Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derman senagatynda iş alyp barýan hususy we döwlet kärhanalarynyň arasynda 'bäsdeşlik gyzyşýar'


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň derman senagaty pudagynda iş alyp barýan hususy kärhanalar bilen döwlet eýeçiligindäki derman üpjünçileriniň arasynda bäsdeşlik gyzyşýar. Bu ýagdaýyň fonunda, derman üpjünçileriniň höweslendirme häsiýetli utuş oýunlaryny gurnaýandyklary habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda şaýat bolan wakalaryna salgylanyp, utuş oýunlarynyň lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň arasynda meşhurlyk gazanýandygyny aýdýarlar.

Oýnuň şertine görä, lukmançylyk işgärleri derman gutularynyň içinden çykýan maslahat beriş kagyzlaryny toplamaly. Toplanan kagyzlar belli-belli lukmanlar tarapyndan hususy eýeçilikdäki derman senagaty kompaniýasyna tabşyrylýar. 50 töweregi maslahat beriş kagyzyny toplan lukmançylyk işgäri ütük, tozan sorujy ýaly elektron enjamlary bilen sylaglanmak mümkinçiligine eýe bolýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmesi şeýle utuş oýunlarynyň ýaşyryn alnyp barylýandygyny habar berýär. Lukmançylyk işgärleri esasan hususy kompaniýalaryň gizlinlik şertlerinde gurnaýan bäsleşigini “Bonus” atlandyrýarlar.

"[Bonus yglan edýän firmalaryň oýny] örän gizlin. Diňe tanalýan we barlanan lukmanlar ‘Bonus’ bäsleşigine gatnaşyp bilýärler” diýip, oýunlardan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Oýunlary gurnaýjylar iri hassahanalarda diňe teklipnamalar esasynda, belli-belli lukmanlar bilen aragatnaşyga geçýärler. Lukmanlar utuş oýunlary baradaky maglumatlary ynamdar şepagat uýalary bilen paýlaşýar. Şeýlelikde, şepagat uýalary derman gutularyndan çykýan maslahat beriş kagyzlaryny toplap, lukmanlara eltip berýär. Lukmanlar bolsa, bu kagyzlary oýun gurnaýjylara tabşyrýar. Iň köp kagyz toplan oýunçylar, aýdylşy ýaly, ýeňil hojalyk tehnikalary bilen sylaglanýar.

“Kesekileriň kagyzlary kabul edilmeýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Syrly oýun, görnüşinden, müşderi çekmäge, lukmançylyk pudagynyň işgärleriniň, şepagat uýalarynyň belli-belli derman kärhanalarynyň önümlerinden peýdalanmagyny gazanmaga gönükdirilen ýaly bolup görünýär.

Utuş oýunlaryndan habarly çeşme şeýle oýunlaryň “bikanun” hasaplanylýandygyny aýdýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyna aralaşýan utuş oýunlary näsaglarda birnäçe soraglary döredýär.

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda bejergi alan bir näsag Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şepagat uýalarynyň derman gutularynyň içindäki maslahat beriş kagyzlaryny toplaýandyklaryna şaýat bolandygyny gürrüň beripdir.

“Şepagat uýalary bu kagyzlary lukmanlara eltip berýärler. Lukmanlar olary derman getirýän kärhanalara tabşyrýar” diýip, hassahanadan çykan näsag aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda hususy pudagyň işjeňleşmegi bilen utuş we bije oýunlary ýaly müşderi çekmek tilsimleri, hususan-da, hususyýetçileriň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady.

Bije oýunlary ilat arasynda hem gyzyklanma döredýär. Sosial ulgamlarda dürli pudaklarda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň yglan edýän utuş oýunlaryna ýygy-ýygydan duş gelmek mümkin. Köp sanly hususy kärhanalar özleriniň geçirýän bijeli bäsleşikleriniň mahabat işlerinde türkmen sahnasynyň tanalan wekilleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň başlarynda Mary welaýatynyň “Belent” söwda merkezinde jorap söwdasyna müşderi çekmek maksady bilen, yglan edilen lotereýa oýny barada habar berdi.

Bije oýny soňy bilen alyjylaryň nägileligi bilen utgaşdy. Wada berlen baýraklaryň bijelerden çykmandygyny aýdan köpçülik “Belent” söwda merkezinde basa-baslyga sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG