Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada dynç alan müňlerçe adam öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýär


"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan adamlar. Arhiw suraty
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan adamlar. Arhiw suraty

Şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen, sebitiň transport üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleri has-da ýitileşdi. Ýurduň dürli sebitlerinden Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga gelen müňlerçe syýahatçy, uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň çäklidigi sebäpli, öz welaýatlaryna aşyp bilmän kösenýär. Bu ýagdaý ucar biletleriniň satuwy bilen bagly para-berimiň "gülläp ösmegine" hem getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

"30-njy awgustda dynç alyşlary tamamlanan müňlerçe raýat welaýatlaryna aşyp bilmän kösenýär. Olaryň aglabasy 1-nji sentýabrda işe başlamaly býujet işgärleri bolup, biziň aramyzda Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan gelen mekdep mugallymlary we orta hünär mekdepleriniň mugallymlary bar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply mugallyma aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan syýahatçylaryň ençemesi otly we awtobus biletleriniň düýbünden tapdyrmaýandygyny, ýöne para beren raýatlaryň uçara bilet satyn alyp bilýändigini aýdýar.

"Uçar bilediniň döwlet bahasy 150 manat. Ýöne bu bahadan bilet satyn alyp bolmaýar. 1500 manat para berseň, islän wagtyň uçup bolýar. Bilet üçin para bermseň, uçar boş bolsa-da, kassadaky işgärler 'bilet ýok' diýip, müşderileriň ýüzüni alyp goýberýärler. Bu ýagdaý barada kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda MHM-niň işgärleri hem bilýärler. Ýöne olar bu bolýan zatlara göz ýumýarlar" diýip, Daşoguza dolanmaga çalyşýan başga bir syýahatçy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Balkan-Lebap we Lebap-Balkan aralygynda hepdede bir uçar gatnawy bar. Ýöne bu gatnaw dynç alyş möwsüminiň tamamlanan wagtynda, galyberse-de, adaty günlerde-de ilatyň talabyny ödäp bilmeýär.

"Bizi 'döwlet ýollanmasy' bilen 10 günlük Awaza dynç almaga mejbury iberdiler. Ýollanma, kowid test we beýleki resminamalar üçin 1600 manat töledik. Myhmanhana diňe ertirlik naharyny berdi. Günortanlyk we agşamlyk naharlary üçin ýene-de her gün 170 manat, jemi 1700 manat töledik. Meniň alýan aýlygym 1800 manat. Hökümet bizi mejbury dynç alşa iberip, şunça manat çykdajy etdirdiler. Ýöne bizi kadaly transport bilen üpjün edip, welaýatlarymyza iberip bilmeýär" diýip, lebaply mugallyma aýtdy.

Onuň sözlerine görä, öýlerine gaýdyp bilmeýän syýahatçylar Awazada galýan her bir güni üçin ýene goşmaça jaý we azyk çykdajysyny etmeli bolýarlar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat häkimliginden we onuň transport serişdelerine gözegçilik edýän bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awazada iýul we awgust aýlarynda adaty raýatlar bilen bir hatarda, aglaba döwlet emeldarlary we býujet işgärleri dynç alýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda geçiren hökümet mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini aýtdy. Şonda olaryň, adatça bolşy ýaly, zähmet rugsadynda Awazada, "Arçmanda", "Ýyly suwda" ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alýandygy aýdyldy.

Sebitde transport üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler tomus paslynyň birinji aýyndan, syýahatçylyk möwsüminiň başyndan bäri dowam edýär.

Iýul aýynyň başynda Awazada dynç alyp, öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi uçar we otly gatnawlaryna bilet tapyp bilmedi. Şonda uçar we otly biletleriniň gytçylygy hususy taksileriň bahasyny "keýgiň şahyna çykardy". Türkmenbaşy-Aşgabat aralygy üçin taksi nyrhlarynyň bahasy 800 manatdan 1500 manada gymmatlady.

2007-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada karar kabul etdi. Şondan soňky ýyllarda sebitde myhmanhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri Awazada türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar syýahatçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan transport kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG