Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda 'möhüm şäriklik' ileri tutulýar


Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdanynda suwaryş işleri geçirilýär. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdanynda suwaryş işleri geçirilýär. Türkmenistan

Şu günler Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň bugdaý meýdanlarynda hasyl ýygnamak işleri tamamlandy. Ýerli häkimiýetler bugdaýdan boşan ýerlerden ikinji hasyl almak tagallalarynyň çäklerinde, ekerançylyk meýdanlaryny şalyçy daýhanlara bölüp berýärler. Ekiş üçin has amatly şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda ýokary wezipelerde tanşy bolan raýatlar ileri tutulýar.

“Suw kanallarynyň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlaryny, birinjilik bilen, ýokary wezipelerde işleýän başlyklar saýlap alýarlar” diýip, çärjewli oba hojalyk işgäri aýdýar.

Saýlantgy ýerler wezipeli adamlaryň ýerlerinde önüm öndürýän daýhanlaryň adyna geçirilýär. Şeýlelikde, ‘möhüm şäriklik’ ýer paýlanyşygynda deňsizlige ýol açýar we wezipeli adamlaryň hem-de olaryň daýhançylyk bilen meşgullanýan şärikleriniň bähbitlerine hyzmat edýär.

“Wezipeli adamlar öz şärikleriniň arkasynda durýarlar. Olar ekerançylyk suwlary bilen, şeýle-de ideg işleri üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen hiç hili päsgelçiliksiz üpjün edilýärler” diýip, oba hojalyk işgäri aýdýar.

Ol wezipeli adamlaryň hatarynda, meselem, häkimlikleriň kadrlar bölüminiň ýolbaşçylaryny, hassahanalaryň baş lukmanlaryny, prokuratura işgärlerini agzady.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Has amatly ekerançylyk ýerlerinde bugdaý ösdürip ýetişdiren gallaçy kärendeçileriň köpüsi ikinji hasyl üçin öz ýerlerinden peýdalanyp bilmeýärler. Gallaçylaryň kärende ýerleri wagtlaýyn şalyçylara berilýär. Şalyçylaryň arasynda bolsa, diňe ýokary wezipelerde tanşy bolan daýhan hojalyklary has amatly ekerançylyk meýdanlaryndan peýdalanyp bilýärler, şeýle-de dökün we tehnika üpjünçiliginde ‘aýratyn hukuklardan’ peýdalanýarlar.

‘Möhüm şärikleriň’ gatnaşmagynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasyly, ýa-da hasyldan gelýän girdejiler taraplaryň arasynda, ylalaşyk esasynda, paýlaşylýar.

Para bermän kärende ýerlerini alýan daýhanlar hem bar, ýöne olar ‘möhüm şärikler’ bilen deňeşdirilende artykmaçlyklardan peýdalanyp bilmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli kärendeçilere salgylanyp, şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda paranyň we tanyşparazlygyň uly rol oýnaýandygyny habar berýärler.

Şaly ekini köpler üçin, döwlet tabşyrygyna girýän beýleki käbir ekinler, şol sanda gowaça we bugdaý ekini bilen deňeşdirilende has girdejili hasaplanýar.

Şeýle-de, habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan daýhanlar döwlet tarapyndan strategik ekin hasaplanýan gowaça ýa-da bugdaý ekini bilen deňeşdirilende şaly ekinine döwlet gözegçiliginiň berk däldigini aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda hususan-da bugdaý hasyly hukuk goraýjy edaralaryň berk gözegçiligi astynda ýygnalýar.

Döwletiň kärende ýerinde şaly ösdürip ýetişdiren daýhanlar plan borçnamasyndan artan hasyly öz eýeçiligine geçirýärler.

“Ýetişdirilen hasylyň 70 göterimi döwlete, 30 göterimi daýhana galýar” diýip, bir ýerli kärendeçi aýdýar.

Ýöne ‘möhüm şäriklik’ esasynda ekilen hasylyň düýbünden döwlete tabşyrylman, taraplaryň arasynda paýlaşylýan halatlary hem bolýar.

“Şaly döwlet tabşyrygy esasynda ekilýär, ýöne kärende ýerlerinde şaly ekip, hasylyny döwlete tabşyrmaýanlar hem bar” diýip, bir oba hojalyk işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Şeýle kärende ýerleri gizlin bölünip berilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen metbugaty ýurtda hususan-da soňky bäş ýylda badalga berlen oba hojalyk özgertmeleriniň oňyn netije berýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaply daýhanlar şaly ekininiň düşewüntlidigini nygtaýarlar.

“Şalyçy kärendeçi iki möwsümiň hasylyndan 40 müň dollarlyk ‘Toyota Prado’ awtoulagyny satyn alyp bilýär” diýip, bir lebaply daýhan aýtdy.

Şaly ekini köp suw talap edýär. Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Oba hojalyk hünärmenlerine görä, 1 kilogram tüwi 5 tonna töweregi suw talap edýär.

Türkmenistan geçen ýyl ýurt boýunça 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, 82 müň 400 tonna hasyl almagy meýilleşdiripdi.

Ýurduň esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda döwlet tabşyrygy esasynda şaly ösdürilip ýetişdirilýär. Demirgazyk sebitlerde aprel maý aýlarynda, gündogar sebitde bolsa iýunyň ikinji ýarymyna çenli ekiş işleri dowam edýär. Hasyl güýz aýlarynda, oktaýabrda ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG