Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak bilen bagly kynçylyklary saklanyp galýar. Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatyndaky edarasy biometriki pasport almak isleýän raýatlaryň resminamalaryny kabul etmegi wagtlaýyn bes etdi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýagdaýyň para-berimiň möwjemegine getirendigini aýdýar. Bu aralykda, garaşsyz neşir Lebap we Mary welaýatlarynyň migrasiýa edaralarynda biometriki pasport almak isleýän raýatlara oktýabr aýyna nobat berilýändigini habar berýär.
"Geçen hepde 150 töweregi adam Balkanabat migrasiýa edarasynyň öňünde üýşende, olaryň arasynda janly nobatyň üstünde ýakalaşma boldy. Bu wakadan soň Balkanyň migrasiýa edaralary biometriki pasport bermegi bes etdiler. Hatda raýatlaryň resminamalaryny tabşyrmagy üçin nobat žetonyny hem bermeýärler" diýip, habarçymyz 12-nji maýda aýtdy.
Migrasiýa resmileri bu çäreleriniň sebäbini biometriki pasport üçin "blankanyň ýokdugy" bilen düşündirýärler. Ýöne habarçy para beren adamlaryň biometriki pasportyny bökdençsiz alyp bilýändigini aýdýar.
"Migrasiýa gullugynyň Balkanabat we Gyzylarbat şahamçalary parahorluk edaralaryna öwrüldi" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Soňky aýlarda sebitde biometriki pasport almak isleýänleriň sany göz-görtele artdy. Habarçy muňa ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, sebitdäki türkmen we daşary ýurt nebit firmalarynyň ýerli işgärleriň sanyny azaldyp, köp işgäri işden çykarmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.
"Soňky aýlarda müňläp balkanly işsiz galdy. Bu balkanlylar biometriki pasport alyp, gazak, rus, amerikan we azerbaýjan tanyşlary arkaly, bu ýurtlarda nebitçilik kärini dowam etdirmek isleýärler. Şol sebäpli sebitde biometriki pasporta bolan talap artdy" diýip, habarçy belledi.
Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Ondan ozal ýurtda hereket eden içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.
Bu aralykda, Aşgabatda raýatlar biometriki pasporty bir aýyň dowamynda alyp bilýärler. Ýöne goşa raýatlygy bolanlaryň biometriki pasport almak işi iki aýa çekýär.
Şol bir wagtda, paýtagtdaky habarçymyz resminamalary tabşyrmak üçin nobata durmak işiniň üç güne çenli dowam edip bilýändigini aýdýar. Üç günläp nobata garaşmak islemeýänler, para berip, öňünden nobata ýazylýarlar.
"Birinji gün nobata durýarsyňyz, üçünji günde raýatyň eline kwitansiýa berilýär. Bu kwitansiýada raýatyň haýsy günde we sagatda resminamalaryny tabşyryp bilýändigi görkezilýär. Ýöne migrasiýa edarasynyň garawulyna 150 manat berip, öňünden şahsy maglumatlaryny tabşyran adamlaryň atlary nobat sanawynyň başyna ýazylýar" diýip, habarçy belledi.
Habarçy Aşgabadyň migrasiýa edarasynyň öňünde irden köp adamyň bolýandygyny, olaryň biometriki pasportlaryny almaga barýan raýatlardygyny aýdyp, bir sagat geçensoň, ol ýerde tas hiç kimiň galmaýandygyny hem belledi.
Aşgabatdan tapawutlylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň migrasiýa edaralarynda biometriki pasport almak isleýän raýatlara oktýabr aýyna nobat berilýär.
Garaşsyz "Turkmen.news" neşiriniň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 11-nji maýda çap eden maglumatyna görä, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki migrasiýa edaralary raýatlara bäş aý soňa nobat berilmeginiň sebäplerini düşündirmeýärler.
Bu aralykda, biometriki pasport almak ýa-da ony täzelemek isleýän adamlaryň sany günsaýyn artýar. Neşir bu ýagdaýlaryň arasynda, özleriniň nobata durman ýa-da bolmalysyndan has çalt "pasport alyp berýän araçylardygyny" öňe sürýän hilegärleriň sanynyň köpelýändigini hem aýdýar.
"Bu adamlar kanun goraýjy edaralardaky ýa-da migrasiýa gullugyndaky tanyşlaryna salgylanýarlar. Käbir adamlar olara ynanyp, az bolmadyk mukdardaky pul serişdesini berýärler. Ýöne soňy bilen olaryň hilegärdigi anyklanýar. Sebäbi bu adamlar puly alyp, pasportlary taýýarlap bermän, bäş-alty gün geçensoň, mobil telefonlaryny öçürýärler we ýitirim bolýarlar" diýip, neşir belleýär.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Döwlet Migrasiýa gullugyndan we onuň ady agzalan şahamçalaryndan kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda, şol sanda Maryda, Lebapda, Balkanda we Aşgabatda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary şu ýylyň başynda güýçlenip başlady. Ýurduň käbir sebitlerinde biometriki pasportlar üçin nobatlar ençeme aý soňa berilse, käbir welaýatlarda pasport bermek işi wagtlaýynça togtadylýar.
Habarçylarymyz bu kynçylyklaryň, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlaryň göz-görtele köpelen mahaly güýçlenendigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlaryň sebäplerini aç-açan düşündirmän, geçen aýlarda käbir sebitleriň migrasiýa edaralarynda barlaglary hem geçirdiler. Ýöne bu barlaglar kynçylyklaryň çözülmegine we para-berimiň aradan aýrylmagyna kömek etmedi.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda raýatlar biometriki pasporty Gyrgyzystanda bir günde, Özbegistanda 10 günde we Gazagystanda 15 günde alyp bilýärler.
Galyberse-de, Türkmenistan öz raýatlaryna biometriki pasporty diňe ýurduň içinde berýär. Köp ýurtdan tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalarynda pasport bermek göz öňünde tutulmaýar. Şu sebäpden pasportynyň möhleti gutaran türkmen raýatlary bolýan ýurdundan Türkmenistana barmaga mejbur bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum