Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus zarbasy Kupýansk muzeýini nyşana aldy, Bahmut söweşi güýçlenýär


Rus raketasy Kupýans muzeýini ýumurdy
Rus raketasy Kupýans muzeýini ýumurdy

Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Kupýansk şäherinde ýerleşýän muzeýe uran raketa zarbasy azyndan bir adamyň ölmegine we 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümi "wagşyýana" diýip häsiýetlendirdi, harbylar soňky bir günüň içinde Bahmut üstünde barýan agyr söweşleriň has güýçlenendigini aýtdylar.

Harkow sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleh Synehubow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 25-nji aprelde Kupýansk şäheriniň merkezine edilen hüjümde S-300 kysymly raketalaryň ulanylandygyny, olaryň biriniň ýerli taryh muzeýine gelip urandygyny aýtdy.

Synehubow halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdy, resmiler harabalygyň aşagynda azyndan ýene bir adamyň bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

"Terrorçy ýurt bizi bütinleý ýok etmek üçin ähli zady edýär. Biziň taryhymyzy, medeniýetimizi, halkymyzy [ýok etjek bolýar]. Ukrainalylary wagşy usullar bilen doly öldürmek [isleýär]" diýip,Zelenski telegramda ýazdy. Ol "Biz muňa jogap bermeli we bereis" diýdi.

Şu aralykda, ukrain goşuny rus güýçleriniň soňky bir günde Bahmuta has köp hüjüm tolkunyny döredendigini aýtdy, emma Donetsk sebitiniň gündogaryndaky şäher üstünde barýan birnäçe aýlyk söweşde hiç bir tarap düýpli ilerleme gazanyp bilmedi.

"Bahmut şäheri ugrundaky gazaply söweşler dowam edýär" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 25-nji aprelde çap eden gündelik hasabatynda aýtdy we Moskwanyň söweş meýdanyndaky esasy ünsüniň Bahmut-Awdiýwka-Marýinka front liniýasyna gönükdirilendigini belledi.

Rus güýçleri Ukrainanyň harby pozisiýalaryna we raýat maksatly desgalaryna garşy 62 howa zarbasyny urdy we alty sany raketa hüjümini amala aşyrdy diýip, baş ştabyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de hasabat ukrain goragçylarynyň Russiýanyň Bahmuta we Marýinka eden 43 hüjümini yzyna serpikdirendigini habar berýär.

Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar şu aralykda Bahmutda dowam edýän söweşleri "üznüksiz dinamiki proses" diýip häsiýetlendirdi.

"Biz şu gün söweşdäki pozisiýalarymyzy ýitirip, ertesi gün ony täzeden dikeldip hem bileris; şu sebäpden harbylar netije hakynda operasiýa gutarandan soň gürleşmegi ileri tutýar" diýip, Malýar 25-nji aprelde telegramda ýazdy.

Malýaryň bu sözleri ukrain serkerdeleriniň ruslaryň “Wagner” toparynyň hakyna tutulan söweşijileriniň bir gün öň şäheri bütinleý diýen ýaly gözegçilige alandyklaryny öňe sürüp aýdan sözlerini inkär etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Waşingtonda howa gyzyp başlansoň rus güýçleriniň hüjüm hereketlerini güýçlendirip biljekdigini duýdurdy.

"Ýaz paslynda, howa gowulaşanda we eýýäm gowulaşyp başlanda, ruslaryň käbir sebitlerde hüjüme geçmek islemegine garaşyp bileris. Biz olaryň muny nirede we nädip etjekdigini anyk bilemzok, ýöne biz ukrainalylaryň özlerini has gowy gorap biljekdigine göz ýetirmek isleýäris” diýip, Kirbi 24-nji aprelde "Amerikanyň sesine" aýtdy.

Şol bir wagtda Kirbi, eger-de ukrain güýçleriniň özleri garşylykly hüjüm operasiýalaryny geçirmek kararyna gelse, olaryň degişli mümkinçilikleriň bolmalydygyny aýtdy.

Harby hünärmenler we Ukrainanyň ýolbaşçylary Ukrainanyň ýaz paslynda uly garşylykly hüjüme taýýarlanýandygyny habar berdiler.

Forum

XS
SM
MD
LG