Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda dümew pisint keselliler köpelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynda güýçli üsgülewük alamatlary bolan dümew pisint keselçiligiň köpelýändigini habar berýärler. Bu aralykda, Google Trend ulgamynyň analitikalaryna görä, Türkmenistanda “üsgülewük” we “üsgülewük dermanlary” barada Google gözlegleri ýokarlanýar.

Ýerli habarçylarymyz Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly we ýokanç keselleri hassahanalarynyň çagalardan we uly ýaşly näsaglardan dolandygyny habar berýärler. Kesel alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutýan raýatlaryň arasynda esasan köpçülik bilen işleýän işgärler, şol sanda mugallymlar, bazar işgärleri, galyberse-de mekdep okuwçylary agdyklyk edýär.

Balkanda ýüze çykýan keselçilik soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerinde dümew we ýiti respirator keseliniň köpelýän wagtyna gabat gelýär.

“Adamlar köpçülik ýerlerinde, şol sanda uly bazarlarda agyz-burun örtüklerini dakynsalar grip keseliniň ýaýramagynyň öňüni alyp bilerdik” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Şemşat Hudaýgulyýewa diýlip tutulýan balkanly lukman aýdýar.

Lukmanlar günbatar sebitde ýaýraýan keseliň wirus keseli bolandygyny aýdýarlar. Olar bu keseliň dümewe garşy sanjym alan raýatlarda hem agyr geçýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde, şeýle-de, Bereket we Gyzylarbat etraplarynda dermanhanalaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelýändigini habar berýärler.

Biraz öň, habarçylarymyz dekabryň başlarynda ýurduň Mary we Lebap sebitlerinde dümew-grip alamatlary bilen keselleýän adamlaryň köpelýändigini habar berdiler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurduň dürli sebitlerinden ýaýraýan keselçilik barada beýanat bermeýär.

Dümew keseli köplenç ýylyň sowuk aýlarynda ýüze çykyp, çagalarda we gartaşan adamlarda köp duş gelýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň çäginde Google gözleg motory arkaly “üsgülewük” we “üsgülewük dermanlary” sözlerini gözleýänler köpelýär.

Şeýle-de, Google Trend analitika ulgamynyň sanlaryna görä, Türkmenistanyň çäginde soňky bir ýylyň dowamynda “üsgülewük” barada rus dilinde maglumat gözleýänleriň sany 20-26-njy noýabr aralygynda ýylyň iň ýokary derejesine ýetipdir. Google Trendiň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň iň köp Balkan welaýatynda “üsgülewük” barada rus dilinde maglumat gözlenýär.

Soňky üç aýyň dowamynda, Türkmenistanda iň köp noýabryň ortalarynda “üsgülewük dermanlary” barada Internetden maglumat gözlenipdir.

Google Trend dünýäde we aýry-aýry ýurtlarda Internet ulanyjylarynyň Google gözleg motory arkaly gözleýän maglumatlarynyň hasabatyny ýöredýär.

Tükrmenbaşyda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli lukmanlar soňky wagtlarda giň ýaýraýan dümew pisint ýokanç keselleriň wirus keseli bolandygyny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar sebitde güýz aýlarynda hem adamlaryň arasynda üsgülewük alamatlary bolan keselçiligiň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary oktýabryň ahyrlarynda Türkmenbaşyda koronawirus alamatlary bilen keselleýän raýatlaryň köpelendigini habar berdiler.

Türkmenistanyň saglyk resmileri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň dürli sebitlerinde emele gelýän köpçülikleýin keselçilik barada maglumat bermeýärler.

Bu aralykda, dekabr aýynyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde dümew we ýiti respirator keseliniň ýokuşmalarynyň ýaýramagy ýurduň dürli sebitlerinde howanyň temperaturasynyň birden aşaklan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG