Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat metjidinde prezidentiň atasynyň ölen gününe gabat sadaka taýýarlyk görülýär


"Hezreti Omar" metjidi, Aşgabadyň "Parahat-7" etrapçasy.
"Hezreti Omar" metjidi, Aşgabadyň "Parahat-7" etrapçasy.

Aşgabatda merkezi metjitleriň birinde uly taýýarlyklar görülýär. Alnyp barylýan işleriň maksady barada resmi habar ýok, emma olar golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýär. Soňky gün, gijelerine-de, polisiýanyň awtoulaglarynyň batly sesleri ähli ýerde eşidilýär we köçelerde duran awtoulaglar jerime duralgasyna alnyp gidilýär.

Aşgabadyň "Hezreti Omar" metjidiniň töweregi soňky wagtda häkimiýetleriň üns merkezinde boldy. Metjidiň ýerleşýän "Parahat-7" etrapçasynyň ýaşaýjylary, jemagat hyzmatlarynyň işgärleri gije-gündiz daş-töweregi ýadawsyz arassalaýandyklaryna we abadanlaşdyrýandygyna şaýat bolýarlar.

"Köçe süpürijiler şu günler ir sagat 6-dan we agşama çenli işe çykmaga mejbur bolýarlar" - diýip, Azatlygyň habarçylaryndan biri gürrüň berdi.

Batly taýýarlyk çäreleri bir hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýär. 11-nji martda Azatlygyň habarçysy dürli etraplardan öý dolandyryş edaralaryň işgärleriniň gatnaşmagynda uly göwrümi ýowaryň geçirilýändigi barada habar berdi: "Geçen hepden bäri şaýoluň ugrundaky etraplarda jemagat işleri gyssagly işleýärler: " Olar agaçlaryň düýbüni gazdylar, akladylar, ýerleri depdiler, çykyp başlan täze otlary gopardylar. Soňky 4 ýylda hiç kim agaçlary suwarmandy we olaryň köpüsi gurdy. Şeýle hem, Andalyp köçesiniň ýatrygyndan görünýän jaýlaryň köçe taraplaryny boýadylar".

Soňky günlerde metjidiň töwereginde polisiýa hem işjeňleşdi.

Azatlygyň habarçylarynyň 14-nji martda düşüren wideolarynda şäher polisiýasynyň howlulary aýlanyp, sirenalary we ses gataldyjylary ulandylar we köçede duran awtoulaglary jerime duralgasyna alyp barýar. Wideolaryň birindäki ýagdaý agşam 10-dan soň bolupdyr.

Garaşylýan waka barada resmi habar bolmady. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimliginden hem maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçylar uly tutumly taýýarlygyň ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky "möhüm waka" bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Habarçylaryň biri Berdimuhamedowlaryň şu hepde "Parahat 7" etrapçasynda ýerleşýän metjide barmagyna garaşylýandygyny anyklady. Käbir maglumatlarda saparyň 15-nji marta planlaşdyrylandygy aýdyldy. Azatlygyň başga bir habarçysy bu metjitde Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýyl mundan öň aradan çykan kakasynyň hatyrasyna sadakanyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde 88 ýaşynda aradan çykdy.

Iki ýyl ozal, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy we häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň atasy ölende bu ýagdaý Türkmenistanyň ilatynyň ähli gatlaklaryna täsir ýetiripdi. Türkmen resmilerine merhumyň kyrkyna çenli saçlaryny syryp, başyna tahýa geýmek tabşyrylypdy.

Tutuş ýurtda matam tutuldy. Mary welaýatynda, toý mekanlarynyň hemmesi üç günläp ýapyldy. Lebap welaýatynda toý dabaralaryna gadaganlyk ýedi güne çekdi. Mundan başga-da, döwlet işgärlerinden matam çäreleri üçin pul ýygnaldy. Hatyra çäreleriniň çykdajylary üçin ilatdan puluň ýygnalmagy maý aýyna çenli dowam etdi.

2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabada welaýatlardan etnik azlyklaryň wekilleri ugradyldy we olaryň öz milli eşiklerinde bolmagy talap edildi.

Президент Бердымухамедов дал садака. Муфтий молил защитить его от "видимых и невидимых бед".
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:19 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG