Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti rus Dumasynyň başlygyny kabul etdi


 Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin
Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi diýip, “Türkmenportal” rus metbugatyna salgylanyp ýazýar. Rus wekiliýeti Aşgabada düýn geldi.

Resmi habara görä, duşuşykda Russiýa bilen Türkmenistanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet dumasynyň başlygy, iki döwletiň ýolbaşçylygy derejesinde kabul edilen kararlary kanun taýdan goldamak üçin, parlament ölçegini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy diýip, habarda bellenýär.

Wolodin Türkmenistanyň Mejlisinde çykyş edip, Hazar bäşliginiň parlament ölçegini döretmegiň möhümdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu Hazaryň bäş ýurdunyň - Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlary tarapyndan ozal baglaşylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

Şu aralykda, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini Russiýanyň “Rosgeologiýa” kompaniýasy bilen bilelikde alyp barmagy meýilleşdirýär.

XS
SM
MD
LG