Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Korrupsiýa indeksinde ýene pes baha aldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“Transparency International” guramasynyň 2022-nji ýyldaky Korrupsiýa sypaty indeksine (CPI) görä, Gündogar Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky korrupsiýa gülläp ösmegini dowam etdirýär.

CPI, Korrupsiýa sypaty indeksi Bütindünýä Banky, Bütindünýä Ykdysady Forumy, maslahat beriş kompaniýalary we akyl merkezleri ýaly 13 sany daşarky çeşmeden alnan maglumatlary ulanyp, döwlet pudagyndaky korrupsiýa görkezijileri boýunça 180 ýurda we sebite baha berýär.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa 2022-nji ýylda, mümkin bolan iň ýokary derejäniň 100 bolmagynda, ortaça bir dereje, 35-e çenli pese gaçdy.

Şeýlelikde, Gürjüstan - 56, Ermenistan - 46 we Garadag (Montenegro) – 45 dereje alyp, sebitde dünýädäki ortaça 43 derejeden ýokary dereje gazanan birnäçe ýurt boldy.

Ýewraziýa sebitinde iň pes baha alanlar Türkmenistan (19), Azerbaýjan (23) we Täjigistan (24) boldy.

Türkiýe - 36, Bosniýa-Gersegowina – 34 dereje aldy.

XS
SM
MD
LG