Türkmenistanda döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine gabat gurnalýan köpçülikleýin mejbury çärelerine gatnaşdyrmak üçin, welaýatlardan býujet işgärlerini Aşgabada getirýärler.
27-nji sentýabrda belleniljek ýurt garaşsyzlygynyň 32-nji ýyl dönümi bilen bagly taýýarlyk işleri, şol sanda marşirowkalar hem ýaýbaňlanýar.
“Balkanda howpsuzlyk gulluklary Aşgabatdaky şowhunly dabaralarda, şol sanda konsertlerde çykyş etmeli medeniýet we sungat işgärlerini barlaýarlar. Bizden, adatça bolşy, üç arka maglumatlary soralýar. Mundan soň, paýtagta iberýärler” diýip, şu aýyň ortalaryna Aşgabatda ýollanan türkmenbaşyly sungat işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Ol özleriniň dürli dabaralarda ýerine ýetirmeli çykyşlaryny ilki ýerli ýolbaşçysynyň öňünde görkezendiklerini, ol oňlandan soňra, ýazgy edilen çykyşlarynyň ýene bir gezek tassyklatmak üçin paýtagta iberilendigini aýtdy.
“Aşgabatda ir sagat 08:00-den tä 18:00-e çenli dyngysyz repetisiýalar geçirilýär. Häkimlikden hem her gün diýen ýaly gelip barlap gidýärler. Beýleki welaýatlardan getirilen tansçylar, medeniýet işgärleri, şol sanda çagalar hem biz bilen taýýarlanýarlar. Mundan boýun gaçyrjak gümanaň ýok. Diňe tans ýa aýdym däl, eger-de başga ýygnaklara ýa maslahatlara tomaşaçy ýetmese, onda boş oturgyçlary özlerimiziň doldurmaly boljagymyzy hem duýdurýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Ol 27-nji sentýabrda guraljak dabaralarda ýa-da telewideniýe üçin ýazgy ediljek reportažlarda geýmeli milli lybaslaryny hem öz hasaplaryna satyn alýadyklaryny aýtdy.
“Aşgabatdaky ähli çykdajylar hem öz boýnumuza. Hökümetden, edaradan goşmaça pul kömegi ýok. Arzyňy aýtmakdan geçen, başga bahana bilen yrsarap işiňden kowmasalar razy bolduk” diýip, 30 ýaşlaryndaky sungat işgäri belledi.
Bu aralykda, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany Aşgabadyň býujetçileriniň hem gatnaşmagynda mejbury taýýarlyklar, şol sanda marşrirowkalar bat alýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri paýtagtdaky bu çäreleriň 21-nji awgustda başlanandygyny, döwlet işgärleriniň 15:00-a çenli iş ýerlerinde bolup, ondan soň hem “Dagdan” stadionynda, 16:00-19:00 aralygynda marşirowka edýändiklerini habar berýär.
Neşir adamlaryň öýlerine gije sagat 20:00 töwerekleri dolanýandyklaryny, şeýel-de mejbury-meýletin geçirilýän bu çäreler üçin goşmaça töleg edilmeýändigini, şol bir wagtda olardan ähli wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmek talap edilýändigini nygtaýar.
Türkmenistanda býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, mejbury köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge we pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.
Türkmenistan 2017-nji ýyla çenli Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji oktýabrda, ýagny 1991-nji ýylda Sowet soýuzynyň düzüminden çykýandygyny yglan eden senesinde belleýärdi.
Emma mundan alty ýyl töweregi ozal şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garaşylmadyk ýagdaýda Garaşsyzlyk gününi bir aý öňe süýşürdi. Ondan öň çärýek asyr dowam eden baýramçylyk senesiniň, halka geňeşmezden, üýtgedilmegi boýunça şu çaka çenli resmi düşündiriş berilmedi.
Emma muňa garamazdan, türkmenistanly synçylaryň we aktiwistleriň köpüsi 27-nji oktýabry goşa baýram hasaplaýar. Bu hasaba görä, şu ýyl täze Türkmenistanyň düýbüniň tutulanyna 99, garaşsyz bolanyna 32 ýyl bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum