Soňky günlerde ýurduň dürli sebitlerinde howanyň temperaturasynyň esasanam gündizlerine maýlap başlamagy bilen, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri we ýaşaýjylary hatardan çykan ýyladyş ulgamlarynda bejeriş işlerini geçirip başladylar. Bu bazarlarda gurluşyk harytlarynyň, şol sanda demir we çoýun turbalarynyň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.
Soňky iki hepde gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy wagtal-wagtal -25 gradusa çenli pese gaçyp, ýurduň çägine adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa aralaşdy. Aýazly howada ýaşaýyş we durmuş maksatly binalaryň köpüsinde ýyladyş turbalary ýarylyp, hatardan çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bular barada ýurduň dürli sebitlerinden ençeme gezek maglumat berdiler.
"Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalaryň tas ählisinde bejeriş işleri geçirilip başlandy. Mekdepleriň we hassahanalaryň hatardan çykan ýyladyş turbalary bölekleýin täzelenýär. Ýolbaşçylar turbalaryň diňe hatardan çykan böleklerini çalyşýarlar" diýip, habarçy şuňa meňzeş işleriň hojalyk we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary tarapyndan hem geçirilýändigini aýtdy.
Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu işleri býujet işgärleriniň hasabyna amal edýärler. Şäher mekdepleriniň köpüsinde mugallymlaryň her biri 50 manatdan pul tabşyrmaga mejbur boldy.
Şäherde ýyladyş ulgamynda ulanylýan gurluşyk harytlaryna bolan talabyň artmagy, bazarlarda olaryň bahasynyň birden tas iki esse ýokarlanmagyna getirdi.
"Esasanam demir we çoýun turbalary gymmatlady. Bir çoýun batareýasynda sekiz sany gapyrga bolýar. Mundan ozal onuň bahasy 1600 manada deňdi, häzir 3000 manatdan satylýar. Şeýle-de, ýylylygy saklamak üçin niýetlenen ýörite gurluşyk materialynyň (steklowata) bahasy hem gymmatlady" diýip, habarçy aýtdy.
Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň köpüsinde merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlaryndaky ýyly suw turbalaryny agzalýan gurluşyk materialy bilen örtmek işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar.
Şol bir wagtda, sebitde gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy, olaryň hyrydarlarynyň sanyny azaltmaýar.
"Häzir bazarlarda kime seretseň demir ýa çoýun turba, ýa-da steklowata satyn alyp durandygyny görse bolýar" diýip, habarçy belledi.
Aşa sowuk howanyň arasynda, soňky hepdelerde Türkmenistanyň dürli künjeginde ýaşaýjylar ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi we olaryň hatardan çykmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Olar muňa gaz üpjünçiliginiň peselmeginiň sebäp bolýandygyny aýdyp, häkimiýet edaralaryna birnäçe gezek ýüzlendiler.
Ýangyç-energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda gaz, elektrik üpjünçiliginiň hem ýiti ýaramazlaşmagy, ilata uly zarba boldy. Ýyladyş turbalary hatardan çykan ýaşaýjylar gaz we elektrik peçleri ulanmakda hem kynçylyk çekdiler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ilatyň aýazly howanyň arasynda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada hiç zat aýtman gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum