Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bazar güni irden, telegramda ýerleşdiren ýazgysyndan gelip çykýan mana görä, Günbatar ýurtlaryna Russiýa tarapyndan ulanylmagy mümkin ýaraglar bilen "global betbagtçylyk" we "öldürilmek" haýbatyny atdy.
Bu haýbat Günbataryň Ukraina berýän ýarag üpjünçiligiň artmagy bilen baglanyşykly atyldy.
Wýaçeslaw Wolodin 22-nji ýanwarda öz Telegram hasabynda "Eger-de Waşington we NATO ýurtlary raýat şäherlerimize zarba urmak we sebitlerimizi basyp almak üçin ulanyljak ýaraglar bilen üpjün etse, ... bu has güýçli ýaraglaryň ulanylyp, ar alyş çäreleriniň görülmegine alyp geler" diýdi.
Russiýanyň 2014-nji we 2022-nji ýyllarda ukrain territoriýalaryny anneksiýa etmek üçin geçiren referendumlary giňden galp diýlip häsiýetlendirildi we BMG tarapyndan ykrar edilmedi, Ukraina Russiýanyň basyp alan ähli ýerlerini, şol sanda Krym ýarym adasyny hem yzyna almagy wada berdi.