Türkiýede geçiriljek nobatdaky prezident saýlawlarynda iki onýyllygyň dowamynda häkimiýet başynda bolan türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmak isleýän bäsdeşine garşy ýeňilip biler. Bu Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň isleýän netijesi däl diýip, analitikler aýdýarlar.
Geçen aýda Russiýanyň prezident Wladimir Putin NATO agza Türkiýäniň ilkinji raýat ýadro taslamasyna ýangyç guýulmagyny bellemek üçin wideo aragatnaşyk arkaly türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogana goşuldy.
Russiýanyň döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýadro korporasiýasy "Rosatom" tarapyndan gurlan, 20 milliard dollarlyk "Akkuýu" ýadro desgasy - iki lideriň öz ýurtlarynyň prezidenti ýa-da premýer-ministri hökmünde iki onýyllygyň dowamynda döreden we gülläp ösýän ikitaraplaýyn energiýa we ykdysady gatnaşyklaryny belki hem iň gowy görnüşde alamatlandyrýar.
Taslamanyň düýbüni tutmak dabarasynda Putiniň wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşmagy, Moskwanyň daşary ýurtlardaky täsirini görkezmek üçin içerki zerurlyk sebäpli däl-de, eýsem kynçylyk çekýän awtoritar lideriň goldawa mätäçdigi bilen ýüze çykan bolmagy mümkin.
27-nji aprelde bolan dabara, Erdoganyň häzire çenli saýlaw gutusyndaky iň kyn synagynyň, ýagny Türkiýäniň 14-nji maýda geçiriljek prezident saýlawyndan üç hepde öň boldy. Ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köpçülikleýin pikir soralyşyklar, Erdoganyň merkezi-çepçi Respublikan halk partiýasynyň (CHP) başlygy Kemal Kiliçdaroglunyň yzynda galýandygyny görkezdi.
Putin Moskwa, Kiýew, Waşington we Brýussel üçin netijeleri boljak saýlawda ileri tutýan netijesini gizlin yşarat etdi.
"Türkiýede ilkinji ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygy we ... täze, ösen, ýokary tehnologiýaly pudagyň noldan döredilmegi, siziň, prezident Erdogan, öz ýurduňyz üçin, onuň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin, ähli türk halky üçin edýän işleriňiziň ýene bir ynandyryjy mysalydyr" diýip, Putin tutuş Türkiýede göni efirde görkezilen ýaýlymda aýtdy.
"Muny aç-açan aýdasym gelýär: Siz ägirt uly maksatlary goýup bilýärsiňiz we olaryň durmuşa geçirilmeginde ynamly hereket edip bilýärsiňiz"diýip, ol sözüne goşdy.
Putiniň bu sözleri, awtoritar dolandyryşy we Günbatara garşy ritorikasy, NATO-nyň agzybirligini gowşatmak we Günbataryň Russiýanyň Ukraina çozuşy üçin Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny azaltmak üçin Moskwanyň bähbidine hyzmat eden 69 ýaşly Erdogany goldaýandygynyň soňky alamatydyr.
Geçen tomus Russiýa geljekki gurluşyk işleri üçin "Rosatomyň" türk bölümine milliardlarça dollar geçirdi, ekspertler bu ädimiň Türkiýäniň kynçylykly walýutasyny goldamaga gönükdirilendigini aýdýarlar.
Türkiýedäki saýlawlarda ýurduň sosial üpjünçilik gullugyny dolandyrýan, öňki býurokrat 74 ýaşly Kiliçdaroglu üstünlik gazansa, onda Putiniň Erdogana maýa goýumlary puja çykyp biler.
Kiliçdaroglu Türkiýäniň Ýewropa we Birleşen Ştatlar bilen, Erdoganyň syýasy repressiýalary we Siriýa, Daglyk-Garabag ýaly ýerlere eden daşary ýurt gatyşmasy netijesinde pese gaçan gatnaşyklaryny täzeden dikeltmäge synanyşjakdygyny aýtdy.
"Erdoganyň ýeňilmegi Putin üçin gowy bolmaz" diýip, Russiýanyň Ýakyn Gündogar bilen gatnaşyklaryny öwrenýän Jorj Mason uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Mark Katz aýtdy.
"Kiliçdaroglu ýeňiş gazansa, onda Putiniň oňa ýaranjaňlyk etmekden başga çäresi bolmaz. Ol Kiliçdaroglunyň Günbatar bilen has ýakynlaşmagyna ýol bermezlik üçin belli bir derejede oňa ýakynlaşmagyny kabul etmeli bolar" diýip, Katz belledi.
Waşington we Brýussel, Merkezi we Gündogar Ýewropada kommunizmiň ýykylmagyndan soňky on ýylda gazanylan plýuralistik ösüşiň pese gaçmagy sebäpli, asyryň başyndan bäri Erdogan we Putin ýaly täsirli adamlaryň häkimiýetde ýokarlanmagyndan aladalanýar.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän Daşary gatnaşyklar geňeşiniň Ýakyn Gündogar we Afrika barlaglary boýunça uly işgäri Stiwen Kuk: "Erdoganyň ýeňilmegi, dünýädäki demokratik güýçleriň öňküsi ýaly "güýçlüdigini" görkezer diýdi.
"Bu, Putiniň aç-açan lideri ýaly bolup görünýän, global, populist awtoritarizm üçin zarba bolar" diýip, ol Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky edaralaryň gowşamagyndan soň türk demokratiýasynyň henizem gözegçilikden çykmajakdygyny duýdurdy.
"Awtoritar aşnalyk"
Putin Erdogan bilen öňki Sowet Soýuzynyň daşyndaky beýleki daşary ýurt liderleri bilen duşuşygyndan has köp duşuşyk geçiren bolsa gerek. 2003-nji ýylda Erdogan premýer-ministr bolany bäri, Putiniň ilkinji prezidentlik möhletinde, olaryň ikisi gowy iş gatnaşyklaryny ösdürdi, käbirleri bu gatnaşyklary "aşnalyk" diýip häsiýetlendirýärler.
Putin bilen Erdogan wagtal-wagtal çynlakaý gapma-garşylyklar hem ýüze çykdy: 2015-nji ýylda Putin Siriýa-Türkiýe serhediniň golaýynda türk söweşijileri tarapyndan rus harby uçarynyň urlup ýykylmagynyň "arkadan pyçak urmak" bolandygyny aýtdy; Olar birnäçe möhüm daşary syýasat meseleleri, esasanam Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen bagly garşydaş taraplarda çykyş etdiler. Ankara Kiýewi öldüriji pilotsyz uçar bilen üpjün etmegini dowam etdirýär. Ýöne olaryň gatnaşyklary Günbatarda agdyklyk edýän global tertip diýilýän zada umumy garşylyk we Günbatarda giňden ýaýran käbir gymmatlyklara umumy äsgermezlik bilen birleşýär.
"Olaryň ikisi-de özlerini ýeterlik derejede hormat goýulmaýan, kemsidilýän beýik güýçleriň [ýolbaşçylary] hökmünde görýärler we olaryň ikisiniň-de Günbatara garşy nägilelikleri bar. Ynha, şu ýerde Erdogan we Putin biri-birini tapdy" diýip, Katz aýtdy.
"Olaryň arasynda nähili tapawutlar bolsa-da, Erdoganyň Günbatara garşy bolmagy, Putin üçin esasy zat bolup durýar" diýip, ol sözüne goşdy.
Pikir soralyşyklar dürli, alty partiýaly bileleşik tarapyndan goldanýan Kiliçdaroglunyň Erdogandan birneme öňe saýlanýandygyny görkezýär. Eger üç dalaşgäriň hiç biri-de sesleriň 50 göteriminden gowragyny almasa, onda 28-nji maýda jemleýji saýlaw geçiriler.
2000-nji ýyllarda premýer-ministr bolup işlän döwründe - şol wagt Türkiýäniň iň güýçli edarasy bolan - Erdogan ykdysadyýetiň ösmegi bilen giňden meşhurlyga eýe boldy. Ýöne soňky ýyllarda inflýasiýanyň ýokarlanmagy we durmuş derejesiniň peselmegi onuň saýlawçylarynyň köpüsine täsir edip başlady.
Dartgynly Günbatar gatnaşyklary
Onuň demokratiýany yza çekip, metbugat azatlygyny pese gaçyryp, kazyýetler ýaly döwlet edaralaryny gowşadyp, analitikleriň "agressiw" atlandyrýan garaşsyz daşary syýasaty alyp barmagy, şol sanda Putin bilen has ýakyn gatnaşyklary saklamagy onuň Günbatardaky meşhurlygynyň hem peselmegine sebäp boldy. Bularyň ählisi Ankaranyň Waşington we Brýussel bilen gatnaşyklaryny gaty dartgynlaşdyrdy.
Türkiýede 2016-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, Erdogan Putin bilen Russiýanyň S-400 zenit-raketa ulgamyny satyn almak barada ylalaşyp, ABŞ-nyň goranyş senagatynyň sanksiýalaryna ýol açdy.
Birleşen Ştatlary we we onuň NATO ýaranlary, rus ýaraglarynyň Ýaranlygyň we ABŞ-nyň harby serişdeleri bilen utgaşmaýandygyny aýdyp, Türkiýe S-400 [ulgamyny] satyn alsa, onda munuň ruslara Ýaranlygyň F-35 uçaryna hüjüm etmegiň ýollaryny tapmak üçin maglumatlary toplamaga mümkinçilik bermeginden aladalanyp, 2,5 milliard dollarlyk şertnama garşy çykdylar.
Soňky ýyllarda Erdoganyň Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bilen gatnaşyklary hem gümürtik ýagdaýda boldy. Ol Türkiýäniň Liwiýa goşulyşmagy Fransiýa bilen we Gündogar Ortaýer deňzindäki energiýa ýataklary we deňiz serhetleri sebäpli Gresiýa bilen çaknyşdy.
Golaýda Erdogan Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň, Russiýanyň Ukraina giň gerimli çozuşyndan soň, NATO-a goşulmak baradaky tagallalaryny togtatdy we Skandinawiýa ýurtlaryny kürtleriň "terror guramalaryny" kabul etmekde günäkärledi. Türkiýe mart aýynyň ahyrynda Finlýandiýanyň NATO agzalygyny tassyklady, ýöne Şwesiýanyň ýaranlygyna girmegini bökdemegini dowam etdirýär.
Kiliçdaroglu Türkiýede kanunyň hökmürowanlygyny dikeltmegi, ýurdy parlament dolandyryş görnüşine gaýtaryp bermegi we S-400 bilen bagly meseläni ABŞ bilen çözmegi wada berdi. Analitikler onuň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tiz wagtda goldamagyna garaşýarlar.
Rus çozuşy
Günbatarda döreden ähli lapykeçliklere garamazdan, Erdogan Moskwa bilen Kiýewiň Ukrainanyň Gara deňziň üsti bilen gallany eksport etmegine rugsat berýän şertnama baglaşmagyna möhüm goşant goşdy. Russiýa, ukrain ykdysadyýetini bogmak maksady bilen Ukrainanyň portlaryny petikläp, dünýädäki galla önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Kukyň pikiriçe, saýlaw gutusynda Erdoganyň ýeňilmegi şertnamanyň uzak möhletleýin dowamlylygy barada sorag döredip biler. Ylalaşygyň möhleti 14-nji maýda geçiriljek saýlawdan birnäçe gün soň gutarýar.
"Bu galla şertnamasyny goldamak has kynlaşar, sebäbi bir bölegi Putin-Erdogan çäresi we birek-biregi bilen döreden ynamy bilen baglanyşykly. Güýçli adamlar hakda aýdanymyzda, meniň pikirimçe, biz olaryň arasyndaky şahsy himiýa kembaha garamaga ýykgyn edýäris" diýip, Kuk belledi.
Kiliçdaroglu, Erdoganyň karizmasyna eýe bolmadyk, ýumşak gürleýän tehnokrat hökmünde häsiýetlendirilýär.
Erdogan, Russiýa Ukrainany basyp alaly bäri inçe ýüpüň üstünde ýöreýär. Ol Russiýanyň agressiýasyny "kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy we şol bir wagtda, Moskwa bilen işini dowam etdirip, Ukrainany öldüriji pilotsyz uçarlar bilen üpjün etdi.
Kiliçdaroglu ýeňiş gazansa-da, Türkiýe Ukrainanyň we Russiýanyň bähbitleriniň arasynda deňagramlylygy saklamagy, şol sanda Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna garşy durmagy dowam etdirer diýip, analitikler aýdýarlar.
Munuň bir sebäbi Türkiýäniň agyr ýagdaýdaky ykdysadyýeti we Russiýanyň energiýasyna hem-de maýa goýumlaryna örän garaşly bolmagy bilen baglanyşykly. Ykdysadyýet, onýyllyklaryň dowamynda iň ýokary inflýasiýadan ejir çekýär we bu hem ony, energiýa bahalarynyň ýene bir gezek ýokarlanmagy ýaly daşarky zarba garşy has-da duýgur ýagdaýa getirýär.
Türkiýe Russiýadan özüniň sarp edýän tebigy gazynyň 45 göterimini we ep-esli mukdarda nebit we kömür alýar. Şeýle-de, Türkiýäniň täze döreýän raýat ýadro senagaty hem, özüniň elektrik stansiýalaryny ýangyç bilen üpjün etmek üçin Russiýa garaşly bolar.
Putin geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy berk sanksiýalary girizenden soň, bileleşige akdyrýan energiýasynyň möçberini azaltdy we bu bolsa, energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi.
Günbatar sanksiýalary, Türkiýä zerur bolan nagt serişdeleri we maýa goýumlaryny getirýän rus syýahatçylary we işewürleri üçin Türkiýäni has özüne çekiji ýere öwürdi. Sanksiýalaryň girizilmeginiň yz ýanynda, iki ýurduň arasyndaky söwda dessine ösdi.
"Älemgoşar we ýekeşahly" (Köplenç real bolmadyk ajaýyp ssenariýa) bolmaz
Kiliçdaroglu saýlawda ýeňiş gazanandan soň, ünsi Ýewropa gönükdirse-de, Putini uzak wagtlap garaşdyrmaz diýip, Waşingtonyň Brukings institutynyň işgäri Asli Aýdintaşbaş aýdýar.
"Ol iru-giç Putine Russiýanyň Türkiýä bolan gyzyklanmasyny howp astyna salmajakdyklary barada habar berer. Esasy sorag Putin muňa nähili jogap berer" diýip, ol belledi.
Kiliçdaroglunyň döwründe Russiýa bilen gatnaşyklar berkligine galsa-da, kanunyň hökmürowanlygyny dikeltmek boýunça islendik öňegidişlik ABŞ bilen häzirki "işlemeýän" gatnaşyklary düzetmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, Aýdintaşbaş aýtdy.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän Daşary gatnaşyklar geňeşiniň Ýakyn Gündogar we Afrika barlaglary boýunça uly işgäri Stiwen Kuk: "Saýlawyň netijesi nähili bolsa-da, saýlawdan soň ABŞ we Türkiýe üçin "älemgoşar we ýekeşahly", ýagny ajaýyp ssenariýa bolar öýdemok" diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum