iki esse ýokarlanandygyny aýdýar.

“Aşgabadyň käbir sebitleriniň dükanlarynda ýumurtga ýene-de söwdadan ýitirim boldy. Ýogsa, ýaňy ýakyna çenli 30 sany ýumurtgadan ybarat bir desse 30 manatdan, käbir dükanlarda bolsa 28,5 manatdan näçe diýseň tapdyrýardy. Kä wagtlar arzanladyş yglan edilip, onuň bahasy 22 manada çenli dagy düşürilýärdi. Şu gün ýumurtganyň tapdyrýan käbir dükanlarynda onuň bir dessesi eýýäm 45 manatdan bahalanýar. Ozallar bir dessesi 50 manatdan satylan öý ýumurtgasynyň bahasy hem 60 manada çenli ýetdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtyň ençeme, şol sanda döwlet dükanlaryna aýlanyp gören habarçymyz ýumurtganyň tapdyrýan söwda nokatlarynda hem, onuň her müşderä çäkli möçberde satylýandygyny anyklady.

“Ýumurtganyň tapdyrýan käbir döwlet dükanlarynda, ol adam başyna 10-dan artyk satylmaýar. Döwlete degişli beýleki söwda nokatlarynda bolsa, tekjelerde diňe ýumurtganyň ozalky bahasyny görkezýän bildirişler dur. Hususy dükanlarda bolsa, bir ýumurtganyň bahasy 1.40-1.50 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Ýiti ykdasady çökgünlikden ejir çekýän türkmenistanlylar döwletiň degişlilikde arzan bahadan hödürleýän ýumurtga, un, şeker ýaly esasy önümlerine garaşly bolup durýar. Emma döwlet dükanlarynda çäkli möçberde goýberilýän bu azyk harytlary köplenç satuwda tapdyrmaýar. Raýatlar seýrek ýagdaýda satuwa goýberilýän esasy azyk önümleriniň hilinden hem şikaýat edýär.

Ýurt häkimiýetleri ilata ýeňillikli azyk paýlaryny, ýagny kesgitli möçberdäki şekeri, ýagy, ýumurtgany we towuk buduny arzan bahadan satmak düzgünini mundan alty ýyl çemesi ozal girizdiler.

Ýöne 2022-nji ýanwaryndan häkimiýetler bu azyk paýlarynyň köpüsini ýatyryp, döwlet dükanlarynyň aglabasynda şekeriň, ýumurtganyň, towuk budunyň bahasyny bazar nyrhy bilen deňleşdirdiler. Şondan bäri ilat döwlet dükanlaryndan un we ýag ýaly azyk paýlaryny ýeňillikli bahadan satyn alyp bilýär.

Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy, hususan-da, güzeran eklenji gowşak maşgalalara, işsizlikden kösenýän, aýlyk girdejileri bazar sebedine gabat gelmeýän raýatlara zarba urdy. Agyr-durmuş ykdysady şertleriň arasynda, ýurtda dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän raýatlar göz-görtele köpeldi.

Türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady kynçylyklary, giň ýaýran işsizligi, azyk gymmatçylygyny we munuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alman gelýär. Türkmen emeldarlary Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG