Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryh sahypalaryna syýahat: Beýik Seljuk döwletinde haýsy dil ýörgünli bolupdyr? (1-nji bölüm)


Seljuk hökümdary Soltan Sanjaryň mawzoleýi. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.
Seljuk hökümdary Soltan Sanjaryň mawzoleýi. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany orta asyr türkmen taryhynyň özenini emele getiren Seljuk imperatorlygy  döwründe türkmenleriň eýe bolan ýaşaýyş medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna nazar aýlamaga synanyşýar.

Taryhy çeşmelere görä, oguz türkmenleriniň kynyk tiresinden bolan seljuklar XI asyryň birinji ýarymynda Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygynda esasy paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň çägindäki gadymy Merw şäheri bolan Beýik Seljuk döwletini esaslandyrdy.

Anadolydan Hindiguş daglarynyň eteklerine çenli, Pars aýlagyndan Merkezi Aziýa sähralygyna çenli bolan aralykda bir ýarym asyrdan gowrak höküm ýöreden seljuk dinastiýasy türk, pars we arap gatyşygyndan emele gelen medeniýeti, sungaty, hususan-da harby kuwwaty bilen taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrdy.

Taryhy çeşmelere görä, seljuk türkmenleri gelip çykyşy boýunça VI-VIII asyrlarda esasan häzirki Mongoliýanyň çäklerini öz içine alan Göktürk, ýa-da Göktürkmen döwletiniň çäginde ýaşan oguz taýpalaryndan gözbaş alýar. Sekizinji asyrda Hazar deňzi bilen Aral deňziniň arasynda Oguz Ýabgu döwleti, ýa-da Oguz türkmen döwleti esaslandyrylýar.

Oguzlaryň kynyk tiresinden bolan Seljuk atly şahsyýet miladydan soň 902-1009-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Seljuk we onuň kakasy Dukak şol döwürlerde sebitde höküm süren Hazara döwletiniň goşunynda ýokary derejeli harby serkerdeler bolupdyr.

Seljuk 300 töweregi atlysy bilen 986-njy ýylda häzirki Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Jend şäherçesine gelip ýerleşýär. Ol bu ýerde yslam dini bilen tanyşýar we 23 ýyl soň, 1009-njy ýylda 107 ýaşda aradan çykýar.

Beýik Seljuk döwletini esaslandyran Togrul beg we Çagry beg Seljugyň agtyklary bolup, 1037-nji ýylda gadymy Horasan sebitinde taryhda yz galdyran Seljuk döwletini esaslandyrýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany orta asyr türkmen taryhynyň özenini emele getiren Seljuk imperatorlygy döwründe türkmenleriň eýe bolan ýaşaýyş medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna nazar aýlamaga synanyşýar. Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Taryh sahypalaryna syýahat: Beýik Seljuk döwletinde haýsy dil ýörgünli bolupdyr? (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG