Prezident Wolodymyr Zelenskiniň Donetskiň gündogar sebitindäki şäheri goramagy dowam etdirmek we duşmana mümkin boldugyça kän ýitgi çekdirmek wadasyny bermegi bilen, ukrain goşuny 15-nji martda Russiýanyň Bahmut şäherine edýän dyngysyz hüjümini dowam etdirip, raýat desgalaryny nyşana alandygyny we ýene zyýan ýetirendigini aýtdy.
Russiýa gündogardaky front liniýalarynyň boýunda 90-dan gowrak şowsuz hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 15-nji martda geçiren gündelik metbugat ýygnagynda aýtdy.
Gündogarda birnäçe aý bäri dowam edýän aldym-berdimli söweşiň merkezi bolan Bahmutdan başga, rus güýçleri öz "hüjüm tagallalaryny Liman, Awdiýwka, Marýinka we Şahtarsk ugurlaryna hem gönükdirdi" diýip, harby güýçleriň habarynda aýdylýar.
Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 14-nji martda ukrain telewideniýesine beren interwýusynda Kreminnanyň we Bahmutyň demirgazygynda ýerleşýän beýleki ilatly ýerleriň töwereginde-de agyr söweşleriň barýandygyny aýtdy.
Rus güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda 40 sany howa zarbasyny, 12 sany raketa zarbasyny urdular we tapgyrlaýyn raketa atyjy ulgamlardan 100-den gowrak ok atdylar diýip, harbylar aýtdy.
Herson sebitindäki Iwaniwka obasyna atylan raketa ýerli ilatyň arasynda pidalara we emläk zaýaçylygyna sebäp boldy diýip, hasabatda bellenýär.
Herson sebitiniň harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleksandr Prokudin bir gün ozal, ruslaryň Herson şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny nyşana almagy netijesinde, dört adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýanyň 14-nji martda atan raketasy Bahmutdan 50 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Kramatorsk şäherinde bir köp gatly ýaşaýyş jaýyna degip, bir ýaşaýjynyň ölmegine we üç ýaşaýjynyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Mundan başga, Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kirilenkonyň aýtmagyna görä, ruslaryň 14-nji mart güni giçlik atan toplary Kurahowo şäheriniň elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Kurahowo mundan öňem nyşana alnypdy, Russiýanyň dekabr aýynda eden iň ganly hüjümleriniň biri bu şäherde 10 adamyň ölmegine sebäp bolupdy.
Zelenski 14-nji martda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Ukrainanyň ýokary harby serkerdeliginiň gündogar Ukrainanyň söweş barýan bölegini, şol sanda gabawdaky Bahmut şäherini goramak we duşmana mümkin boldugyça köp ýitgi çekdirmek meselesinde bir hörpden gopýandygyny aýtdy.
Duşuşyk wagtynda harby serkerdeligiň esasy ünsi Bahmut meselesine gönükdirildi diýip, Zelenski aýtdy we, "tutuş serkerdeligiň pozisiýasynyň aýdyň bolandygyny: onuň bu pudagy güýçlendirmekden we basyp alyjylary mümkin boldugyça köp ýok etmekden” ybaratdygyny sözüne goşdy.
Goranmak ministriniň orunbasary Malýar hem aýratynlykda Bahmuty goramagyň möhümdigini, sebäbi ruslaryň bu ýerde "örän köp esgerini" we köp sanly harby enjamyny ýitirýändigini, şol bir wagtyň özünde olaryň “öňe süýşmek ukybynyň azaldylýandygyny” aýtdy.
Şu aralykda, hökümetiň parlamentdäki wekiliniň 14-nji martda sebäbini düşündirmezden aýtmagyna görä, prezident Zelenski Luhansk, Odesa we Hmelnitskiý sebitleriniň häkimlerini wezipelerinden boşatdy.
Forum