Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet institutynyň talyplary teatr oýunlaryna mejbury tomaşaçy hökmünde çekilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Aşgabadyň Medeniýet institutynyň talyplary özleriniň teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlara mejbury tomaşaçy hökmünde çekilýändiklerini aýdýarlar.

Özüni Medeniýet institutynyň talyby hökmünde tanyşdyran bir okyjy ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosyna iberen hatynda talyplaryň tas her hepde diýen ýaly azyndan bir ýa-da iki teatr sahnasyna tomaşaçy hökmünde çekilýändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, hatyň awtoryny aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.

Maglumata görä, talyplar sahna oýunlarynyň biletlerini özleri satyn almaly bolýar. Biletleriň bahasy 10 manatdan 30 manada çenli üýtgeýär.

“Ýagdaýym ýok diýseň-de, düşünmeýärler” diýip, talyp aýdýar.

Paýtagtyň ýokary okuw jaýynda bilim alýan ýaşlar mejbury tomaşaçylygyň özlerine goşmaça çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, biletler ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan talyplara paýlanýar.

Özüni Medeniýet institutynyň talyby hökmünde tanyşdyran okyjy şeýle talaplaryň paýtagtyň beýleki ýokary okuw jaýlarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem ýerine ýetirilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Medeniýet institutyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň teatrlara we döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelere mejbury tomaşaçy we gatnaşyjy çekmek tejribeleri indi ençeme ýyl bäri dowam edýär.

Türkmen teatrlary ilhalar oýunlary döredip bilmezlikde, sungaty döwlet syýasatynyň wagzyna pida etmekde tankyt edilýär. Sahna oýunlary bilen tomaşaçylaryň arasynyň yzygiderli açylmagynyň fonunda berk döwlet gözegçiliginde galýan teatrlar tomaçy çekip bilmeýär.

Häzirki wagtda paýtagt Aşgabatda alty sany teatr we bir sany döwlet sirki bar, şeýle-de, ýurduň her welaýatynda döwlet drama teatrlary bar.

Teatrlaryň işgärleri tomaşaçy çekmekde, biletlerini geçirmekde kynçylyk çekýär.

“Teatryň aktýorlary, režissýorlary öz goýýan oýunlaryna tomaşaçy çekmek üçin bazarlara, söwda dükanlaryna aýlanyp, reklama paýlap, teatra tomaşaçy gözleýärler. Bu teatr häzirki ýagdaýynda her hepdede oýun görmäge gelýän on-ýigrimi tomaşaçy bilen binanyň içinde harçlanylýan elektrik togunyň tölegini hem töläp bilmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen bir hünärmen maýyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda köp sanly medeni desgalar, ruhyýet köşkleri, äpet-äpet ak öýler we beýlekiler guruldy. Indi bu desgalaryň içini adamdan doldurmak galýar. Onuň üçin iki ýol bar, ýa adamlar öz islegi bilen sahna oýunlaryna tomaşa eder ýaly ilhalar eser döretmeli, ýa-da adamlardan mejbury tomaşçy ýasamaly. Türkmen häkimiýetleri köplenç ikinji usuly saýlap alýar.

Sungat tankytçylary sahna oýunlaryna meýletin tomaşaçy çekmek üçin sungat we döredijilik erkinligine ýol açmagyň zerurdygyny aýdýarlar.

Ýöne türkmen hökümeti edebiýaty, sungaty, döredijiligi, umuman islendik pudagy berk gözegçilikde saklamakda tankyt edilýär.

Ýogsa, täze tehnologiýalar, sosial torlar we beýleki maglumat serişdeleri sungat işini mahabatlandyrmaga, sowet ýyllary bilen deňeşdirilende, has giň mümkinçilik berýär. Ýöne Türkmenistanda maglumat we mahabat serişdeleri berk döwlet gözegçiligi astynda galýar.

Şeýle şertlerde teatrlar mejbury tomaşaçy çekmäge, mugallymlar klaslarda teatr biletlerini satmaga, talyplar bolsa teatrlaryň biletlerini mejbury satyn almaga, şeýlelikde mejbury tomaşaçy bolmaga mejbur bolýarlar.

Netijede, belki-de, teatrlaryň oturgyçlary doldurylýar, ýöne tomaşaçylaryň göwünleri suw içmeýär, adamlar sungatdan sowaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG