Türkmenistanyň gündogaryndaky Özbegistan bilen serhetdäki gümrük geçelgesinde ýerli üstaşyr sürüjileri bilen birlikde, daşary ýurt ýük ulaglaryna hem goşmaça talaplar girizildi. Munuň netijesinde, ulaglaryň uly nobaty döredi we ozal bir günde amal edilen dokument işleri birnäçe güne çenli uzady. Sürüjiler munuň netijesinde goşmaça çykdajylara galýandyklaryny, şeýle-de resmileriň döredýän “emeli kynçylyklaryndan” geçmek üçin para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Geçen aýyň başynda häkimiýetler Özbegistan bilen aradaky Farap-Alat gümrüginiň golaýynda, Amyderýanyň köprüsinde ýörite barlag-gözegçilik nokadyny döretdiler. Serehetden geçmek üçin ýük ulaglary bu ýere gelenlerinde, türkmen resmileri olary 15 km uzaklykda ýerleşýän Çärjew etrabyndaky täze köp ugurly bazaryň awtoduralgasyna ýollap, şol ýerde nobata ýazylmak üçin ýörite “fiş” almagy talap edip başladylar.
Sürüjiler awtotirkegiň nomeri, bazardan ugran sagady ýazylýan bu “fişi” alanlaryndan soň, Amyderýanyň köprüsinden geçip, Farap gümrükhanasyna baryp bilýärler. Bu kagyzy almak üçin bazarda azyndan 5-7 gün garaşmaly, we, elbetde, ulagyň duralgadaky her güni üçin 100 manat möçberinde töleg etmeli.
Türkmenistanyň fewralda ornaşdyran bu düzgüni ilki diňe ýerli üstaşyr ýük ulaglary üçin degişli bolan bolsa, indi ýurduň çäginden geçýän daşary ýurt sürüjileri hem birnäçe gün nobatda garaşmaly bolýarlar.
“Ilki bilen nobatda garaşyp, azyndan bäş günümizi ýitirýäris. Duralgadaky, şeýle-de şahsy çykdajylarymyz bilen birlikde, Farap gümrükhanasynda hem resmi tölegleriň üstüne para bermeli bolýarys. Gümrük işgäri her dürli bahana arap, dokument işlerimizi hat-da birnäçe güne çenli gijikdirip bilýärler. Emma 50 dollar para berseň, bir sagada ýetirmän serhetden geçirip goýberýärler” diýip, ýakynda bu ýagdaýlary başdan geçiren sürüjileriň biri gürrüň berdi.
Ol Türkmenistan tarapdaky gümrük işgärleriniň özlerini juda terbiýesiz alyp barýandyklaryny, parany hem çekinmän talap edýändiklerini belledi.
“Türkmen gümrük işgärleri özlerini juda ulumsy alyp barýarlar we gödek gürleşýärler. Dokumentler oňarylýan wagty, stoluň başynda tabakda nahar hem yslanyp durandyr. Beýleki sürüjiler gümrük işgäriniň iýjek naharyny 50 km uzaklykdaky merkezi Türkmenabadyň saýlantgy restoranlaryndan sargap getirdýändigini hem aýdýarlar” diýip, söhbetdeşimiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlygyň ýokarky ýagdaýlar barada Farap gümrükhanasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum