Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) talyplary Aşgabatda 27-nji sentýabrda geçiriljek köpçülik çärelerine taýýarlanylýar.
Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy türkmen paýtagtynda ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynda mejbury çäreler boýunça talyplara berilýän görkezmeler we taýýarlyklar barada habar berýärler.
Mundan ozal, habarçylarymyz baýramçylyk mynasybetli Aşgabadyň içerki migrantlardan arassalanmagy barada habar berdiler. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda medeniýet we sungat işgärleri awgustyň soňky hepdelerinde baýramçylyk repetisiýalaryna we marşirowkalara çekilip başlandy.
Soňky habarlara görä, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Döwlet münberinde geçiriljek dabaralara gatnaşmak talap edilýär. Munuň üçin Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentligi tarapyndan ýörite awtobuslar bellenipdir we olar baýramçylyk güni talyplary çärelere daşarlar.
Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan baýramçylykdan bir gün öň, 26-njy sentýabr güni agşam sagat 8-de umumy ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ýygnanyşmak talap edilýär.
Talyplaryň çärelere mobilizasiýa edilmegine gatnaşyjylaryň meýilnamalaryna görä, awtobuslar 27-nji sentýabra geçilen gije sagat 3-de umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çäreleriň geçiriljek ýerine ugrarlar. Günüň ahyrynda, gije sagat 11 töwereklerinde talyplary ýörite awtobuslarda yzyna daşamak göz öňünde tutulýar.
Häzirden talyplara çäreleriň geçiriljek güni artykmaç iýip-içmezlik, çäräniň dowamynda ýa-da çäreler barada umuman artykmaç gürlemezlik, öz ýagdaýlaryndan şikaýat etmezlik tabşyrylýar.
Çärelere gatnaşmaly edilen talyplar eger öz öýlerinden gatnap okaýan bolsa, 27-nji sentýabra geçilen gije olardan hem umumy ýaşaýyş jaýlarynda galmak talap edilýär. Mejbury çäreleri gurnaýjylar bu ýagdaýy adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak synanyşyklary bilen düşündirýärler.
26-njy sentýabr güni agşam sagat 8-de umumy ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde geçiriljek barlag wagtynda ýerinde tapylmadyk talyplara okuwdan çykarylmak howpy bilen haýbat atylýar.
“Bu ýagdaýyň diňe özleriniň däl, eýsem, döwlet işinde işleýän ene-atalarynyň ýa-da doganlarynyň geljegine-de howp abandyrjakdygy duýduryldy” diýip, bir çäreçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Galyberse-de, dabara güni ýokary okuw jaýlaryna berkidiljek awtobuslar üçin her bir talypdan bäş manat möçberinde pul ýygnalypdyr.
Azatlygyň habarçylaryna görä, baýramçylyk güni Aşgabatda jemgyýetçilik transportynyň iş tertibiniň çäklendirilmegine, paýtagtyň günorta böleginde, dabaraly ýörişleriň geçirilýän sebitinde ýollaryň petiklenilmegine garaşylýar.
Türkmenistanda býujet işgärleri we talyp ýaşlar möhüm baýramçylyklarda geçirilýän köpçülik çärelerine mejbury çekilýärler. Galyberse-de, býujet işgärleri öz wezipe borçlaryndan daşary, ýowarlara, arassalaýyş we abatlaýyş işlerine hem mejbury çekilýärler.
2017-nji ýyla çenli 27-nji oktýabrda bellenen Garaşsyzlyk baýramy soňky birnäçe ýyl bäri, Türkmenistanda 27-nji sentýabrda bellenip geçilýär.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Sowet Soýuzynyň düzüminden çykýandygyny yglan etdi. Şol ýylyň dekabrynda SSSR resmi taýdan dargady.
Ýöne Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy 2017-nji ýylda duýdansyz we anyk sebäpleri düşündirilmezden bir aý öňe çekildi.
Mundan ozal, awgustyň ahyrky hepdelerinde Aşgabatda baýramçylyga taýýarlyk çärelerine çekilmäge başlanan medeniýet işgärleri irden sagat 8-den agşam sagat 18:00-a çenli repetisiýalara gatnaşmaga mejbur galýandyklaryny gürrüň berdiler.
Medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk güni dabaralarda geýjek milli lybaslaryny hem öz hasaplaryna satyn almaly boldular.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum