Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident oba hojalyk işleriniň maslahatyny etdi, pagta hasylyny agzamady


Ýok hasylyň uly toýlaryny tutmak däbi sowet döwründen bäri ýörgünli boldy.
Ýok hasylyň uly toýlaryny tutmak däbi sowet döwründen bäri ýörgünli boldy.

Türkmenistanyň prezidenti Ministrler kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH 19-njy dekabrda habar berdi. Emma Serdar Berdimuhamedow, öňki prezidentlerden tapawutlylykda, meýdanlardan soňky übtügine çenli ýygnalan 'bol' pagta hasyly barada, näme üçindir, dymmagy makul tapdy.

Onlaýn görnüşinde geçirilen maslahatda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy, ýöne pagta hasyly barada döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilip-ýetirilmändigi barada hiç zat aýdylmady.

Mundan öňki ýyllarda, sowet döwründen gelýän adat esasynda, ýokary pagta hasylynyň ýygnalandygy aýdylýardy.

Azatlygyň habarçylary pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmetiň bu ýyl dekabryň ortalaryna çenli dowam etdirilendigini habar berdiler.

Türkmenistanda pagtaçylyk sowet ýyllaryndan bäri mejbury zähmetiň iň giň ulanylýan pudagy hökmünde bilinýär we ýurtdaky azyk gytçylygynyň sebäpleriniň biri hasaplanýar.

Emma muňa garamazdan, sowetler döwründe strategiki ekin bolan gowaça ekerançylygy, Garagum kanalynyň gurulmagy we suw serişdeleriniň uly möçberlerde bisarpa ulanylmagy bilen, ýerleriň uly möçberlerde şorladylmagyna, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagyna we azyklyk ekinleriň, şol sanda ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygynyň yzygiderli peselmegine, miweli agaçlaryň köpçülikleýin ýitirilmegine alyp geldi.

Bu ýagdaýlar bölekleýin boýun alnyp, ýurduň öňki prezidentleri tarapyndan birnäçe gezek täze syýasat, özgertmeler diýilýänler yglan edildi, emma daýhanlara erkinlik berilmedi.

Oba ilatynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegine getiren netijesiz oba hojalyk syýasaty içerki migrasiýanyň, daşary ýurtlardan iş gözlemegiň güýçlenmerine, on müňlerçe adamyň daşary ýurtlara gitmegine sebäp boldy. Emma häkimiýetler bu ýagdaýy açyk tassyklamaýar.

Türkmenistanyň häzirki prezidenti, öňki prezidentlerden tapawutlylykda, suw meselelerini bölekleýin boýun alandygyna garamazdan, oba hojalygyndaky agyr meseleleri çözmek üçin, häzire çenli hiç bir özgertme meselesini gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG