Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistana gaz eksportyny dikeltdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistan 21-nji ýanwardan başlap ýene Türkmenistandan gaz almaga başlady diýip, özbek mediasy habar berýär.

Emmä häzirlikçe gelýän gazyň derejesi sowuk howa başlanmazyndan öňküsinden pes diýip, habarda bellenýär. Türkmenistandan gelýän gaz 12-nji ýanwardan bes edildi.

“Gazeta.uz” neşiri bu maglumaty “Uztransgaz” kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp çap etdi.

Özbek mediasy ozal, howanyň aşa sowamagy bilen baglylykda dörän tehniki sebäpler esasynda, Türkmenistanyň 12-nji ýanwarda Özbegistana iberýän gazyny togtadandygyny habar beripdi.

“Uztransgazyň” maglumatyna görä, Türkmenistan başda 4,8 million kub metr möçberinde gaz ibermäge başlap, häzirki wagtda bu görkezijini 12,6 million kub metre ýetirdi.

Sowuk howa sebäpli kesmezinden öň, Türkmenistan Özbegistana günde 16 million kub metre çenli gaz iberýärdi.

XS
SM
MD
LG