"Prezidentiň sowgady" diýilýän jümle Täjigistanyň döwlet propagandasynyň resmi diline şeýle bir ornaşypdyr, ony ulanmak indi hiç bir şübhe döretmeýär. Häkimiýetleriň tankytçylary “beýle sowgatlary” býujetiň hasabyna prezidentiň abraýy üçin edilýän hereket diýip atlandyrýarlar, häkimiýetlere ýakyn toparlar bolsa muny häzirki ýöredilýän syýasatyň çäklerinde kynçylyklary çözmegiň bir görnüşi hasaplaýarlar.
13-nji martda döwlet eýeçiligindäki “Ховар” gullugy "Täjigistan Respublikasynyň ulag ulgamyny 2025-nji ýyla çenli maksatlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň" çäklerinde, Daglyk Badahşan awtonom welaýatyndaky (DBAW) Kulýab we beýleki şäherlere we etraplara 30 awtoulagyň paýlanandygyny habar berdi. Habar gullugy bu kararyň Täjigistanyň Prezidentiniň adyndan kabul edilendigini aýdýar.
DBAW-nyň ýerine ýetiriji häkimiýetleri hem öz gezeginde ony "prezidentiň haýyr-sahawat çäresi" diýip atlandyrdylar hem awtobuslary garşylamak dabarasyny gurnap, aýdym-sazlar, tanslar we resmi çykyşlar bilen garşy aldylar. Olar Täjigistanyň ýolbaşçysyna ýokary minnetdarlyk bildirdiler.
"Nobatdaky aladanyň bir bölegi hökmünde hem-de halkara Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasynda, şu gün irden ýurdumyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň sowgady – 26 sany döwrebap awtobusdan we iki sany Tiz kömek maşynyndan ybarat bolan sowgat Horog şäherine geldi" diýlen habar DBAW-nyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň resmi sahypasynda çap edildi.
Şunuň bilen birlikde, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň suratlary bilen bezelen awtobuslaryň suratlary we wideoýazgy ol habaryň ýany bilen berildi.
Welaýat häkimiýetleriň habarynda, awtobuslaryň haýsy pula satyn alnandygy we onuň nähili maksatnama boýunça berilýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.
Emma bu döwlet propagandasynda gürrüňi edýän "prezidentiň sowgatlarynyň" diňe bir bölegi bolup durýar.
Syýasy sowgatlar
"Prezidentiň sowgatlary" barada onlarça we ýüzlerçe resmi habarlary bilmek üçin, Täjigistanyň Prezidentiniň resmi websahypasyna girip, “тӯҳфа” (sowgat) bölümini açmak ýeterlik. Bu ýerde Täjigistanyň kanun goraýjy işgärlerine berlen jaýlary, ol ýa-da beýleki bir ýörite gulluklar üçin gurulýan binalary, ýurduň dürli künjeklerinde ýetimlere we internat mekdep okuwçylaryna sowgatlary, şeýle-de prezidentiň “Тоҷикон” ("Täjikler") kitabynyň sowgat edilişi baradaky köp sanly habarlary görüp bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu kitaby gaýtadan neşir etmek başlangyjy Emomali Rahmon tarapyndan 2019-njy ýyldaky ýüzlenmesinde öňe sürüldi hem bu kitabyň her bir täjik maşgalasyna mugt paýlanylmalydygy tabşyryldy. Kitabyň neşiri üçin, döwlet býujetinden 136 million somoni bölünip berildi hem umumylykda 1 million 600 müň nusgada çap edildi. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň barlagynyň görkezişi ýaly, kitabyň gaýtadan neşir edilmegi baradaky bäsleşikde, prezidentiň giýewi Şamsullo Sohibow bilen gatnaşygy bolan neşirýat gazandy. Bäsleşigiň amala aşyrylmagy üçin neşir 13,5 million dollar gazandy.
Emma beýle ýagdaý geçirilýän bäsdeşlige-de, berilýän sowgada-da, aslynda döwlet baştutanynyň adyndan dowam edýän sowgatlara-da täsir etmeýär.
«Bar adam bilýär, ýöne hiç kim hiç zat aýtmaýar.»
Raşt etrabyndaky Täjigistanyň Sosial Demokrat partiýasynyň aklawçysy we graždan aktiwisti Farhod Hudoýorow şeýle başlangyçlaryň prezidentiň goşmaça syýasy abraý gazanmagy üçin edilýändigini aýdýar.
«Döwlet baştutany halk tarapyndan saýlanýar we adaty salgyt töleýjileriň hasabyna emele gelen býujetden aýlyk hakyny alýar. Sagdyn pikir ýöredilende, şeýle syýasy çäreler kanuna görä nädogry hem jenaýatçylykly garaýyş hasaplanýar» diýip, Hudoýorow düşündirýär. Onuň sözüne görä, halk köpçüligi bu propaganda ynansa-da, ilatyň we intelligentleriň has ösen gatlaklary ähli zada düşünýär, emma ýurduň syýasy atmosferasy bu temadan çykyş etmäge rugsat bermeýär.
«Prezidentiň ýa-da beýleki resmileriň adyna aýdylan tankyt garaşylmadyk netijelere getirip biler. Muňa indi onlarça žurnalistiň, başgaça pikir edýänleriň ýüzlerçesiniň we hökümeti tankytlaýanlaryň türmede oturmagy şaýatlyk edýär» diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Prezidentiň ätiýaçlyk gaznasy
Täjigistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat hyzmatlary köplenç onuň Ätiýaçlyk gaznasy bilen baglanyşyklydyr. Aýratyn-da, bu gaznadan sebitlere sapar eden wagty, gyssagly ýagdaýda we ş. m. peýdalanýar.
"Täjigistan Respublikasynyň döwlet maliýesi hakyndaky" kanunyna laýyklykda, Täjigistanyň prezidentiniň Ätiýaçlyk gaznasy döwlet býujetiniň girdejileriniň 2%-i çäginde kesgitlenilýär we bu serişdeler döwlet baştutanynyň görkezmesi bilen, hususan-da, döwlet mediasynda bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat, sosial programmalar üçin, medeniýet we bilim ulgamynda bäsleşikleri geçirmäge we ş.m. çärelere harçlanýar.
Döwlet býujetiniň artdyrylmagy bilen prezidentiň Ätiýaçlyk gaznasy hem artýar. 2023-nji ýylda býujet maglumatlaryna görä, ol gazna 495 million somoni alypdyr, bu bolsa geçen ýylkydan 57 million somoni köp.
Parlamentiň aşaky palatasynyň deputaty we Täjigistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Saidjafar Usmonzoda Azatlyk Radionyň Täjik gullugy tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde, gaznanyň parlamente hasabat bermeýändigini belläp geçdi.
"Prezident dürli ýerlere barýar, adamlara kömek edýär, maliýe serişdeleri bilen bagly kynçylyklaryň döreýän ýagdaýlary bolup geçýär. Prezident ýerlerdäki organlaryň meseläni çözmekde hereket edip bilmeýändigini görýär, şol ýagdaýda prezidentiň meseläni şol ýeriň özünde çözmäge hukugy bar we ol munuň üçin parlamente hasabat bermeýär" diýip, täjik demokratlarynyň lideri aýtdy.
Ynsanperwer ýardamlary kime haýyrly?
Oppozisiýadaky žurnalist Temur Warki Täjigistanyň her ýyl alýan ynsanperwer kömeginiň açyk däl görnüşde ýaýradylmagyna ünsi çekýär. Hususan-da, žurnalist koronawirus pandemiýasy döwründe, Hytaýdan berlen ynsanperwer kömegiň prezidentiň ogly Rustam Emomali bilen ýakyn gatnaşykda diýlip hasaplanýan "Awesta group" toparynyň adyndan paýlanylan döwrüne ünsi çekdi.
«Halkyň häzirki gullukçylary we olaryň propagandaçylary "ynsanperwer ýardam", "sowgat", "nobatdaky täze aladalar" diýlip edilýän ündewleriň nähili gülkünç görünýändigine düşünmez öýdüp gorkýaryn...» diýýär.
Şeýlelikde, ýokardaky biri özüniň gönüden-göni borçlaryna hötde gelmeýändigini duýsa, bu haýyr-sahawatyň Täjigistanda aýratyndygyny aýdyp, ony has güýçlendirýär. Bu propaganda “aýy dostlugy”, bu halky özüne güldürýär we ikiýüzlüligi gara we ak reňkde aýdyň görkezýär, döwletiň we “parahatçylygy esaslandyryjynyň” ýardamy edil Aýaz Babanyň sowgady ýaly, munuň halk we döwlet bilen aragatnaşygy düýpden ýok diýen ýaly" diýip, žurnalist Temur Warki belleýär.
Açyk peýda görmek
Täjigistanyň öňki hökümet resmisi Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşende, prezidentiň sowgatlarynyň kabul edilmeli obýektiw hakykatdygyny öňe sürdi. "Elbetde, biz demokratiýa hakda, býujetiň aýanlygy we ş.m. barada gürrüň edip bileris, ýöne biziň şertlerimizde bar güýç prezidentiň elinde jemlenýär. Şoňa görä-de, aslynda, onuň islendik bir meseläniň bähbidi üçin edýän hereketini sowgat hasap edip bolar, sebäbi ol şeýle karary kabul etmän hem bilýär” diýip, öňki resmi aýtdy. Onuň sözlerine görä, Täjigistanyň ilatynyň köp bölegi her bir zada paragmatik garaýar, ýagny ýagdaýy açyk görýän peýdasyna laýyklykda kabul edýär.
Diňe 2022-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda, Täjigistan bahasy 120 million dollara golaý bolan deňi-taýy bolmadyk ynsanperwer kömegini aldy. Täjigistanyň Gümrük gullugynyň maglumatyna görä, şol döwürde Täjigistana dünýäniň 59 ýurdy tarapyndan ynsanperwer kömekleri berlipdir.
Häkimiýetleriň bu kömegiň ogurlanandygy we satylýandygy baradaky habarlary inkär edýändigine garamazdan, sosial ulgamlarda "gumanitar ýardamlaryň" satylýandygyny we onuň gizlin ýaýradylýandygyny görkezýän suratlar peýda bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum