Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe Owganystana elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberi baradaky maglumatlary näme üçin togtatdy?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Indiden beýläk Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystana elektrik energiýasynyň eksporty boýunça maglumatlaryny mälim etmez. Öňki ýyllarda «Barki Tojik» döwlet energiýa holdingi şeýle statistikany aç-açan görkezýärdi. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň söhbetdeşleriniň käbiriniň ynanjyna görä, ilatyň gaharyny gelmezlik üçin, sanlar ýaşyrylýar, sebäbi ilatyň köplenç gyş aýlarynda, elektrik energiýasyna mümkinçiligi çäklendirilýär.

Maglumatlar ýaşyrylýarmy?

30-njy ýanwarda Täjigistanyň Energetika ministrliginde geçirilen metbugat ýygnagynda, žurnalistler «Barki Tojik» bilen Owganystanyň «Breşna» (Da Afghanistan Breshna Sherkat —DABS) birleşiginiň arasyndaky şu ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çekişilen şertnamanyň jikme-jiklerini bilmäge çalyşdylar.

"Şu ýyl Owganystana näçe möçberde elektrik energiýasy iberiler we ol haýsy bahadan bolar?" diýlen soraga «Barki Tojik» birleşiginiň wekili Mahmadumar Asozoda diňe maý aýyndan, sentýabr aýyna çenli döwürde, elektrik energiýasynyň eksportynyň mümkindigi barada, gürrüň edip biljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň fewralynda «Barki Tojigiň» başlygy Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň ýyllyk möçberi barada maglumat beripdi.

Şonda ol Täjigistanyň Owganystana 2022-nji ýylda 1,5 milliard kWs elektrik energiýasynyň beriljekdigini aýdypdy, ondan bir ýyl ozal Täjigistana 1,2 milliard kWs elektrik energiýasyny eksport edipdi. Bu ýylda häkimiýetleriň elektrik energiýasynyň eksporty boýunça maglumatlary mälim etmek islemeýändiginiň sebäbi belli däl. Geçen ýyl Owganystana iberilen bir kWs elektrik energiýasynyň bahasy 4,67 sente deň boldy.

Metbugat ýygnagynyň barşynda, Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň žurnalisti Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Jumaadan Owganystana gidýän elektrik eksporty baradaky statistiki maglumatlara "gizlinlik" girizildimi diýlip sorady. Ministr muňa negatiw jogap berdi, maglumatlaryň gizlin däldigini aýdyp, şol bir wagtyň özünde olary aýan etmekden saklandy.

Energetika ministrligi diňe geçen ýylda Täjigistanyň 2,5 milliard kWs-den gowrak elektrik energiýasynyň eksport edendigini habar berdi. Bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 118,4 million kWs köp.

Azatlyk Radiosynyň Owganystanyň «Breşna» energiýa kompaniýasyndan kommentariýa almak synanyşyklary-da şu wagta çenli başa barmady. Bu kompaniýanyň we onuň Täjigistandaky işdeşleriniň elektrik energiýasynyň mukdary baradaky maglumatlary we onuň bahasyny näme sebäpden mälim etmekden gaça durýandygy belli däl.

Üstesine Özbegistana-da eksport barmy?

Häkimiýetleriň jogap bermek islemeýän beýleki bir soragy — ulanylýan elektrik energiýasy üçin, «Breşna» kompaniýasynyň bergisine degişli. Geçen ýylyň awgust aýynda «Barki Tojigiň» wekilleriniň habar bermegine görä, «Breşna» kompaniýasynyň 28 million dollarlyk bergisi bolmaly, olar bu ýagdaýy owgan banklaryndaky DABS hasaplaryndan pul geçirmegiň kynçylyklary bilen düşündirdiler.

Mahmadumar Asozoda 30-njy ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda diňe şeýle diýdi: şu güne çenli «Breşna» bergisiniň bir bölegini "gaýtaryp beripdir”, emma ol berginiň näçe möçberde yzyna gaýtarylandygyny we näçe berginiň galandygyny aýtmady.

«Barki Tojik» holding energetikanyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýene-de bir möhüm ýagdaýa – elektrik energiýasynyň Özbegistana eksport edilmegi meselesine ünsi çekdi. Mahmadumar Asozodanyň aýtmagyna görä, goňşy ýurda energetika eksport diňe tomus paslynda amala aşyrylýan bolmaly. Bir hepde mundan ozal Daşkent Täjigistandan elektrik energiýasynyň importynyň artdyrylandygyny yglan etdi.

“Maglumat halkdan ýaşyrylýar”

Täjigistanyň häkimiýetleri goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi baradaky maglumatlary bermekden saklanýan wagtynda, ýurduň öz içinde elektrik energiýasy bilen bagly köp sanly çäklendirmeler dowam edýär. Ykdysady meseleler boýunça bilermen Zülfikor Ismoiliýon häkimiýetler ilatyň tankydyna sezewar bolmakdan gorkup, elektrik togunyň satylyşynyň möçberi boýunça statistiki maglumat bermeýändigini aýdýar.

Ol Täjigistanyň sebitde elektrik energiýasyny eksport edýän esasy döwletleriň birine öwrülendigini belläp, şol bir wagtyň özünde-de häkimiýetleriň bu barada ilatyň ýeterlik maglumat almagyny islemeýär: "Biz şeýle elektrik beketlerini gurjakdygymyzy yglan edýäris, şeýlelik bilen ilat gyşyn-ýazyn elektrik energiýasy bilen üpjün ediljekdir” diýýärler. Ýöne olar elektrik energiýasyny satmagyň walýuta gazanmak üçin, ýeke-täk ýoldugyna göz ýetirýärler. Şol sebäpdenem olar şunça mukdarda köp satdyk diýip aýtmaýarlar. Oba ýerlerinde adamlaryň yşygy ýok".

Täjigistanda elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi hemişe gyzgyn jedellere sebäp bolýar. Ýaşaýjylaryň käbirleri ilki bilen ýurduň öz raýatlaryna ýylylyk hem ýagtylyk bermegiň zerurdygyny aýdýarlar. Häkimiýetler bolsa daşary ýurtlara diňe artyk elektrik energiýanyň satylýandygyny gaýta-gaýta aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG