Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky uruşdan soň Türkmenistan Russiýa azyk eksportyny artdyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Russiýa iberýän azyk önümleriniň eksportyny tas iki esse artdyrdy diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi mälim etdi. Bu barada ýarym-resmi türkmen neşiri 22-nji fewralda habar berdi.

Bu Azatlygyň habarçylarynyň türkmen häkimiýetleriniň telekeçilere ýurtda öndürilýän bakja önümlerini Russiýa ibermäge mejbur edip başlandygy baradaky maglumatlaryny tassyk edýär. Galyberse-de, bu Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda raýatlaryň ýiti azyk ýetmezçiliginden kösenýän döwrüne gabat gelýär.

Moskwanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda, Russiýanyň daşky dünýäden barha üzňeleşdirilmegi we oňa garşy berk sanksiýalaryň girizilmegi bilen, görnüşinden, Türkmenistan bu ýurt bilen syýasy, şeýle-de söwda hyzmatdaşlygyny has artdyryp başlady.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohiniň sözlerine görä, Türkmenistan Russiýa eksport edýän tekstil serişdelerini 50%, azyk önümlerini hem 90% artdyrypdyr. Türkmen hökümetçi neşirlerinde çykan bu maglumatda, munuň haýsy döwri öz içine alýandygy, şeýle-de artandygy aýdylýan eksportyň anyk sanlary aýan edilmeýär.

Galyberse-de, geçen ýylyň awgustynda türkmen hökümetçi neşirleriniň “Rosselhoznadzora” salgylanyp beren maglumatynda Türkmenistanyň Russiýa gök we miwe önümleriniň eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ondan ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% artandygy nygtaldy.

Bellemeli ýeri, Azatlyk Moskwanyň geçen ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozmagynyň yzy bilen, türkmen häkimiýetleriniň telekeçileri azyk, bakja önümlerini Russiýa ibermäge mejbur edip başlandygyny ençeme tapgyr habar beripdi.

2022-nji ýylyň martyndan başlap türkmen häkimiýetleri potratçy telekeçilere Russiýa gök-bakja önümleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, towuk etleriniň, şeýle-de beýleki azyklaryň eksportynyň artdyryljakdygyny dilden duýduryp başladylar.

“Maryda häkimiýetler potratçylar bilen ýygnak geçirip, indi azyk bilen bagly näme öndürilse, olaryň aglabasynyň Russiýa iberiljekdigini aýtdylar. Olar esasan hem şeker şugundyrynyň önümçiligine üns bermelidigini duýdurdylar. Resmiler bize ‘Russiýada şeker gytçylygy başlandy, et önümleri hem ýetmezçilik edýär. Hatda tekstil önümlerimiziň hem Russiýa iberilmegi mümkin’ diýip aýtdylar” diýip, maryly telekeçileriň biri geçen ýylyň martynda gürrüň beripdi.

Şol pursat häkimiýetler hili ýokary önümleriň eksporta iberiljekdigini, hili pes oba hojalyk önümleriniň bolsa içerki bazarlara ýerlenjekdigini aýdypdylar.

Ýerli potratçylar şonda öz ýurtlarynda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda ‘indi Russiýany eklemek bize galdymy?!’ diýip nägileliklerini hem beýan edipdiler.

Munuň yzy bilen, ýurtda onsuz hem ýiti gytçylygy saklanyp galýan azyk we bakja önümleriniň ýetmezçiligi we gymmatçylygy hasam güýçlendi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri importa durýan harytlaryň içerki önümçiliginiň artdyrylmagy ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar. Şol bir wagtda, eksport we import bilen bagly sanlary köpçülige äşgär etmeýärler.

Türkmenistan 2016-njy ýyldan soň ykdysady kynçylyklary başdan geçirip başlady. Şondan bäri ýurtda iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG