Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy işgärleri telekeçilerden parany mäş, nohut bilen alýarlar


Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgäri we ulagy. Arhiw suraty
Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgäri we ulagy. Arhiw suraty

Şu günler Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri ähli bazarlara we dükanlara aýlanyp, ýangyn söndüriji enjamlaryň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýarlar. Olar barlaglaryň sebäbini şäheriň söwda nokatlarynda, hususan-da “Lälezar” bazarynda bolan ýangynlaryň yz ýany, ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek bilen düşündirýärler.

“Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy işgärleri ähli dükan telekeçilerinden ýangyn dörände ýangyny öçürmek üçin çäge, suw, ot ýa-da ýörite ýangyn öçürijileri görkezmegi talap edýärler” diýip, maryly telekeçi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Içeri işler ministrliginiň wekilleri ýangyn söndüriji enjamlary bolmadyk telekeçilere jerime salmak bilen haýbat atýarlar. Ýöne jerimäniň mukdary barada hiç hili maglumat bermeýärler.

“Olar diňe jerimäni tölemäge baranyňyzda näçe tölemelidigiňizi bilersiňiz diýýärler” diýip, başga bir telekeçi aýtdy.

Telekeçiler olara ýangyn söndüriji enjamlaryň tas hiç bir söwda nokadynda ýokdugyny aýdyp, mundan ozal şeýle talabyň bolmandygyny düşündirmäge çalyşýarlar.

“Biz ýangyn we polisiýa işgärlerinden jerime ýazmazdan ozal iki-üç gün wagt bermegi ýa-da duýduryş bermegi soradyk. Ýöne biziň haýyşymyz kabul edilmedi” diýip, telekeçi aýtdy.

Telekeçileriň sözlerine görä, ýangyn we polisiýa işgärleriniň ençemesi olara jerimäni para ýa-da haryt bilen hasaplaşmagy hem teklip etdiler. Olar her bir dükan söwdagäri 1000 manat para berse, onda jerime ýazmajakdyklaryny aýtdylar.

“Telekeçileriň arasynda para berip sypanlar ýa-da kanun goraýjy edaralaryndaky tanyşlaryna jaň edip, para ýa-da haryt bermekden sypanlar hem bar. Ýöne men ýaly başga-da birnäçe telekeçi söwdanyň pesdigini aýdyp, 1 müň manady birnäçe bölege bölüp bermegi teklip etdi. Onda olar bize satýan harytlaryňyz bilen hasaplaşaýyň, bizem çaga bakýarys diýip, bürünç, makaron, mäş, nohut şeker, ak un, günebakar ýagy, süýji we köke, hat-da hajathana harytlaryny alyp, şol bir müň manada dogruladylar. Olar bize 'para berdim ýa haryt bilen hasaplaşdym diýip, hiç ýerde aýdaýmaň' hem diýdiler” diýip, telekeçileriň biri aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Barlaglar barada adatça bolşy ýaly resmi metbugatda hem hiç bir maglumat göze ilmeýär. Ýöne IIM-niň wekilleri barlaglaryň sebäbini şäheriň söwda nokatlarynda, hususan-da “Lälezar” bazarynda bolan ýangynlaryň yz ýany, ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek we geljekde uly ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak bilen düşündirýärler.

Ýatlatsak, 21-nji awgustda Marynyň “Lälezar” bazarynda ýangyn döredi. Wakada bazardaky azyndan ýedi dükan doly diýen ýandy, ýöne adam pidasy bolmady.

“Söwdagärleriň anyk näçe zyýan çekendigi belli däl. Ýöne olar takmynan 20-30 müň dollarlyk söwda harytlarynyň ýanandygyny aýdýarlar. Bu dükanlaryň arasynda azyk, parfýumeriýa we kosmetika harytlaryny, spirtli içgileri, tehnologik enjamlary, şol sanda telefonlary satýan dükanlar bardy” diýip, çeşmämiz gürrüň beripdi.

Telekeçilere we alyjylara tas üç günläp ýapylan bazarda ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada resmi maglumat berilmedi. Ýöne telekeçiler muňa elektrik üpjünçiligindäki näsazlygyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdypdylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda bolýan ýangyn, ýol ýa tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tehniki hadysalar we köçe-ýol betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG