Türkmenistanda idegsiz itler ýene-de köpçülikleýin rehimsizlige sezewar edilýär. Soňky günlerde Aşgabadyň dürli etraplarynda itleriň ençemesi öldürildi. Türkmenabatda hem ileri öldürmek boýunça işler geçirildi, şol bir wagt aralygynda, ýaşaýjylaryň itler üçin penahana döretmek baradaky nobatdaky haýyşy ýene-de häkimiýetler tarapyndan ret edildi.
Soňky günlerde türkmen paýtagtynyň birnäçe etrapçasynda idegsiz itleriň tutulmagyna degişli ýagdaýlar ýüze çykdy. Jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan öldürlendigi aýdylýan itleriň birnäçesiniň jesetleri Aşgabadyň Parahat - 2 etrapçasynda, şol sanda il içinde "Wodniki" diýilýän ýerde göze ildi.
Aşgabatdan gowşan suratlarda birnäçe itiň çaşyp ýatan maslyklaryny görmek mümkin.
Aşgabatdaky it gyrgynçylygy bilen bir wagtda Türkmenabatda hem ileri öldürmek boýunça çäreler geçirildi. Ýerli ýaşaýjylaryň maglumatlaryna görä, jemagat gullugynyň eşigine geýnen adamlar ýörite atoulagly aýlanyp, itleri ýok edýär. Öldürlen itler ýörite uwtoulaga ýüklenýär.
Azatlyk Radiosyna gowşan wideoda gyzgylt reňkli ýörite uly awtoulagy onuň ýanynda jemagat gulluklaryň işgärleriniň eşigine geýnen birnäçe adamyň durandygyny we ýerde öli itiň maslygyny görmek mümkin.
Bu aralykda sosial mediada ulanyjylar suratlary we itleriň ýok edilýändigi barada habar paýlaşýarlar we bir-birine öz öý jandarlaryny goramagy maslahat berýärler.
Türkmenistanda itleriň köpçülikleýin gyrylmagyna degişli nobatdaky tapgyr fewral aýynyň ortalarynda gabat geldi. Şonda Ähewdäki haýwanlar häkimiýetleriň üns merkezine düşdi.
Habarçylarymyz Ahal welaýatynyň häkimiýetleriniň Änew şäherinde itleri zäherläp tutmak, soňra-da taýaklap ýa-da bogup öldürmek çärelerini güýçlendirendigini mälim edipdi. Bu çäre sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna getirdi.
"Häkimligiň işgärleri, şol sanda jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri diňe köçedäki öýsüz-öwzarsyz itleri däl, eýse raýatlaryň howlusyndaky, şeýle-de gezelenç etmek üçin köçä çykarylan itleri hem ýok edýärler. Olar howludaky itlere zäherlenen çörek ýa-da et, towuk hödürläp, aldawa salyp, öz ýanlaryna çagyrýarlar. Şondan soňra olary tutup, taýaklap ýa-da bogup öldürýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 20-nji fewralda gürrüň berdi.
Änewli bir ýaşaýjy öz başdan geçirenlerini paýlaşyp, öz itini gezelenç etdirmek üçin köçä çykaranda ony jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň bogup öldürendigini gürrüň berdi we indi prokuratura ýüz tutjakdygyny aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri on ýyla golaý wagt bäri itleriň we pişikleriň rehimsizlik bilen ýok edilmegine degişli ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemekden ýüz öwürýärler. Bu aralykda haýwanlary gorap çykyş edýän raýatlara basyş görkezýärler we olaryň idegsiz itleri köçelerden ýygnamak we penahana döretmek boýunça inisiatiwalaryndan ýüz öwürýärler.
Geçen ýylyň iýulynda ýurtda itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada "kanunyň kabul edilmeginiň yzýany Türkmenabadyň ýaşaýjylary itler üçin penahana döretmegiň ugruna çykdylar. Emma muny wada beren ýerli häkimiýetler öz sözünde tapylmadylar. Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimlikleri raýatlaryň şondan bäri ýazan arzalaryndan ýüz öwürýärler.
Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary B.Açylow tarapyndan gol goýlup, fewralda berlen jogaby ýene-de ozalky jogaplary gaýtalaýar we raýatlaryň haýyşyny ret edip, idegsiz it-pişikleri tutmak we saklamak üçin ýörite döwlet edaralarynyň göz öňünde tutulandygy habar berilýär. Şeýlelikde, haýwanlary goraýjylaryň 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda kabul edilen “Itleri köpeltmek we kinologiki işler” baradaky kanun esasynda eden ýüzlenmesine, 2020-nji ýyla degişli hökümet kararyna salgylanyp jogap berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum