Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurt pasportyny edinmekdäki kynçylyklary saklanýar. Nobatdaky çäklendirmeler kämillik ýaşyna ýetmedik çagaly raýatlara degişli boldy, şeýle-de ýakynlarynyň suda çekilmändigini subut etmek hakyndaky "üç-arka" barlagy girizildi.
Balkan welaýatynyň migrasiýa gullugynda raýatlardan pasport üçin arzalary hasaba almakdan we olara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwrülmegi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaşaýjylarynyň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalylar, şeýle hem üç nesilde garyndaşlarynyň arasynda sud edilenleriň ýokdugyny tassyklaýan "üç-arka" resminamasy berip bilmeýänler bar. Bu barada maglumat berýän Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy täze talaplaryň 15-nji aprelde güýje girendigini anyklady.
"Arza berijiniň garyndaşlarynyň arasynda suda çekilenleriň ýokdugyna aýratyn üns berilýär. Her kimden, şol sanda daşary ýurt uniwersitetlerinde okamak isleýän ýaşlardan hem 'üç-arka' resminamasy talap edilýär" -diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Azatlyk Radiosy täze talaplar we olaryň sebäpleri barada Döwlet migrasiýa gullugyndan, şeýle hem Balkan welaýatynyň migrasiýa wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, täze talabyň sebäbi häkimiýetleriň ilatyň ýurtdan gitmeginiň öňüni almak we raýat aktiwligini çäklendirmek boýunça synanyşyklary bilen baglanyşykly.
"Sud edilen adamlaryň garyndaşlary häkimiýetlerden öýkeli, şol sebäpden olar nägilelik bildirip bilerler, diýlip hasaplanýar we olaryň Arkadagy tankytlaýan toparlara goşulmagynyň ähtimallygyny ýokary diýilýär. Şonuň üçin indi garyndaşlarynyň arasynda sud edilenler bar bolan adamlara pasportlary bolsa-da, ýurtdan çykmaga ýol berilmez. Maý aýyndan başlap olary uçara salmazlyk barada buýruk bar"- diýip, Azatlygyň habarçysy döwlet migrasiýa gullugyndaky çeşmä salgylanýar.
Onuň sözlerine görä, häzir Balkan welaýatynyň migrasiýa gullugyndaky nobata ýazylyp bolýar, berilýän žetonlar esasynda dokumentleri oktýabr aýynda tabşyryp bolýar. Şeýlelikde, täze pasport 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda taýýar bolmaly.
Çäklendirmeleriň artmagy sebäpli sebit ýaşaýjylary biometrik pasportyny edinmek üçin para bermeli bolýarlar. Habarçylaryň sözlerine görä, Balkan welaýatynda paranyň mukdary 5000-den 10 000 manat çenli.
Türkmenistanda daşary ýurt pasportlaryny almakdaky kynçylyklar soňky birnäçe aýyň içinde hasam güýçlendi. Tutuş ýurt boýunça uly nobatlar saklanýar we pasport almak üçin resminamalary tabşyrmak üçin onlaýn hasaba alyş wagtal-wagtal togtadylýar. Fewral aýynda Balkan welaýatynda pasportlaryň berilmegi wagtlaýynça togtadyldy.
Türkmenistanyň daşyndaky diplomatik wekilhanalar ýurduň raýatlaryna pasport bermeýär. Bu ýadaýda daşary ýurtlarda dokumentsiz bikanun galýan raýatlaryň sany köpelýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurda gitmegi üçin wiza almak prosesi hem dürli kynçylyklar bilen utgaşýar. Hususan-da, türk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan öz watanyna gaýdyp gelmegini kepillendirýän resminamalar, raýat aktiwliginden ýüz öwürmek we oppozisiýa pikirli watandaşlar hem aktiwistler bilen aragatnaşyk saklamazlyk hakynda dilhaty talap edilýär. Raýatlaryň gaýdyp geljekdigini tassyklaýan kepilnamalar goňşy Gazagystana gitmekçi bolýan raýatlardan hem talap edilip başlandy.
Pasport almakdaky kynçylyklara garamazdan, Türkmenistandan migrasiýa akymy ýokary bolmagynda galýar. Işsizlik we korrupsiýa köpleri gazanç üçin ýurtdan çykmaga ýol gözlemäge mejbur edýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa meselesi we raýatlaryň pasport almakda hem ýurtdan çykmakda çekýän kynçylyklary barada resmi düşündiriş bermeýär. Bu tema, döwletiň doly gözegçiligindäki habar beriş serişdeleri tarapyndan gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum