Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň ‘peýdasy'


Keselhananyň işgärleri derman ýetmezçiligini üpjünçiligiň pesligi bilen düşündirýärler.
Keselhananyň işgärleri derman ýetmezçiligini üpjünçiligiň pesligi bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda ýiti ykdysady krizis bilen başlanan däri-derman ýetmezçiligi häzirki güne çenli saklanyp galýar. Häkimiýetleriň bu ugurdaky wadalaryna garamazdan, lukmanlar keselhanalaryň ýeterlik serişde bilen ‘ýörite’ üpjün edilmeýändigini, netijede bulary näsaglaryň özleriniň satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, derman gytçylygynyň – näsaglaryň hasabyna maddy peýda gazanmak üçin ulanylýan halatlarynyň hem bolýandygy bellenilýär.

15-nji aprelde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş edaralaryny, ilaty lukmançylyk we derman serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek barada nobatdaky gezek tabşyryk berdi.

Emma Azatlygyň habarçylary, häkimiýetleriň bu ugurdaky öňe sürmelerine garamazdan, keselhanalaryň beýleki çykdajylar bilen birlikde, zerur dermanlary hem hassalaryň öz üstlerine ýükleýändiklerini belleýärler.

Keselhananyň işgärleri näsaglara bu ýagdaýlary üpjünçiligiň pesligi bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtda, saglyk pudagyndaky çeşmämiz häkimiýetleriň, ýurtdaky köpçülikleýin däri-derman gytçylygynyň arasynda, ilki bilen döwletiň eýeçiligindäki dermanhanalary gerekli medisina serişdeleri bilen üpjün edýändigini aýtdy.

“Häzirki wagt medisina serişdeleri bilen hem saglygy goraýyş edaralaryny, hem-de dermanhanalary deň derejede üpjün edip bolmaýar. Häkimiýetler dermanlaryň keselhanalarda mugtuna berilmegiň deregine, olary näsaglaryň özlerine satyn aldyrdyp, býujete pul çekýärler” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Saglyk ministrligi bu ýagdaýlar boýunça kommentariýa bermedi.

Bellesek, häkimiýetler keselhanalarda näsaglar bilen birlikde, lukmanlary hem gorag, sanitariýa enjamlary ýaly zerur serişdeleri öz hasaplaryna satyn almaga mejbur edýärler.

Şol bir wagtda, derman gytçylygynyň şahsy bähbitler üçin ulanylýan halatlary hem bolýar. Azatlyk käbir keselhanalarda lukmanlaryň hususy dermanhanalar bilen näresmi ylalaşyga gelip, hassalary gerekli serişdeleri hut şolardan satyn almaga itekleýändigi barada maglumat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG