Russiýa we Eýran 2022-nji ýyldaky hereketleri zerarly, barha köp halkara sanksiýalaryna duçar boldy. Olar söwda gatnaşyklaryny saklap galmak üçin, mundan beýläk, nirelere ýüz tutup bilerler? Jogap: Birek-biregine we has kiçi üzňe döwletlere. Ýöne bilermenler sanksiýa girizilen ýurtlardan ybarat bolan şeýle bölek-büçek toparçanyň kuwwatyna, ýa-da olaryň Günbatar bilen söwda pudagynda täsirli bäsleşmek ukybyna şübhe bildirýärler.
Russiýanyň we Eýranyň barha çäklendiriji halkara ykdysady sanksiýalaryna duçar bolmagy bilen, bu iki ýurt jeza çärelerinden sowlup bilýän söwda gatnaşyklaryny ösdürmek tagallalarynyň çäklerinde, birek-birege we birmeňzeş sanksiýalar astynda galýan döwletlere ýüz tutdular.
Russiýa we Eýran halkara bank ulgamlaryndan, eksport bazarlaryndan hem-de daşary ýurt çeşmelerinden we tehnologiýalaryndan ymykly kesilensoň, özara söwda gatnaşyklaryny güýçlendirdiler. Şol bir wagtda, bu iki ýurt ynsan hukuklarynyň depelenmegi we beýleki kemsitmeler zerarly Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan sanksiýa girizilen Demirgazyk Koreýa we Belarus ýaly üzňe döwletler bilen, Wenesuella we Birma ýaly ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýdular.
Ýöne şeýle döwletler Günbatara garşy göreşmek ýaly umumy tagallanyň çäklerinde birek-birek bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirýän-de bolsalar, köpden bäri dowam edýän bäsdeşlikler, logistik kynçylyklar we önümleriň birmeňzeşligi sanksiýa astyndaky islendik birleşigiň täsirini ymykly çäklendirýär diýip, bilermenler aýdýar.
“Olar geografiki taýdan dagynyk ýerleşýär. Olaryň birek-birekden alara we satara zatlary ýok. We olar biri-birlerini halamaýarlar” diýip, ABŞ-nyň Gazna departamentiniň öňki resmisi, häzir “Castellum.AI” geňeşdarlyk firmasynyň baş müdiri bolan Peter Piatetskiý aýtdy. “Içinde bolarlyk toparça däl, gaty erbet” diýip, ol aýtdy.
Sanskiýa üstüne sanksiýa
Russiýa we Eýran bu ýyla dünýäde iň köp sanksiýa girizilen iki ýurt hökmünde gadam basdy. Geçip barýan ýylda halkara ýazgaryşlara getiren hereketleri zerarly olary jogapkärçilige çekmek üçin edilen synanyşyklar bu iki ýurduň problemalaryny diňe erbetleşdirmek bilen boldy.
Russiýanyň fewralda Ukraina giň gerimli çozuşy ýurduň düşewüntli energetika pudagyny nyşana alýan bir topar täze sanksiýalara ýol açdy. Köp sanly rus banklary dünýäniň iň iri maliýe geçirme ulgamy bolan SWIFT ulgamyndan çykaryldy, bu bolsa, Moskwanyň söwda amallaryny ýerine ýetirmek mümkinçiliklerini ymykly çäklendirdi.
Beýleki bir esasy energiýa eksportçysy bolan Eýran özüniň jedelli ýadro maksatnamasy bilen bagly dünýä güýçleri bilen arada ýatyrylan ýadro şertnamasyny gaýtadan dikeltmek maksady bilen geçirilýän gepleşiklerde, häzirki bar bolan sanksiýalaryň aradan aýrylmagyny umyt etdi. Muňa derek, Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Eýranyň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna berýän goldawy sebäpli, hem-de onuň ýurtda oturymly häkimiýete garşy geçirilýän protestlerdäki basyp ýatyrmalary zerarly, Tährana garşy täze sanksiýalary girizdi.
Tähran we Moskwa Ukrainada uruş başlamazdan ozal hem sanksiýalardan sowlup geçmek tagallalarynyň çäklerinde söwda şertnamalaryny baglaşmagyň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutýardy.
Iki ýurduň resmileri ýanwarda Moskwada duşuşyp, ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda önümçilik we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýan mahaly, “Eýranyň we Russiýanyň ikisi-de sanksiýalar bilen nyşana alyndy we olar bu pursatdan peýdalanyp bilerler” diýip, Eýranyň nebit ministri twit ýazdy.
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi noýabrda rus wekiliýetini Tähranda kabul edip, Moskwa bilen gatnaşyklary “strategiki” derejä çykarmagy wada berdi. Ol munuň “Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň sanksiýalar we durnuksyzlaşdyrma syýasatlaryna iň aýgytly jogap boljakdygyny” aýdy.
Halkadaky beýlekiler
Günbatara garşy gitmäge isleg bildirýän beýleki ýurtlar hem Moskwanyň we Tähranyň ünsüni özlerine çekdi.
Russiýanyň uruş tagallalaryna berýän goldawy zerarly hem-de 2020-2021-nji ýyllarda hökümete garşy geçirilen protestleri basyp ýatyrmagy sebäpli sanksiýa astyna düşen Belarus şu ýyl Moskwa we Tähran bilen söwda gatnaşyklaryny ösdüren täze şertnamalary baglaşmak mümkinçiligine eýe boldy.
2014-nji ýyldaky protestleriň yz ýany ABŞ we ÝB sanksiýalaryna sezewar bolan Wenesuella şu ýyl Tähran bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
ABŞ hökümetiniň öňki aňtaw resmisi we häzirki wagtda “TD International” töwekgelçilik aňtaw kärhanasynyň ýolbaşçy düzüminiň agzasy bolan Benjamin Tsainiň pikiriçe, Belarus we Wenesuella bilen bir hatarda Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Mýanma (Birma), “Russiýa ýa-da Eýran bilen söwdada rol oýnaýar”
Ol ýazmaça beren teswirinde Hytaýyň “Russiýanyň we Eýranyň energiýa importlaryndan peýda görýändigini” ýöne “sanksiýalary bozman, Russiýa bilen Eýrana diplomatiki we ideologiki taýdan goldaw berip, näzik deňagramlylyk oýnuny oýnaýandygyny” aýtdy. “Sebäbi, Hytaý Günbatardan kesilmegiň hötdesinden gelip bilmez” diýip, Tsai aýtdy.
Geň ýeri, Russiýanyň Hytaýa eksportyny ýokarlandyrmak üçin bahalary arzanlatmagyna Eýranyň nebit satmak ugrundaky tagallalaryna zyýan ýetirilmegi hökmünde garaldy.
Hytaý we Russiýa sentýabrda ujypsyz zat bilen Eýranyň göwnüni awlady. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başyny çekýän bu iki ýurt Eýranyň gurama resmi taýdan hemişelik agza bolmagy babatda ylalaşdy, bu bolsa söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýol açýar.
Elektron söwda we dollarsyzlaşma
Halkara ibermeler we maliýe hyzmatlary babatynda päsgelçiliklere duçar bolýan sanksiýa astyndaky döwletler özara söwdada dürli usullardan peýdalanýarlar.
“Olar ABŞ dollary bilen denominirlenmedik söwda ýa-da barter bilen meşgullanýarlar” diýip, Tsai ýazýar. “Meselem, Günbatar sanksiýalary Russiýanyň Hytaý bilen ikitaraplaýyn söwdada barha köp hytaý ýuanyny ulanmagyna getirdi. Rus edara-kärhanalary hem kriptowalýutalary ulanmak arkaly sanksiýalardan sowulmaga synanyşyk etdi”
Russiýa bilen Eýran köpden bäri dollar merkezli söwdanyň öňüne geçmek üçin alternatiw walýutalary döretmek baradaky pikirleri öňe sürüp gelýärler.
Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirip, hem-de gündogar Ukrainada russiýaçy separatistleri goldap, sanksiýa astyna düşeli bäri, SWIFT ulgamyna derek, öz bank ulgamyndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmek babatda synanyşyk edip gelýär.
Şu ýyl Russiýa bu ugurda Eýrany höwesli hyzmatdaş tapdy. Eýran import ylalaşyklaryny aýdylmaýan bir kriptowalýutada baglaşandygyny öňe sürdi.
Iki döwlet dollarsyzlaşma synanyşyklarynyň çäklerinde milli walýutada söwda etmek babatda hem-de özleriniň işläp düzen bank töleg ulgamlaryny – degişlilikde Mir we Şetab töleg ulgamlaryny – biri-birlerine uýgunlaşdyrmak boýunça tagalla etdiler.
Eýranyň we Russiýanyň sanksiýa astyndaky döwletler bilen göni söwda gatnaşyklary şowsuz bolan halatlarynda, olar harby enjam, tilsimat ýa-da tejribe alyşdy.
Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýany Ukrainada barýan uruş zerarly ýarag ätiýaçlyklary azalýan Russiýany ok-däri bilen üpjün etmekde aýyplady. Eýran, bu aralykda, Russiýany Ukrainadaky söweş meýdanynda ulanylýan söweşjeň we “kamikadze” dronlary bilen üpjün etdi. Britaniýa bolsa, Russiýany “ösen harby komponentler” bilen Eýrana tölegini yzyna gaýtarmakda aýyplady.
Şeýle sowlup geçmeler bir tarapa, Piatetski Eýran, Russiýa we beýleki sanksiýa astyndaky döwletler öz aralarynda şu wagta çenli onsuzam eksport edýän harytlaryndan başga söwdalaşar ýaly çig mallarynyň ýokdugyny aýdýar.
“Ol ýerde esasan şol problema bar, hawa, siz birek-birek bilen biznes edip bilersiňiz. Ýöne sizde hakykatda beýlekiniň isleýän zady ýok” diýip, Piatetski aýtdy.
Russiýa, Eýran we Belarus, bularyň ählisi energiýa öndürijileri bolup durýar. Russiýanyň Hytaý we Hindistan arada söwdany artdyrmagy bilen Eýranyň eksportlary haýallady. Russiýa-da, Belarus-da öňdebaryjy dökün eksportçylarydyr, Belarusyň bazarlardaky möhüm eksport harydy kaliý dökünleri bolup durýar. Russiýanyň içerki awtomobil senagatyndaky kynçylyklary Eýranyň ulaglary we ätiýaç şaýlaryny eksport etmek tagallalaryna gapy açdy, ýöne Eýranda öndürilýän awtoulaglaryň howpsuzlygy bilen bagly aladalar bu ugurdaky islendik ylalaşygyň üstünligine kölege salýar.
Edil şeýle, Tähran sanksiýalardan sowulmak tagallalarynyň çäklerinde awgust aýynda Russiýany uçarlaryň ätiýaç şaýlary bilen üpjün etmek babatda ylalaşypdyr, we Moskwa bolsa, geçen ýyl rus uçarlarynyň Eýrana eksport edilmegi babatda Tähran bilen düşünişmek ylalaşygyny gazandy, ýöne bu ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri sorag astynda.
“Russiýada adamlar eýran awotulaglaryny sürmek islemeýär, we Eýranda adamlar rus uçarlarynda uçmak islemeýär” diýip, Piatetski aýtdy.
Dowamy bar
Muňa garamazdan, Russiýada-da, Eýranda-da resmiler, öz aýtmaklaryna görä, Günbataryň özlerini ykdysady taýdan üzňeleşdirmek tagallalaryna garşy göreşmekde, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen täze söwda mümkinçiliklerine isleg bildirmegi dowam etdirýärler.
Rus prezidenti Wladimir Putin 15-nji dekabrda öz ýurdunyň Aziýadaky, Latyn Amerikasyndaky we Afrikadaky hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
“Biz asla öz-özüňi üzňeleşdirmek ýoly bilen gitmeris” diýip, Putin aýtdy. “Gaýtam, biz gyzyklanma bildirýän hemmeler bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris we giňelderis”
Ýöne, barybir, sanksiýa girizilen döwletleriň arasyndaky geleşikleriň köpüsi kiçi göwrümli bolup, ekspertler Russiýanyň we Eýranyň hem-de olaryň bölek-büçek söwda hyzmatdaşlarynyň özlerine garşy jeza çäreleri diýýänlerine garşy täsirli göreşmek mümkinçilikleriniň çäklidigini aýdýarlar.
“Sanksiýalardan sowulmak çäreleri... režimiň aman galmagyny üpjün edip biler, ýöne ykdysady ösüş getirmez” diýip, Tsai aýdýar. “Bu sanksiýa astyndaky döwletler ‘birleşiginiň’ Günbatar bilen ykdysady bäsdeşligi akyla sygmajak zat”
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum