Zahra ýedi çagasyny eklemek üçin, ýerli we daşary ýurt ýardam gulluklarynyň paýlaýan ösümlik ýagyna, tüwä we una bil baglaýardy.
35 ýaşly zenan erbetleşýän gumanitar we ykdysady krizisiň arasynda halas ediş ýardamlaryny kabul edip alýan millionlarça owganystanlynyň hataryndady.
Ýöne iri halkara gumanitar guramalar ýaňy-ýakynda Owganystandaky işlerini, şol sanda gyssagly ýagdaýlarda iýmit paýlamak, saglyk we bilim hyzmatlary ýaly işlerini bes edenden soňra, ýardama garaşly owganystanlylaryň aglabasy gün-güzeranyny özleri aýlamaly boldy.
Bu karar “Talybanyň” 24-nji dekabrda owgan aýallarynyň hökümete degişli bolmadyk ýerli we halkara guramalarda işlemegini gadagan etmeginden soňra kabul edildi. Hökümete degişli bolmadyk guramalar özlerinde işleýän müňlerçe aýalyň gowşak gatlaga ýardam bermekde möhüm bolandyklaryny aýdýarlar.
“Biz Hudaýdan soň bu ýardam toparlarynyň ýardamlaryna garaşlydyk” diýip, merkezi Owganystanyň Gor welaýatynda ýaşaýan Zahra Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Bizde eýýäm iýmäge nahar ýok” diýip, ol aýdýar.
Zahra eger hiç hili ýardam gelmese, aman galmak üçin özüniň we maşgalasynyň aşa çäreleri görmäge mejbur boljakdygyny aýdýar. “Biz beýleki çagalarymyzyň janyny halas etmek üçin, olaryň birini satmaly bolarys” diýip, Zahra aýdýar.
Birleşen Milletler Guramasy 28 milliondan gowrak owganystanlynyň, ýa-da ilatyň 70 göterimden gowragynyň gumanitar ýardama mätäçdigini çaklaýar. Alty milliondan gowrak adam “açlykdan diňe bir ädim uzakda” diýip, BMG aýdýar.
Hökümet ýardamy, ýa-da işleýän kadaly ykdysadyýet bolmansoň, gumanitar kömek owganlaryň aglabasy üçin halas ediji eklenç çeşmesi bolupdy.
“Talybanyň” 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýeti almagy ykdysady çöküşe getirdi we gumanitar krizisi has-da erbetleşdirdi. Günbatar donorlary dessine ýardamy kesdi we “Talyban” hökümeti halkara sanksiýalar bilen uruldy. Muňa garamazdan, donorlar tarapyndan maliýeleşdirilýän ýardam toparlary öz işlerini dowam etdirdi.
Açlyk gorkusy
Owganystanly barlagçy Orzala Aşraf Nemat “Talybanyň” aýallara hökümete degişli bolmadyk guramalarda işlemekligiň gadagan etmeginiň owgan halkyna “agyr täsir” ýetirjekdigini aýdýar.
Ol köp sanly azyk howpsuzlygy maksatnamalarynyň aýallar tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aýdýar. Sebäbi, diňe şolar jemgyýetiň iň ejiz gatlagyna – beýleki aýallara we çagalara çykyp, olara ýardam paýlap bilýärler.
BMG barlagyna görä, Owganystanda iş alyp barýan 151 ýerli we halkara hökümete degişli bolmadyk guramanyň diňe 15 göterimi zenan işgär bolmazdan öz işlerini doly ýerine ýetirip bilýärler. Köpler “Talybany” gadaganlygy ýatyrmaga çagyrýar.
Nemat owgan halkynyň daşary ýurt ýardamlaryna garaşlylygy nazarda tutulanda, jemgyýetiň bu gadaganlygy ýatyrmak üçin “Talybana” basyş etmeginiň mümkindigini aýdýar. “Adamlar bu mümkinçilikleriň diňe gumanitar ýardamlar berilse elýeterlidigini bilýärler” diýip, ol aýdýar.
5-nji ýanwarda günorta-gündogar Host welaýatynyň taýpa liderleri “Talybany” karary ýatyrmaga çagyrdy. “Talybanyň” saglyk ministri saglygy goraýyş pudagynyň zenan işgärlerini bu gadaganlykdan eýýäm boşatdy.
Baýry ynsanperwerlik işçisi Anders Fange “Talybanyň” ilkinji gezek häkimiýet başynda bolan döwründe, 1996-2001-nji ýyllar aralygynda, ýurtdaky möhüm ynsanperwer taslamalaryň biri bolan “Owganystan üçin şwed komiteti” guramasyny dolandyrdy.
Ol köp sanly gumanitar hereketler wagtlaýyn togtadylýan mahaly, “Talybanyň” aýallaryň hökümete degişli bolmadyk guramalarda işlemegine girizilen gadagançylygynyň uzaga çekmeginiň günbatarly donorlary Owganystany terk etmäge iterip biljekdigini aýdýar. “Talybana garşy girizilen sanksiýalar bilen birleşdirilende, bu, ynsanperwer işleriň bes edilmek töwekgelçiliginiň bardygyny aňladýar” diýip, ol aýtdy.
“Talyban” ýolbaşçylarynyň ençemesi BMG we Günbatar sanksiýalary astynda galýar, hiç bir ýurt olaryň hökümetini ykrar etmeýär. German hökümeti eýýäm Owganystana maliýe ýardamlaryny togtatmagy meýilleşdirýär we beýleki ýurtlaryň şeýle göreldä eýermeginden gorkulýar.
Bu köp sanly owgan üçin “kyýamat sahnasy” bolar.
“Ynsanperwer krizisiň gerimi we çuňlugy nazarda tutulanda, ýardam gulluklarynyň ýurdy doly terk etmegi agyr betbagtçylyk bolar” diýip, owganystanly barlagçy Nemat aýdýar.
Günorta Kandahar şäherinde ýaşaýan we ýardam işçisi bolan owgan aýaly Lima “Talyban” gadaganlygynyň yz ýany işini ýitirdi. 15 agzaly uly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi “Talybanyň” buýrugynyň aýallar tarapyndan dolandyrylýan maşgalalary açlyga iterendigini aýdýar.
“Talyban üçin ähli owgan aýallaryndan dynmagyň ýeke-täk ýoly olaryň hemmesini bir wagtda öldürmek” diýip, ar alynmak gorkusy sebäpli özüniň hakyky adyny aýtmakdan saklanan Lima aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum