Internet elýeterliligini berk çäklendirýän Türkmenistanda geçen hepdeden bäri ICQ messenjerini indirip bolmaýar. Bu barada habar berýän garaşsyz turkmen.news neşiri häkimiýetleriň muny VPN-açarlarynyň paýlaşylmagynyň öňüni almak maksady bilen edýän bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Messenjer 13-nji ýanwarda indirmek üçin elýetersiz boldy. Bu amal ediljek bolnanda tilsimiň bu region üçin elýetersizdigi barada duýduryş çykýar.
ICQ-niň tehniki kömek bölümi ulanyjylara munuň türkmen häkimiýetleriniň talaby esasynda amal edilýändigini aýdýar. Şol bir wagtda, mobil telefonlaryna ozaldan indirilen tilsim işlemegini dowam etdirýär.
Ýurtda beýleki messenjerleriň petiklenmegi sebäpli, häzirki wagta çenli indirmek üçin VPN arabaglanyşygyny talap etmedik, ICQ – 2022-nji ýyldan bäri barha köp meşhurlyga eýe bolup başlady.
Habarlaşmak bilen birlikde messenjerde dürli toparlary döretmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan. Turkmen.news neşiriniň we Azatlygyň habarçylarynyň tassyklaýyşy ýaly, käbir toparlarda VPN-i ulanmaga mümkinçilik berýän ýörite açarlar hem paýlaşylypdyr. Munuň hem häkimiýetleriň ICQ-ni elýrtersiz etmegine sebäp bolandygy çaklanylýar.
Bellesek, ICQ-niň elýetersiz bolmagyndan iki gün öň, Azatlyk bu messenjerde 250-300 manada dowamly täzelenýän VPN-açarlaryny paýlaşýan ençeme hünärmeniň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan saklanandygy barada habar beripdi.
Munuň bilen bir wagtda, messenjerde VPN-açarlaryny paýlaşýan türkmen toparlary hem köpçülikleýin petiklenýär.
Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden ýokarky ýagdaýlar boýunça kommentariýa almak başartmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum